TAPI birnäçe ýyldan bäri owganystanyň ýagdaýy sebäpli durmuşa geçmegi mümkin däl görünýärdi. Ýakynda Eýranda bolup geçen summitde alynan Hazaryň kenarýaka döwletleriniň beýleki döwletlere degişli ýaragly goşunlara öz topragyny ulandyrmaly däldigi baradaky karary öň hem mümkinçili kyn görünýän Trans-Hazaryň durmuşa geçmegini has hem kynlaşdyrdy. TAPI bolsa ýene ABŞ-niň Eýranyň geçirjek bolýa Eýran-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisine garşy goldaw berýän \"Asian Development Bank\" tarapyndan maliýeleşdirilen proýekt. Birnäçe gün öň Hindistanyň (hatda dünýäniň) iň uly armatur firmasy Mittalyň Hazaryň ýakasyna energiýa işine girjekdigi barada habar çykdy. Bugün bolsa Pakistanyň Türkmenistandan gaz resurslarynyň talaba jogap berip biljekdigi barada resmi raport sorady. Eger Hytaý bilen TAPI durmuşa geçirlse we gaz satyşy başlansa häzir dünýä bazarynyň ýary bahasyna satylýan Türkmen gazyny dünýä bazarynyň nyrhyna ýakynrak baha bilen satmak mümkinçligi dörär.

Köneler, Farabi tarapyndan 16 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir