Ýurt Garaşsyzlygymyzy gazananymyzdan soňra, biziň ata-babalardan gelýän milli buýsanjymyzy özünde jemleýän ýaşyl ýazlara meňzeýän ýaşyl baýdagymyzyň döredilen güni bolan 19-njy fewral döwlet derejesinde baýdak baýramy diýlip uly dabara bilen baýram edilip bellenilýär. Ýaşyl ýazlary ýatladýan, ömür dowamatymyzyň reňki bolan ýaşyl Baýdagymyz! Bu sözde, gör nähili uly we ajaýyp many bar. Gör nähili synmaz ruhy güýç bar. Gör nähili belentliklere bolan galkynyş bar, ösüş bar. Baýdak bu biziň döwletimiziň nyşany bolup, dünýä ýurtlarynyň baýdaklaryndan öz milli öwüşgünleri bilen tapawutlanýan beýik buýsanjymyzdyr. Onuň ýaşyl reňki nesilbaşymyz Oguz han atamyzyň belentde parladan ýaşyl tugyndan alnan nyşandyr. Haly gölleri bäş welaýatymyzyň agzybirligini, jebisligini aňlatsa, aý-ýyldyzy parahatçylygy, abadan ýaşaýşy aňladýar. Ondaky zeýtun şahajyklary belentliklerden baky ýaşaýyşdan nyşandyr. Şahyrymyzyň dilleriniň senasyna öwrülen ýaşyl baýdagymyz hakda döredilen goşgularda şeyle taryp edilýär. Ýaşyl ýazlara meňzeş Meniň ýaşyl baýdagym Ygrarym hem mertebäm Öpüp kasam aýdaryn. Buýsanç bilen diýýärin! Ýaşa, ýaşa baýdagym Taryp edip ýürekden Joşup aýdym aýdaryn Synmaz saňa buýsanjym, Täjisiň sen depämiň Sylyp seni maňlaýa Ýeňişlerde bekärin Çille ýüpekden dokap, Bezenip çöller bilen Guwanýarys şanyňa Bagtyýar iller bilen Görüşimiz ýaly, ýaşyl baýdagymyzyň bu söz biziň üçin iň mähriban, iň mukaddes düşünjedir. Ýaşyl Baýdak! Ata Watan! Bu sözler biri birinden aýrylmaz bitewilikdir hem iki sany mukaddeslikdir. Olary biri-birinden aýryp bolanok. Ýaşyl baýdagymyz watan mukaddesligini, watan düşünjesini özünde jemläp, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan döwletimiziň dünýä ýüzünde ykrar edilmegini kepillendirip, al-asmanda pasyrdaýar. Ruhy buýsanjymyz bolan ýaşyl Baýdagymyzyň döredilen güni mynasybetli bellenip geçilýän şanly senämiziň baýramçylyk dabarasynda döwlet derejesinde uly çäreler geçirilýär. Medeniýet işgärlerimiz, bagşy-sazandalarymyz bu toýy aýdym-saz bilen bezese, zähmet adamlary zähmet ýeňişleri bilen garşy alarlar. Sagdynlygyň we ruhybelentligiň ýyly bolan 2017-nji ýylda bellenip geçiljek ýaşyl Baýdagymyzyň 25 ýyllyk şanly toýuna halkymyz syýasatda, ykdysadyýetde, medeniýetde gazanan uly özgertmeleri we ýeňişleri, üstünlikleri bilen barýarlar. Garaşsyzlygymyzyň, Bitaraplygymyzyň, berkararlygymyzyň nyşany bolan ýaşyl Baýdagymyz belent binalaryň depesinde pasyrdaýar. Aziada 2017-de ezber, gaýratly, edermen sportsmenlerimiziň bäsleşiklerde gazanjak ýeňişiniň kepili bolup gujurly gollarynda al asmanda lowurdar.

Köneler, TDUmaksat tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir