6-njy aprelde Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna gatnaşýan döwletleriň Milli Olimpiýa komitetleriniň wekiliýetleriniň ýolbaşçylarynyň maslahaty geçirildi. Maslahatda bu iri yklym oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky Ýerine ýetiriji komitetiň başlygy çykyş edip, ýygnananlary gün tertibinde bellenen ugurlar boýunça geçirilen işler bilen tanyşdyrdy. Şol ugurlaryň biri meýletinçileriň işi bilen baglanyşyklydyr. Islendik iri ýaryşlaryň şowly geçmeginde meýletinçilere uly orun degişlidir. Soňra “Trivandi Chanzo Limited” britan kompaniýasynyň baş direktory Mik Raýt Aziadany taýýarlamak işine gatnaşmaga döreden mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Şeýle hem, ol “Aziada – 2017” taslamasynda kompaniýanyň alyp barýan işleri bilen tanyşdyrdy. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmegiň çäklerinde alnyp barylýan işleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşylansoň, Milli Olimpiýa komitetleriniň wekilleri Olimpiýa şäherjigine aýlanyp gördüler, bu ýerde döredilen aňrybaş şert-mümkinçilikler bilen tanyşdylar. Aşgabat Aziadasynyň ýaryşlarynyň geçiriljek sport desgalary, olaryň dünýä ülňülerine laýyk enjamlaşdyrylandygy myhmanlarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy. Maslahata gatnaşyjylar Aşgabat şäheriniň Halkara howa menzili bilen tanyşlykdan soň, “Aziada – 2017: Parahatçylygyň we ösüşiň ugrunda halkara sport hyzmatdaşlygy” atly halkara maslahatynyň we serginiň işine gatnaşmak üçin Türkmenbaşy şäherine ugradylar.

Köneler, TDUmaksat tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir