Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň başlangyjy esasynda dekabr aýynyň 12-ni Halkara Bitaraplyk güni hökmünde yglan etdi. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Bitaraplyk statusy Merkezi Aziýanyň ýurtlary we halklary bilen däp bolan hoşniýetli has-da pugtalandyrmaga, şeýle hem, BMG bilen ýola goýlan netijeli, özara gyzyklanma bildirilýän hyzmatdaşlygy giňeltmäge oňyn goşant goşdy. Türkmen Bitaraplygynyň sebitiň hem-de dünýäniň durnukly ösüşine saldamly goşandy ulydyr. Munyň şeýledigini BMG-nyň Baş Assambleýasynyň kabul eden Rezolýusiýasy aýdyň subut edýär. Halkara Bitaraplyk günini döretmek baradaky başlangyç, Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan 2015-nji ýylyň dekabrynda ýurduň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň 20 ýyllygyna bagyşlanyp türkmen paýtagtynda geçirilen halkara maslahatynda öňe sürüldi. BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 71-nji maslahatynda bu Rezolusiýa biragyzdan kabul edildi. Bitaraplyk güni milli baýramçylyklaryň hataryna girýär, çünki halkymyzyň asyrlaryň jümmüşinden gelýän parahatçylygy söýüjilik, dostluk we ynsanperwer däpleriniň dabaralanýandygyny beýan edýär. Mundan beýläk, 12-nji dekabr Bitaraplyk gününi tutuş dünýäniň halklary belleýär. Bitaraplyk baýramynyň halkara derejesine eýe bolmagy, Prezidentimiziň alyp barýan parahatsöýüjikli syýasatynyň tutuş dünýäde dabaralanýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr. Türkmenistanyň Prezidentiniň belleýşi ýaly, “Bitaraplyk bize ynamly ädimler bilen öňe gitmäge ýardam edýän, halkymyzyň ynsanperwerlik, parahatçylyk ýörelgelerini dabaralandyrýan, kuwwatly döwletimiziň, agzybir milletimiziň adyny, şöhrat mertebesini dünýä ýaýýan gymmatlykdyr”. BMG-nyň Baş Assambleýasynyň agza ýurtlary “bitaraplyk” düşünjesi barada halkara jemgyýetçiligini habardar etmek babatda dürli çäreleri we okuw maslahatlaryny geçirmäge çagyrdy. Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk syýasaty dünýäde parahatçylygy, durnukly ösüşi, howpsuzlygy üpjün etmekde we halkaryň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkitmekde möhüm täsirini ýetirýär. Özygtyýarly Türkmenistana berlen hemişelik Bitaraplyk derejesi islendik harby we harby-syýasy toparlara hem-de guramalara gatnaşmazlyk ýörelgelerine daýanýar, munuň özi biziň döwletimize işjeň parahatçylyk dörediji syýasaty alyp barmaga, Merkezi Aziýadaky ýagdaýy diňe bir gönüden-göni kadalaşdyrmaga mümkinçilik bermek bilen çäklenmän, halkara ähmiýetli iri möçber taslamalary öňe sürmäge hem-de durmuşa geçirmäge ýardam berýär. Aşgabatda BMG-nyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň ştab-kwartirasynyň açylmagy Türkmenistanyň belent abraýynyň subutnamasydyr. Bu düzüm häzirki döwürde sebitiň döwletleriniň arasynda işjeň we birek-birege hormat goýmak arkaly amala aşyrylýan gatnaşyklaryň ösdürilmegine we däp bolan hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagyna mynasyp goşant goşýar. Taryhda ilkinji gezek BMG agza ýurtlaryň ählisi tarapyndan goldanylyp Bitaraplyk derejesi döwletimiziň köpugurly daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirmek üçin ygtybarly binýat boldy.

Köneler, TDUmaksat tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir