- Ilki bilen puly iberiji bilen puly alyjynyň özara baglanyşygy (garyndaşlyk ýa-da başga ýagdaý) anyklaşdyrylýar; - Puly iberijiniň hem-de puly alyjynyň ikisiniň hem puluň gelen senesine çenli milli pula daşary ýurt puluny satyn alany ýa-da almandygy anyklaşdyrylýär; - Eger-de puly iberijiniň ýa-da puly alyjynyň haýsy hem bolsa ikisiniň biri öň milli pula daşary ýurt puluny satyn alany ýüze çykarylsa, onda gelen pul alyja milli pulda tölenilýär; - Eger-de puly iberijiniň we puly alyjynyň ikisi hem öň milli pula daşary ýurt puluny satyn alany ýüze çykarylmadyk ýagdaýynda gelen pul alyja daşary ýurt pulunda tölenilýär, şunda puly iberijiniň Türkmenistanyň raýaty bolan halatynda, onuň daşary ýurtdaky girdeji çeşmeleri baradaky maglumatlary anyklaşdyrylmaly (tassyklaýjy resminamalar talap edilýär).

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir