Soňky ýyllarda, belkide, soňky on ýyllar içinde, käbir adamlar uka doýmazlyk we o bilen bagly kynçylyklar hakynda köp şikaýat edýän bolup galypdyr. Muňa dürli sebäpleri getirýärler, meselem, häzirki zaman durmuşynyň tertipsiz ritminiň getirip çykarýan stress ýagdaýy, ýada hetdenaşa köpelip giden aragatnaşygyň onsuz hem dartgynlaşan ynsan beýnisini ýenede zorukdyrmasy. Gep diňe uly şäherleriň ilaty hakynda barýan bolsady, beýle sebäpleri kabul etsek bolardy. Ýöne hemme adamlara diýen ýaly bu meseläniň baglanşygy bar, bu gep obada ýaşaýanlara hem degişlidir. Ähtimal, oba ýerlerinde ýaşaýanlar we özüniň, diýeli, "obaça" ýaşaýyş görnüşi sebäpli, käbir adamlar uky ýetmezçiligi ýada ruhy gynalma duçar bolan däldir. Ýöne, oba ýerlerde ýaşaýanlar hem edil şäherliler ýaly wagt ýetmezçiliginden ezýet çekýärler. Ähtimal, hemme gep wagtyň özündedir, anykragy, onuň azlygynda? Muňa nähili düşünmek mümkin? Bir günde 24 sagat bar. Ýüz ýyl öň hem şeýle bolan- bir sutka 24 sagatdan ybaratdy. Ýöne, soňky wagtlarda wagt bilen nähilidir bir zat ýüze çykýar. Wagt ýetmeýänligi hemmäniň agzyndan düşmeýär. Her kim özüni ýada wagt ýetmeýänligini we munuň netijesinde ýüze çykýan kynçylyklar hakynda şikaýat edýän başga birlerini ýadyna almaklary mümkin. Ulular aýtsa mümkin, köp ýaşadygyňça wagt hem şonça tiz geçen ýaly bolup duýulýar, diýip (bu hakda hem aýratyn tema bolar). Beýle bolsa, mekdep okuwçysynyň wagt ýetmeýänligi hakyndaky şikaýatlary näme? Wagt hemmämiz üçin diýseň tiz uçup barýar, anykragy, wagtyň berekedi galmady...bir hepde bir gün bilen deňleşip galdy. Täze müňýyllygy garşylanymyza näçe wagt boldy?! Serediň, müňýyllygyň on ýedinji ýyly hem gapymyzy kakyp, töre geçdi.... Wagta näme bolupdyr? Wagtyň "wagtlaýyn" ekenligi meselesi pelsepi düşüniş predmeti hasaplanýar. Meselem, Losew mundan ýüz ýyl öň, "adamlara diri tejribede berilýän wagt bikararlygy bilen harakterlenýär, ol gysgalyjy, giňeliji, düýpgöter göräli we şertlidir", diýen eken. Şeýle-de, alym:"... 1914-nji ýyldan soň, wagt gysgalyp, tiz "akýan" bolupdyr. Kyýamat gelmegi edil wagtyň gysgarmagy bilen häsiýetlendirilýär" diýip, aýdan eken. Döwrebap ylym-bilim ýenede uzaga gadam taşlady. Onuň soňky utuklaryndan biri gün dowamynda birnäçe sagadyň ýetişmeýänligini anyklamagydyr. Ýöne bu hyýaly gepe meňzemeýär. Ylmy barlaglaryň netijeleri şuňa şaýatlyk berýär, ýagny, wagt bu obýektiw reallyk (hakykat) däl, ynsan ruhyýetine bagly duýgydyr. W. I. Weýnik tarapyndan öňe sürlen gipoteza hem gyzykly hasaplanýar. Ol ilkinjilerden bolup "hronosfera" düşünjesini ylmy ulanyşa girizipdir. Ýagny, hronosfera planetanyň wagtly meýdany bolup, geçmişiň geljege aýlanmasynyň tizligini dolandyryp barýar, diýen manyny aňladýar. Bu häzirlikçe diňe gipoteza, emma amalda her birimiz özümiziň hronosferamyz barlygyny görmegimiz mümkin. Köpçülik jemagat transportynda irkilenini ýatlaýandyr. Meselem, duralgadan transport gozgalýar, siz bolsa soňky beketde düşmeli. Şo wagt gözüňiz ýumulyp gitdi we düýş görýäňiz, düýşüňizde bolsa, edil huşuňyzda bolýan ýaly, diýseň köp zatlar bolýar. Düýşde bolýan hadysalar üçin düýşdäki bir näçe minutlar ýada sekuntlar azlyk edýär, onda hatda ýarym ömür geçip gitmegi mümkin. Şo wagt duýdansyz oýanyp gidýärsiňiz we gerekli duralgadan geçip, ähtimal, şäheriň aňyry gyrasyna gelip düşdimmikäm diýip, howsala düşýärsiňiz. Ýöne, seretseňiz, awtobus soňky duralgadan indi gozgalandy.... Diýmek, wagt- ruhy bir ýagdaý we ol gysgalmaga başlady. Soňky barlaglar netijesine görä, häzir bir sutka 18 sagat dowam edýär, geçen ata-babalarymyz döwründe ol doly 24 sagatdan ybaratdy. Bu biz günde 6 sagat ýitirýäris, diýmekdir. Ine, şonuň üçin hem biz işlerimizi ne doly bejerip bilýäris we ne doýup uklap bilýäris. Wagtyň gysgalanyny görkeziji deliller ýeterlik. Işleýiş görnüşine görä asyrlar dowamynda bejerip gelinen dowamly etalon hereketleri gaýtalaýan adamlar şu günlerde özlerini nähili duýýandyklary hakynda ýeterlik derejedäki obýektiw teswirleri internetden tapmak mümkin. Ýönekeý edip aýtsak, edil bir hili bolan amaly geçmişdäkiler bejerip gutaran bolsalar, häzirkiler bu amaly bejermäge wagty ýetmeýär. Meselem, gijesi bilen ybadat edip çykýan ruhanylary (bu ýerde hristian, musulman - kimi mysal alsak hem bolýar) alyp göreliň. Ybadathana (metjid) kadasyna görä, olar mälim bir wagt içinde belli mukdardaky dogalary okap çykmaly. Eger öňler ruhanylar (mollalar) bir gijäniň dowamynda wezipe edilen dogalary okap, soň Gün çykýança biraz dynç almaga ýetişen bolsalar, indi bolsa, edil şo wezipedäki dogalary okap gutarmak üçin ruhanylara bir gije ýetmeýär. Diýmek, wagtymyz diýseň az galan eken. Galanyny näme etmek bolsa her birimiziň öz ygtyýarymyzda. Ýagny, wagtymyzy ybadat üçin işledýärismi ýada bihuda zatlara sarp edip goýberýärismi... o dünýäde her haýsymyz özümiz üçin gadyrly bolan zady Allatagala görkezip bilmek ygtyýaryna eýediris...

Köneler, OrazM tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir