Sokratyň “üç elegi” (Rovayat) – Bilýäňmi, dostuň maňa sen hakda nämeler diýdi? – Dur, aýtjak bolýan zadyňy ilki “üç elekden” geçir – diýip, Sokrat ony saklapdyr. – Üç elek?! – Nämedir bir zady aýtmankaň ony üç elekden geçirip görmek gerek. Ilki bilen hakykat eleginden geçir. Munuň hakykatdygyna ynamyň barmy? – Ýok, ýöne eşiden zadym. – Diýmek, sen munuň çynlygyny-ýalanlygyny bileňok. Onda ikinji elekden – ýagşylyk eleginden geçireli. Sen dostum hakda ýagşy zat aýtmakçy bolýaňmy? – Ýok, tersine... – Diýmek, sen hakykatlygyna ynamyň bolmasa-da, ol hakda erbet zat aýtmakçy bolýarsyň. Üçünji elegi – peýdalylyk elegini göreli. Aýtjak bolýan zadyňy eşitmegim hökmanmy, maňa peýdasy degjekmi? – Ýok, onuň saňa zerurlygy ýok. Sokrat sözüni jemläp, şeýle diýipdir: – Şeýlelikde, seniň aýtjak zadyňda ne hakykat, ne ýagşylyk, ne-de peýda bar. Onda ony aýtmak nämä gerek?

Köneler, Mesmelejigim tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir