Hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň halkara giňişliginde giň goldaw tapmagy biziň döwletimiz bilen söwda-ykdysady we medeni-gumanitar ugurlarda giň hyzmatdaşlygy ýola goýmak isleginiň has-da artmagyna alyp geldi. Türkmenistan häzir dünýäniň 134 döwleti bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy, dünýäniň abraýly halkara guramalarynyň 43-siniň işjeň agzasydyr. Daşary döwletlerde Türkmenistanyň diplomatik we konsullyk wekilhanalarynyň 40-a golaýy hereket edýär. Döwletimiziň tassyklan halkara Konwensiýalarynyň we Şertnamalarynyň sany ýylsaýyn artýar, ýurdumyzda halkara derejesindäki forumlar, festiwallar, ylmy-amaly maslahatlar, daşary döwletleriň Medeniýet günleri, sergileri yzygiderli geçirilýär. Bu bolsa döwletimiziň halkara abraýynyň pugtalanýandygyna, hormatly Prezidentimiziň görnükli syýasatçy we döwlet işgäri hökmünde dünýädäki abraý-mertebesiniň has-da artýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär. Muňa güwä geçýän mysallar näçe diýseň bar. 2007-nji ýylyň dekabrynda Aşgabatda BMG-niň Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi, 2008-nji ýylyň aprelinde Ýewropa Bileleşiginiň wekilhanasy – „Ýewropa öýi“ açyldy. Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assamleýasynyň sessiýalarynyň wise-başlyklygyna birnäçe gezek saýlanmak hormatyna eýe boldy. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda 2008-nji ýylda dünýäniň 192 döwletiniň biragyzdan ses bermeginde halkara „Energiýa geçirijileriniň ygtybarly howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça BMG-niň ýörite „Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde onuň hyzmaty hakyndaky“ Rezolýusiýasy kabul edildi. 2013-nji ýylyň maý aýynda şeýle Rezolýusiýa ikinji gezek kabul edildi. Milli Liderimiz BMG-niň Baş Assambleýasynyň 65-nji, 66-njy hem-de 70-nji sessiýalarynda hem birnäçe möhüm halkara başlangyçlary öňe sürdi. Türkmenistan BMG-niň möhüm düzüm birligi bolan Ýewropa ykdysady toparynyň başlygynyň orunbasarlygyna, BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň 2013-2015-nji ýyllar üçin agzalygyna, 2013-2017-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna saýlandy. Şeýle hem ýurdumyz BMG-niň Ykdysady we durmuş ösüşi boýunça geňeşiniň mejlisinde 2014-2016-njy ýyllar üçin Ylym we tehnika baradaky komissiýasynyň agzalygyna, 2014-2017-nji ýyllar üçin Durmuş ösüşi boýunça komissiýasynyň agzalygyna saýlandy. Munuň özi „Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2013-2017-nji ýyllar üçin konsepsiýasynyň“ üstünliklere beslenýändigini aýdyň görkezýär. Golaýda ýurdumyza Belarus Respublikasynyň Prezidentiniň döwlet sapary amala aşyryldy. Bu nobatdaky gezek türkmen-belarus dost-doganlyk gatnaşyklaryny dünýä aýan etdi. Çünki biziň ýurtlarymyzy pugta dostluk gatnaşyklary baglanyşdyrýar. Türkmen-belarus hyzmatdaşlygy giň ugurlarda uzak döwrüň dowamynda ösdürilmek bilen, berk ynanyşmaklyk, deňhukuklylyk, özara bähbitlilik binýadyna esaslanýar. Muňa Belarusda müňläp türkmen ýaşlarynyň bilim alyp, hünär öwrenmekleri-de, belarusly doganlarymyzyň Güneşli Diýarymyzda amala aşyrylýan senagat desgalarynyň gurluşyklaryna işjeň gatnaşýandyklary-da doly şaýatlyk edýär. Belarus Respublikasynyň Prezidenti A.G.Lukaşenkonyň ýurduma bolan şu gezekki döwlet saparynyň çäginde ýokary derejede geçen gepleşikleriň netijesinde möhüm ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi. Şonuň ýaly-da gözel paýtagtymyz Aşgabatda Belarus Respublikasynyň ilçihanasynyň täze ajaýyp binasy açylyp, ulanmaga berildi. Bu çärä iki ýurduň döwlet Baştutanlary bilelikde gatnaşdylar. Aşgabatda geçen dabaralar türkmen-belarus dostlugynyň we geljegi nazarlaýan özara bähbitli hyzmatdaşlygynyň nobatdaky ajaýyp ýüze çykmasy boldy we Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk söýüji daşary syýasatyny ýene-de bir gezek dünýä aýan etdi.

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir