Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW: Türkmenistan Aziada-2017-ä aýratyn ähmiýet berýär hem-de ony mynasyp garşylamak üçin ähli zerur çäreleri görýär. Hormatly Prezidentimiziň yglan eden Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrinde ata Watanymyz ykdysadyýetde, syýasatda, medeniýetde we sportda uly üstünlikler gazanmak bilen ynamly öňe barýar. Ösüşlere, özgerişlere beslenýän ýurdumyzda sport ulgamyny we bedenterbiýäni ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Olimpiýa şäherjiginiň we welaýatlarda döwrebap stadionlaryň, ýurdumyzda dünýä ülňülerine laýyk gelýän saglygy goraýyş desgalarynyň, sport merkezleriniň we mekdepleriniň gurulmagy sagdyn durmuş ýörelgeleriniň çalt depginde durmuşa giňden ornaşdyrylmagyna şert döredýär. Köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we sporty ösdürmek, beden taýdan sagdyn, ruhubelent ýaş nesilleri kemala getirmek bilen baglanyşykly meseleler döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistan-sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy” atly her ýylyň aprel aýynyň dowamynda sport bäsleşiklerini geçirmek baradaky taryhy Karary sporty, köpçülikleýin bedenterbiýäni ösdürmekde uly badalga bolýar. Baky Bitarap ata Watanymyzda bedenterbiýä we köpçülikleýin sport hereketleriniň döwlet syýasatyna öwrülmegi raýatlarymyzy, şol sanda ata Watanymyzyň geljegi bolan ýaş neslini diýseň guwandyrýar, buýsandyrýar hem-de olaryň döwlet we dünýä derejesinde geçirilýän sport çärelerine işeňňir gatnaşmagyna, sportda uly üstünlikler gazanmagyna esas döredýär. 2017-nji ýyla “Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly” diýip atlandyrylmagy hem halkymyzyň saglygynyň goralmagyna we berkidilmegine, sportuň ösdürilmegine we sagdyn durmuş ýörelgesiniň giňden wagyz edilmegine gönükdirilen iri möçberli işleriň aýdyň netijesidir. Paýtagtymyzda gurlup ulanylmaga berilýän Olimpiýa şäherçesi hem otuzdan gowurak desgany öz içine almak bilen, soňky wagtlarda dünýäde uly meşhurlyga eýe bolan sport görnüşleri üçin ýörite binalary göz öňünde tutulýar. Bu bolsa V Aziýa oýunlaryny üstünlikli geçirmäge, Diýarymyzyň at-abraýynyň dünýä derejesinde tanatmaga aýdyň ýol açýar. Bagtyýarlyk döwründe ýaşlary sportuň göwün söýen görnüşine ugrukdyrmak we türkmen milli sportuny dünýä derejesinde ýokary götermegiň ygtybarly hukuk, guramaçylyk we maddy-tehniki esaslaryny döretmek maksady bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň 2011-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda çykaran “Türkmenistanda bedenterbiýäni we sporty goldamak hem ösdürmek hakyndaky” Karary ýurdumyzda sporty ýokary derejede ösdürmegiň hukuk esasyny kesgitledi. Bu Karar Berkarar döwletimiziň giň dünýägaraýyşly, sagdyn düşünjeli, berk bedenli, ruhy taýdan kämil, edepli-ekramly nesli terbiýeläp ýetişdirmäge esas döretdi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Türkmenistan dünýä derejesindäki sport merkezine öwrüldi. Türkmenistanyň giň halkara hyzmatdaşlygy ugur edinýän döredijilikli syýasaty tutuş dünýä bileleşiginiň goldawyna eýe boldy. 2017-ýylda Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmek hakynda Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň çözgüdi munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Bu waka türkmen halkynyň ýürek buýsanjyna öwrüldi. Biziň ýurdumyz Merkezi Aziýa sebitinde ilkinji bolup, bu abraýly sport ýaryşlaryny kabul etmek hukugyna eýe boldy. Aziýada 2017-ni guramak meseleleri hemişe döwlet Baştutanymyzyň üns merkezinde durýar. Bu ýaryşa garaşylyşy ýaly 62 ýurtdan 5 müňden gowurak türgen gatnaşar, olar sportuň 21 görnüşi boýunça medallar ugrunda bäsleşerler. Sporty we bedenterbiýäni ösdürmek baradaky syýasaty bolan bu jogapkärli sport baýramçylygyna ählihalk bolup, düýpli taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Halkara sport ýaryşlaryna gatnaşjak sport wekiliýetlerine, myhmanlara ýokary hilli oňaýlyklary döretmek çäräniň guramaçylyk işleriniň iň esasylarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglanyşykly hormatly Prezidentimiziň ýörite tabşyrygy esasynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan rus we iňlis dillerini oňat bilýän, V Aziýa oýunlaryna gatnaşjak wekiliýetlere hem-de myhmanlara hyzmat etjek türkmenistanly meýletinçiler toparynyň agzalaryny bäsleşik arkaly saýlamak boýunça degişli işler geçirildi we meýletinçiler saýlanyp alyndy. Oýunlary ýokary guramaçylykly geçirmek baradaky tabşyryklaryndan ugur alyp, häzirki wagtda meýletinçi talyplaryň sanawy esasynda olaryň daşary ýurt dillerini bilmekleriniň derejeleri kesgitlenildi. Meýletinçileriň işi diýlip, raýatlaryň erkin meýli boýunça amala aşyrylýan, ýerli, milli ýa-da halkara derejelerinde jemgyýetçilik ähmiýetli hyzmatlary ak ýürekden ýerine ýetirmäge gönükdirilen, bu işi ýerine ýetirýän raýatlaryň (meýletinçileriň) şahsyýet taýdan ösmegine ýardam edýän jemgyýetçilik gullugynyň görnüşine düşünilýär. Türkmen žurnalistleri hem-de ýaş meýletinçiler bu uly baýramçylyga ykjam taýýarlyk görýärler. Ýýurdumyzda halkara derejeli sport media-forumlarynyň birnäçe gezek geçirilmegi türkmen žurnalistleriniň daşary ýurtly žurnalistleri bilen özara tejribe alyşmagyna uly mümkinçilik döretdi. Milli we daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerine, ýaýlymlara goýberilişiniň hukuk binýady kesgitlenildi. Bu bolsa Aziada ýaryşynyň ýokary derejede geçmegi ugrunda geçirilýän guramaçylykly çäreleriniň iň ähmiýetlileriniň biridir. Syýahatçylaryň ýolbelet, terjimeçileri taýýarlamak işi hem möhüm ähmiýete eýe bolup, gelen türgenleriň we jahankeşdeleriň müňlerçesiniň Aşgabada geljekligi, şeýlelikde syýahatçylaryň iş orunlary bilen üpjün ediljekdigi gümansyzdyr. Olar myhmanlar üçün tanyşlyk gezelençlerini we beýleki çäreleri gurarlar. Ýakynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň resmi keşbiniň we tumarynyň tassyklanylmagy tutuş halkymyzy begendirdi. Ata-babalarymyzyň sünnäläp, biziň günlerimize ýetiren milli gymmatlyklarynyň Aziýa oýunlarynyň resmi keşbinde şöhlelendirilmegi juda buýsandyryjy habar boldy. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen gadymy Nusaý asman atlary adyny alan bedewimiziň Olimpiýa şäherjiginiň nyşanynda sazlaşykly goýulmaga aýratyn üns berilmegi ýöne ýerden däldir. Sebäbi bedew türkmeniň toý-dabarasynyň gelşigidir. Türkmenlerde: “ Düýe malym – dünýe malym” pähimine eýerilip, Olimpiýadanyň şekilinde süýdi, çaly, ýüňi dermanlyk hasaplanýan düýäniň ýerleşdirilmegi türkmen kalbynda mähirli duýgulary oýarýar. Gadymdan gelýän türkmeniň amaly haşam sungaty, keşdeler hem nagyşlary, taryhy ýadygärliklerimiziň ýerleşdirilmegi guwandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň türkmen halkynyň gadymdan gelýän sungatyna degişli ak we gara ýüplerden işilen alajanyň we ýüzärligiň Olimpiýa stadionynyň ýokarsyndaky ahalteke bedewiniň boýnunda ýerleşdirilmegini we Alawyň ýüzärligiň dänesiniň şekilinde bolmagyny teklip etmegi hem halkymyzy begendirdi we buýsandyrdy. Türkmen Alabaýynyň-dostlugyň we ýeňşiň tumary edilip goýulmagy hem ýerine düşendir. Dünýäde iň akylly it türkmen Alabaýydyr. Onuň şekili taryhy ýadygärlikler bolan Nusaý ritonynyň ýüzündäki çeper bezeglerde, Jeýtun obasynda uly Balkan gowaklaryndaky ýadygärliklerde, Altyn depede, Goňur depede we beýleki ýadygärliklerde düş gelýär. “Oguznama” eposynda hem itiň wepalylygy beýan edilýar. Görşümiz ýaly, Alabaýyň Watany Türkmenistandyr we onuň merdanalyk, hüşgärlik, başarjaňlyk, gaýduwsyzlyk, wepalylyk ýaly häsiýetleri türkmen türgenlerini ýeňişden ýeňşe ruhlandyrar. Eziz diýarymyzyň at-abraýyny, belent mertebesini belende göterip barýan ussat türgenlerimiziň halkara ýaryşlaryndaky gazanýan üstünlikleri hem Aziýada 2017-niň keşbinde utgaşykly beýan edilýär. Türkmen türgenleri 2016-njy ýylda ýurdumyzda jemi 192 sany içerki ýaryşlara we 89 sany köpçülikleýin sport çärelerine gatnaşdylar. Türgenler daşary ýurtlarda geçirilen 138 sany halkara ýaryşlaryna gatnaşyp, jemi 643 medal (221 altyn, 196 kümüş, 226 bürünç) gazandylar. Geljekde bu medallaryň sanynyň has-da köpeljegine şübhe ýok, çünki Türkmenistan-ýaşyl Tugumyzy dünýäniň çar künjünde pasyrdadan şöhratly pälwanlaryň, berdaşly ýigitleriň, merdi-merdanalaryň Watanydyr. Türkmen türgenleri üçin ajaýyp tejribe, türkmen žurnalistleri üçin bolsa uly döredijilik mekdebi boljak V Aziýa oýunlarynda sport janköýerleriniň şatlygyny goşalandyrjak şeýle uly ýeňişleriniň boljakdygyna ynamymyz uly. Aziada-2017 taslamasynyň durmuşa geçirilmegi halkara abraýymyzy belende göterer, dost-doganlygyzy we halkara hyzmatdaşlygyny berkider. Dünýäni haýrana goýýan Olimpiýa şäherjiginde halkara duşuşyklaryň geçirilmegi hem dostlukly bäsdeşligiň ýygjamlaşmagyna getirer. Ýurdumyzyň gözelligini, halkymyzyň myhmansöýerligini dünýä açyp görkezmäge, Türkmenistanyň giň halkara hyzmatdaşlyga taýýardygyny beýan etmäge mümkinçilik berer. Dünýä ýaşlary sportda, ylymda bäsleşik gurasynlar, dostlaşsynlar. Sebäbi sport dostlugyň ilçisidir.

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir