ÖMRÜME PENT Şahyr şahyrlygyň çyn bolýan bolsa Sönüp ýanyp ýene sönüp ýanyp git Ynsanlyk ýazgydyň çuň bolýan bolsa Gara ýere çümüp çykyp çümüp git Hem akyl ber hem iliňden akyl al Kitapdan däl gara ýerden nakyl al Alan zadyň demiň bilen ýakyp al Soň ýenede ýeriň süýdün emip git Dag ýoluna çöl ýoluna belet bol Dag ýolunda çat açmaýan polat bol Çöl ýolunda tirkeş tirkeş bulut bol Teşne görseň dodagyna damyp git Ýol agyrdyr müň ýanylar öçüler Bagtly ýollar kynlyk bilen geçiler Ýene ýygna şaglap gelse geçiler Sen öküz dek ýele garşy zyňyp git Bagt paýlansa üç baýlygy ilki al Ylgap baryp saglyk bilen erki al Ýany bilen çuwal çuwal gülki al Soň tapylar galan zady zyňyp git Dost paýlansa äber diýip gysganma Alaňdan soň gysgaltma hem gysganma Dileg etse gözleriňide gysganma Birin berde biri bilen oňup git Ha çaryk geý, ha çokaý geý ,telpek geý Parhy ýokdur geýseň bolar erkek deý Ýone welin şyppyllama çepek deý Aýna gonuşly ädik ýaly doňup git Sorosaň aýdaýyn kyýamat nedir Erkekler oglasa kyýamat şodur Her başy telpekläp goýmagyn gadyr Bäş telpegi bir gyňaja daňyp git Gözelligi sor bagryňa öýkeniňe Söýülseň söý söýülmeseň sükenme Söýgide goşgydyr kişä öýkinme Öz möhrüňi öz köziňi goýup git Ýeňip ýaşa ahyrda ýeň başda ýeň Tomusda ýeň ýazda,güýzde.gyşda ýeň Söýgiňde ýeň,gaýgyňda ýeň, işde ýeň Bir oguldan ýeňilip hem ýeňip git Ýeňsin ogul dil bilen däl iş bilen Seňkä görä has ýitiräk huş bilen Aýak dälde parasatly baş bilen Ýeňse ogul gözüň rahat ýumup git Gözüň sürtüp merhum enäň alnyna Bir aglapdyň indi bir aglama Öz balaňy eliň bilen jaýlama Nobatyňda mele ýere siňip git Dünýä gelmegiňde nobaty ýagşy Ýene ölmegiňde nobaty ýagşy Men diňe birzatda nobata garşy Dost öýünde islän çagyň bolup git Başarsaň köplügiň içine garyş Tanyşdan dost tutun ýatlardan tanyş Ziguliň içinden gözleme durmuş Köplük bilen awtobusa münip git Köpelsin öýüňde ýürekdeş myhman Ýary işçi bolsun ýarysy daýhan Elbetde alymam şahyram höhman Üýşip çaşyp çar tarapa eňip git Şeýle dostlar bilen gezseň bir sellem Ýetersiň iň uly matlaba çenlem Gadamyň giden bar entekler elleň Hol öňdele ýaş hakynda dymyp git Haly wagtyň meňzemegiň pilime Diri wagtyň gyssanmagyn ölüme Öçen wagtyň öýkünmegiň çilime Içi közli ojar ýaly sönüp git Ýene bir söz,nygtalmak dal ,öwit dal Mazaryňa daş oturtmak sargyt däl Mele ýeriň astyndada daş gyt dal Bakylyk şol şo daşlara siňip git

Köneler, Mesmelejigim tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir