“Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasyna” laýyklykda, ýurdumyzyň jemagat hojalygy ulgamynyň ilata edýän jemagat hyzmatlarynyň hilini has-da ýokarlandyrmak, ýurdumyzyň ýaşaýjylarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, şäherleri we beýleki ilatly ýerleri arassalaýyş hem-de abadanlaşdyryş boýunça ýerine ýetirilýän işleriň hilini ýokary derejede amal etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2011-nji ýylyň 8-nji aprelindäki Permany bilen Türkmenistanyň Jemagat hojalygy ministrliginiň döredilendigi hemmämize mälimdir. Türkmenistanyň Jemagat hojalygy ministrligi özüne berlen ygtyýarlyklarynyň çäklerinde ýaşaýyş jaý we jemagat hojalygy babatda syýasaty amala aşyrmak bilen, ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, ýaşaýyş jaýlaryny ulanmak we hasaba almak, tükelleýiş işlerini geçirmek, ilatly ýerlery arassa saklamak we abadanlaşdyrmak, ilata däp-dessur hyzmatlaryny guramak, myhmanhanalary dolandyrmak, bagçylygy, gülçüligi ösdürmek, ilata berilýän arassa agyz suwy bilen üpjünçiliginiň we ony arassalaýyş desgalarynyň, lagym, suwaryş, zeýsuw ulgamlarynyň we olaryň desgalarynyň, ýylylyk üpjünçiligi we ýyladyş desgalarynyň bökdençsiz işlemegini üpjün etmek, zibilhanalary we olaryň daş-töweregini abadanlaşdyrmak, şäherleriň, şäherçeleriň, etraplaryň çägindäki köçeleri, ýollary, köprüleri we duralgalary, ýerasty geçelgeleri arassa saklamak, sagaldyş suw toplumlarynyň, serhowuzly seýilgähleriň, suw çüwdürimleriň, lift hojalygynyň işini bökdençsiz guramak we hyzmatlaryň bahasyny emele getirmek, jemagat hojalygy ulgamyna degişli desgalaryň we binalaryň taslamalaryny düzmek, gurmak, durkuny täzelemek, düýpli abatlamak, aýawly saklamak, netijeli peýdalanmak boýunça jemagat hojalygy ulgamyny ösdürmegiň baş ugruny durmuşa geçirýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Döwlet adam üçindir” diýen adyl şygary bilen, Sagdynlyk we ruhubelentlik ýylynda, ýerine ýetiriji häkimýetiň aýratyn şahalarynyň biri bolup durýan bu ministrligiň halkymyzyň gündelik durmuşunda zerur gerek bolan jemagat hyzmatlaryny göwnejaý, maksadalaýyk ýerine ýetirmekde, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda, şäherlerinde, oba ýerlerinde gurlup ulanmaga berlen we berilýän ýaşaýyş jaýlaryň hem-de binalaryň ulanylyşyny, arassaçylygyny we abadançylygyny üpjün etmekde, şeýle hem ilata edilýän gündelik jemagat hyzmatlarynyň ýokary derejede we öz wagtynda amal edilmegini gazanmak hem-de “Türkmenistanyň ilatly ýerlerini arassa agyz suwy bilen üpjün etmek” baradaky 2020-nji ýyla çenli Baş maksatnamany doly we dogry berjaý etmek döwrüň döwrebap we talabalaýyk ösüşleriň badalgasydyr. Ýurdumyzyň jemagat hojalygy ulgamy köp ugurly önümçilik-tehniki toplumy öz içine almak bilen, ýokary ösüşler üçin Hormatly Prezidentimiziň döredip beren birnäçe mümkinçiliklerinden peýdalanýar. Milli Liderimiziň ulgamda öňdebaryjy usullary we tehnologiýalary ornaşdyrmak, inžener-kommunikasiýa ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça edýän talaplaryny durmuşa geçirmekde Jemagat hojalygy ulgamy wajyp wezipeleri amala aşyrýar. Şonuň ýaly-da, ilatyň ýaşaýyş-durmuş hajatlary üçin hyzmatlary häzirki zaman ülňülerine gabat getirmekde, innowasiýalary, täze tehnologiýalary we täze ykdysady usullary bu möhüm ulgama ornaşdyrmakda amal edilmeli örän wajyp wezipeleriň biridir. Häzirki wagtda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga gönükdirilen maksatlaýyn taslamalaryň köpüsi durmuşa geçirildi we bu işler häzirki wagtda hem dowam etdirilýär. Ýurdumyzyň Jemagat hojalygy ulgamy ilata jemagat hyzmatlaryny amala aşyrýan, ýaşaýyş-durmuş şertleri döredýän pudak bolup halkymyza ýokary derejede jemagat hyzmatlaryny amala aşyrýar. Bu pudagyň işgärleriniň çekýän zähmetiniň netijesinde, şäherlerdir obalarymyzda diňe bir olaryň keşbini gözelleşdirmäge, arassaçylygyny saklamaga, abadanlaşdyrmaga däl, eýsem, ýaşaýjylaryň ösen isleglerine görä, amatly ýaşaýyş şertleriň döredilmegine uly üns berilýär. Häzirki wagtda Mähriban Prezidentimiziň başda durmagynda ykdysady kuwwaty berkeýän ýurdumyzda döwlet tarapyndan dolandyrylýan ähli pudaklar bilen bir hatarda Türkmenistanyň Jemagat hojalygy ministrligi hem uly ösüşleri başdan geçirýär. Bu ulgamyň döwletimiziň ykdysadyýetiniň harajatlary köp talap edýän pudaklarynyň biridigini bellemek bilen, ulgamyň Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen döwlet tarapyndan ýakyndan goldanylmagy ýurdumyzyň ilaty üçin edilýän jemagat hyzmatlarynyň bahasynyň örän pes derejede saklamaga mümkinçilik berýär. Jemagat hojalygynyň ösüş derejesi we ýerine ýetirýän işleriniň möçberi ilatyň abadançylygynyň, ýaşaýyş-durmuş şertleri bilen üpjünçilik derejesine, zähmet öndürijiligine, rahat dynç almagyna gönüden-göni täsir edýär. Soňky ýyllarda ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga gönükdirilen maksatlaýyn taslamalaryň köp sanlysy durmuşa geçirildi we bu babatdaky işleri ýokary derejede amala aşyrmak dowam etdirilýär. Şeýle hem bolsa täze döwür täze talaplary öňe sürýär, ilatyň islegleri has-da ösýär. Şoňa görä hem bu ulgamda diňe bir biziň şäherlerimiziň we oba ýerlerimiziň keşbini özgertmek däl-de, eýsem, adamlaryň ösen islegleriniň ösüşiniň netijesinde ýüze çykýan durmuş-ykdysady prosesleriň okgunly ösüşini nazara almak bilen, bu ulgamdaky işler ýokary depginlerde amala aşyrylmagyna getirýär. Çünki Döwlet dolandyryşynda jemagat hojalygy ulgamy adamlara hyzmat edýän, olaryň abadançylygyny, türkmen halkynyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek üçin şertleri döredýän pudakdyr. 2017-nji ýylda Aşgabat şäherinde geçirilýän Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilmegi mynasybetli Aziýanyň merjeni hasaplanylýan paýtagt şäherimizi has-da gözel keşbe getirmekde Jemagat hojalygy ulgamynyň işgärleri ýadawsyz, tutanýerli zähmet çekýärler. Sagdynlygyň we Ruhubelentligiň ýyly diýip yglan edilen 2017-nji ýylda, ýagny Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilýän ýylynda jemagat hojalygy ulgamynyň işgärleriniň öňünde has wajyp wezipeler durýar. 160 gektara golaý meýdany tutýan bu Olimpiýa şaherjigimizi, onuň ýanaşyk ýerlerini arassa saklamak, gelşikli görnüşe getirmek üçin biziň agzybir işgärlerimiz jemagat hyzmatlaryny etmekde meýilnamalaýyn işleri amala aşyrýarlar. Ol ýerde hyzmat etmek üçin işgärleriň has tejribelileri saýlanyp alyndy. Häzirki wagtdan başlap bu işgärleri şäherçäniň çäkleri we hyzmat işleri bilen tanyşdyrmak boýunça işler geçirilýär. Islendik ýagdaýda bökdençlikleriň ýüze çykmazlygy üçin işgärleriň ätiýäçlyk topary hem döredildi. Şonuň bilen birlikde, tutuş paýtagt şäherimizi has-da gözel keşbe getirmek, köçeleri, dynç alyş meýdançalary arassa, abadan saklamak biziň jemagat hojalygy ulgamynyň jana jan borjudyr. Bu wezipeleri amal etmek babatynda jemagat hojalygy ulgamynyň agzybir işgärleri, häzirki wagtdan başlap, gözel Aşgabadymyzyň ähli ýerinde diýen ýaly arassaçylyk we abadanlaşdyryş işler giňden ýaýbaňlandyrdy. Nesip bolsa, üstümizdäki ýylyň sentýabr aýynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary üstünlikli geçer. Onuň netijeleri bu dünýä derejesindäki çärä gatnaşan ähli türgenlerde, bu oýunlara tomaşa etmäge geljek myhmanlarda, şonuň ýaly-da ýurdumyzyň ähli raýatlarynda ýakymly duýgulary galdyrar. Ol duýgular bu adamlaryň aňynda, hyýalynda müdimilik ýakymly ýatlama bolup galar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň Sagdynlyk we ruhubeletlik ýylynda, Milli liderimiziň başda durmagynda ykdysady kuwwaty berkeýän döwletimizde Döwlet dolanyşygyndaky ähli pudaklar täzeden täze uly ösüşleri hem-de özgerişlikleri başdan geçirýär. Bu üstünlikleri gazanmakda Mertebesi belent Prezidentimiziň gije-gündiz irginsiz çekýän zähmeti ýatandyr. Hormatly Prezidentimiziň şu nukdaý nazardan, ählimiziň öňümizde goýan wezipelerini ak ýürekden ýerine ýetirmekde tutanýerli zähmetimiz bilen aýgytly hereket etmek her birimiziň mukaddes borjumyzdyr. 2017-nji ýylyň sentýabr aýynda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary Türkmenistan döwletimiziň Aziada – 2017 sport çäresine gatnaşjak goňşy döwletler bilen ykdysady, syýasy, dostluk babatynda ysnyşykly gatnaşyklary ýola goýulmagyny has-da berkitmekde amal edilen iş ähmiýetli üstünlikleriň bir bolar. Ýurdumyzyň syýasy we ykdysady ýagdaýlaryny has-da guwulandyrmakda, türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk hem ýokarlandyrmakda öz gujur gaýratyny gaýgyrmaýan, Sagdynlyk we ruhubelentlik ýylyny sagdyn jemgyýetiň ýylyna özgertmäge giň mümkinçilikleri döredýän mähriban Arkadagymyza jemagat hojalygy ulgamynyň işgärleriniň aýdýan alkyşlary çäksizdir. Goý Gahryman Prezidentimiziň, mähriban Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun! Ilmyradow Derýa Durdyýewiç, Türkmenistanyň Jemagat hojalygy ministrliginiň Meýilnama-ykdysady we ylmy işler müdirliginiň Ylmy işler we nyrhlary kesgitleýiş bölüminiň baş hünärmeni, fizika-matematika ylymlarynyň kandidaty

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir