Türkmenistan döwletimizde häzirki döwrüň ruhuna kybap gelýän döwrebap şäherçeleriň we obalaryň döredilmegi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň mahsus ýörelgeleriniň birine öwrüldi. Türkmenistanyň Konstitusyýasynyň we Magtymguly Pragynyň gününiň öňüsyrasynda, 17-nji maýda Prezidentimiziň gatnaşmagynda Aşgabat şäheriniň Ruhabat etrabyndaky “Täze zaman” ýaşaýyş jaý toplumunyň täze tapgyrynyň açylyş dabarasy hem toý dabaralary bilen utgaşdy. Mälim bolşy ýaly, “Täze zaman” ýaşaýyş toplumunyň 1-nji tapgyrynyň açylyş dabarasy Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen 2014-nji ýylyň oktýabr aýynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 23 ýyllyk toýunyň öňýanynda açyldy. Bary-ýogy iki ýylyň içinde bu ýerde durmuş we beýleki maksatly desgalar toplumy ulanmaga berildi. Bu mekan milli Liderimiziň “Döwlet adam üçindir” diýen baş ýörelgesiniň iş ýüzünde üstünlikli durmuşa geçirilýändigini alamatlandyrýan ajaýyp nyşandyr. Giň möçberli özgertmeler ýurdumyzyň beýleki künjeklerinde hem amala aşyrylýar. Biz bu gün durmuşyň ähli ugurlarynda ýurdumyzyň täze döwrüniň gülläp ösýändigine şaýat bolýarys. Ähli sebitleri gurşap alan oňyn özgertmeler syýasaty halkymyzyň bagtyýar durmuşuny üpjün etmäge gönükdirilendir. Bu günki günde Türkmenistanlylar bagtyýarlygyň, berkararlygyň, döwletliligiň, bereketliligiň gujagynda, mukaddes Garaşsyzlygyň saýasynda täze zamanda ýaşaýarlar, döredýärler gurýarlar. Gahrynam Arkadagymyzyň tagallasy bilen, täze gurlan ilatly ýerlerde ýaş nesliň ösüp-örňemegi, bilim we dynç almagy, döredijilikli zähmet çekmegi üçin ähli şertleriň döredilýändigini aýratyn bellemelidir. Bu bolsa döwrebap, şäher görnüşli obalaryň geljekki ösüşiniň dowamat-dowam bolmagyny şertlendirýän ajaýyp görkezijilerdir.

Köneler, TDUmaksat tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir