Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynda ýaşyl begresini geýinip, bereketli türkmen topragyna bahar pasly geldi. Älem-jahany alaýaz edip gelen bahar paslynyň ilkinji günlerinde Zeminiň zynaty hasaplanýan mähriban zenanlarymyzyň baýramy 8-nji mart Halkara zenanlar güni bellenilýär. Türkmenistanda gözelligi we joşguny, ýagşylygy we näzikligi, tebigatyň janlanmagyny we ýaşaýşyň şatlygyny alamatlandyrýan bu baýramçylyk ählumumy ruhubelentlik ýagdaýynda bellenilýär. Ýakymly aladalara, şadyýanlyga, gül desselerine, mähirli arzuwlara beslenen bu günde diýarymyzyň ähli künjegi uly dabaralara beslenýär. Baýramçylyk mynasybetli gelin-gyzlarymyzyň ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmek maksady bilen ýurdumyzda zenanlarymyzyň arasynda birnäçe bäsleşikler guralýar. Hormatly Prezidentimiz ýaňy dünýä inen gyz perzentden başlap, ýaşuly enelerimize çenli Şa serpaýyny gowşurýar. Şeýle hem, sekiz we ondan köp çagaly enelerimize “Ene mähri” diýen hormatly ady dakylýar. Kärhanalardadyr jemgyýetçilik guramalarynyň göreldeli işgär zenanlary gymmatbahaly sowgatlar bilen sylaglanýar. Halkara zenanlar güni bilen biz enelerimizi, mamalarymyzy, ejemizi, uýalarymyzy mähir bilen gutlaýarys. Halkymyz zenanlara uly hormat goýup, olaryň sarpasyny örän belent tutup, aryny-namysyny mydama gorap gelipdir. Bu barada hormatly Prezidentimiz: “Zenanlara sarpa goýmak, olaryň mertebesini belent tutmak halkymyzyň gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan beýik we şöhratly taryhynyň bütin dowamynda mukaddeslik hökmünde kämilleşdirip gelýän milli ýörelgeleridir” diýip belläp geçýär. Türkmen zenanlary maşgala ojagynyň daýanjydyr. Ata-babalarymyz “Ýagşy ene - ýagşy gyza görelde, oň edebi nesillere ýörelge”, “Gyz edebi – il edebi ”, “Atadan ogla miras, eneden - gyza” diýip belläp geçipdirler. Bu dana pähimleriň üsti bilen başynyň täjine, gözüniň görejine deňelip ezizlenýän zenanlarymyzyň nesil terbiýelemekdäki ornuna uly ähmiýet berlipdir. Ene hüwdüsini diňläp, ene mährini duýup ösmek çaganyň ruhuny berkidýär, kalbyny mähir-muhabbetden gandyrýar, ol akylly-başly ynsan bolup ýetişýär. Ene ýaly mähriban, ene ýaly wepaly, söýgüsini hiç zat bilen deňäp bolmajak ynsan ýokdur. Zeminiň gözelligi bolan zenanlarymyzyň 8-nji mart Halkara zenanlar güni gutly bolsun! Mähriban enelerimiziň, gelin- gyzlarymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, maşgalasyna agzybirlik, abadançylyk, bagtyýarlyk, ýurdumyzyň gülläp ösmeginde alyp barýan işlerinde üstünlikleriň ýar bolmagyny arzuw edýäris!

Köneler, TDUmaksat tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir