Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi sebitde Aziýa oýunlaryny gurnaýjy bolup durýar. Şeýle-de ol Aziýanyň 45 döwletiniň olimpiýa komitetini özünde jemleýär. Ilkibaşda bu oýunlary guraýan edara Aziýa oýunlary federasiýasy diýlip atlandyrylypdyr. Bu at 1982-nji ýyldan başlap üýtgedilýär we ol Aziýa Olimpiýa Geňeşi diýlip atlandyrylyp başlanýar. Munuň esasy sebäbi oýunlaryň düzgünnamasynyň olimpiýa oýunlaryna laýyk gelýändigi bilen baglanyşyklydyр. Geňeşiň ştab-kwartirasy Kuweýt şäherinde ýerleşýär. Häzirki wagtda Geňeşiň prezidenti şeýh Ahmet Al Fahad Al-Ahmet Al-Sabah hasaplanýar. Bu Geňeş sebitiň döwletleriniň 44-sinde iş alyp barýan Milli olimpiýa komitetlerini özüne birleşdirýär. 1994-nji ýylda ilkinji gezek Merkezi Aziýa döwletleriniň birnäçesi, ýagny Gazagystan, Gyrgyzystan, Özbegistan, Täjigistan we şol sanda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan hem Aziýa oýunlaryna gatnaşmaga çagyrylды. Biz şu gezek üsti ýapyk binalarda we söweş sungatlary boýunça geçirilýän Aziýa oýunlary hakynda söhbet açmagy makul bildik. Çünki Türkmenistanlylaryň uly ynam bilen garaşýan, türgenlerimiziň gatnaşmak hyjuwynda türgenleşik geçip, ruhubelentlikde barýan Aziýa oýny, ýagny üsti ýapyk binalardaky we söweş sungatlary boýunça V Aziýa oýunlary Тüркменистаныñ пайтагты gözel Aşgabat шäхеринде geçiriler. Озал sportuň ýapyk binalardaky görnüşi boýynça Aziýa oýunlary her iki ýyldan geçirilýärdi. Ol öz gözbaşyny 2005-nji ýyldan alyp gaýdýar. Йagny şol ýyl Taýlandyň paýtagty Bangkok şäherinde ilkinji ýapyk binalardaky Aziýa oýunlary geçirildi. Ikinjisi Hytaýyň Makao diýen sebitinde 2007-nji ýylda geçirilen bolsa, 2009-njy ýyldaky Aziýa oýunlaryny Wýetnam döwletiniň paýtagty Hanoý şäheri kabul etdi. 2011-nji ýylda ýapyk binalardaky Aziýa oýunlary geçirilmedi we ol beýleki oýunlar bilen birikdirilip, ony her 4 ýyldan bir gezek geçirmeklik kararyna gelindi. Şeýlelik-de taryha ”üsti ýapyk binalardaky we söweş sungatlary boýunça 4 Aziýa oýunlary” diýip giren, birleşdirilen oýunlar 2013-nji ýylda Günorta Koreýada geçirildi. Türkmenistanlylary begendiren, olaryň kalbyny buýsanja beslän wakalaryň biri-de, 2013-nji ýylyň iýul aýynda Aziýa oýunlarynyň baýdagyныñ Тüркменистаныñ пайтагты Ашгабат шäхерине getirilmegidir. Bizi ”Aziýada-2017” uly sport baýramçylygyna eltýän her bir sport ýaryşynda, isle şäher derejesinde bolsun, isle döwlet derejesinde ýa-da halkara ýaryşlarynda we dünýä çempionatlarynda Тürkmenistanly türgenlerimiziň gazanýan üstünlikleri, olaryň Altyn, Kümüş, Bürünç medallary bizi buýsandyrýar, guwandyrýar. Aziýada 2017 ýaryşynda olaryň ýeňiş bilen çykyş etjekdiklerine ynam döredýär. Şu ýerde halkara sport hereketiniň öňünde bitiren belent hyzmatlary üçin Тüркменистаныñ Prezidentiне Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň ýokary sylagynyň – Hormat ordeniniň gowşurylandygyny belläp geçmek aýratyn ýakymly. Тüркменистаныñ Prezidentiниñ belleýşi ýaly “Aziada-2017 açyk oýunlar bolar”. Ýagny, Aziýanyň 45 ýurdundan başga-da Австралияныñ, Täze Zelandiýanyň, şeýle hem adada ýerleşýän döwletleriň, umuman jemi 62 ýurduň gatnaşmagyna garaşylýar. Häzirki wagtda 2017-nji ýylda Тüркменистаныñ пайтагтында geçiriljek ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk işleri güýçli depginde alnyp barylýar. V Aziýa oýunlarynyň Guramaçylyk komitetiniň, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň hem-de Okeaniýanyň Milli olimpiýa komitetiniň arasynda Aziada 2017-ä Okeaniýa ýurtlarynyň 17-siniň gatnaşmagy baradaky ähtnama gol çekmek dabarasy boldy. Aziýanyň Olimpiýa Komitetiniň, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň tehniki ölçeglerine laýyk gelýän sport binalary bolan olimpiýa şäherçesiniň gurluşygy güýçli depginde dowam etdirilýär.

Köneler, TDUmaksat tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir