Bäsleşigiň birinji güni Gyrgyzystandan we Gazagystandan gelen toparlaryň her haýsysy üç medala mynasyp boldy Rio 2016 Olimpiýa oýunlarynda türkmen baýdagyny buýsanç bilen göteren, 22 ýaşly Merdan Ataýew çarşenbe güni Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda geçirilýän gysga aralyga ýüzmek boýunça Merkezi Aziýa ýaryşynda öz ýurdy üçin birinji altyn medaly gazanyp, ildeşlerini begendirdi. Özüneçekiji ýüzüji suwda 100 metr aralyga arkan ýüzmekde pellehana ilkinji gelip, täze milli rekordy 54.89 sekund goýmagy başardy. Bu barada ol şeýle diýýär: “Men öňki iň ýokary netijäni täzelemek üçin köp tagalla etdim. Öz ýurdum üçin ilkinji altyn medaly gazanandygym meniň üçin aýratyn buýsançly wakadyr. Men Rio Olimpiýa oýunlarynda türkmen tuguny götermäge döredilen mümkinçilik üçin minnetdarlygymy bildirmek maksady bilen, şu altyn medaly gazandym. Men geljekde mundan hem beýik üstünlik gazanjakdygyma ynanýaryn. Hormatly Prezidentimiz biz ýaş türgenler üçin ajaýyp mümkinçilikleri döretdi. Şular ýaly arenada türgenleşmek we ýeňiş gazanmak diňe üstünlüklere getirer. Meniň öňümde goýan indiki maksadym Baku şäherinde geçiriljek Yslam Raýdaşlyk oýunlarynda we elbetde, Budapeştde geçiriljek Dünýa çempionatynda ýeňiş gazanmakdyr”. Ataýew ýaryşyň ikinji güni suwda 50 metr aralyga arkan ýüzmek görnüşine gatnaşyp, ýene bir gezek öz ussatlygyny görkezer. Şeýle hem ol 4х50 metr garyşyk estafetada birinji çykyş edip, türkmen toparyna pellehana ikinji bolup gelmäge ýardam berdi. Bu bäsleşikde türkmen toparynyň netijesi 1 minut 45.60 sekunddyr. Altyn medalyň eýesi, Eýrandan gelen toparyň netijesi bolsa 1 minut 44.06 sekund boldy. Türkmenistanyň ýene bir olimpiýadaçysy Darýa Semýonowa suwda 50 metr aralygy brass görnüşinde ýüzüp geçmekde 34.63 sekund wagty görkezen we birinji ýeri eýelän Gyrgyzystandan gelen Kristina Panasenkodan sähelçe tapawut 0.26 sekund bilen yza galyp, ikinji orna mynasyp boldy. Panasenkonyň medaly öz ýurdy üçin ikinji altyn medal boldy. Gazagystanly Stanislaw Karnauhow öz ýurdy üçin şu ýaryşda ilkinji altyn medaly gazandy. Ol erkin görnüşde 100 metr aralygy 50.34 sekundda ýüzüp geçmegi başardy. Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesiniň suw sport toplumyny dolduran janköýerleriň şowhunly goldawynyň täsirinden galkynan Semýonowa şeýle diýýär: “Ähli tomaşaçylaryň bizi şeýle şowhun bilen goldamagy maňa elimden gelenini edip, çykyş etmäge badalga berdi. Men olara begenmäge ýene-de bir pursat döredendigime örän şat”. Sportuň bu parlak ýyldyzy maý aýynda 15 ýaşyny doldurar. Bäsleşigiň birinji güni iň uly üstünlik gazanan türgen, Gazagystandan gelen Diana Zlobinadyr. Ol hem 100 metr aralyga erkin görnüşde ýüzmekde (57.85), hem 100 metr aralygy arkan ýüzmekde (1:07.16) öňdeligi eýeledi. Ol “Men uly täsiriň astynda” diýip, öz duýgularyny beýan etdi. “Meniň öňde goýan maksadym iki görnüşde hem altyn medal almakdy, emma öz-özüme doly ynamym ýokdy. Desgalar haýran galdyrýar we janköýerleriň goldawy türgenleri ruhlandyrýar”. Gyrgyzystandan we Gazagystandan gelen toparlaryň her haýsysy üç sany altyn medalyň eýeleri boldular. Türkmen türgenleri bolsa jemi 5 sany medala mynasyp boldular: bir altyn, üç kümüş we bir bürünç.

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir