Şu ýylky saýlawlar 2007-nji we 2012-nji ýyllaryň Prezident saýlawlarynyň tapawutlanmak bilen, saýlawlara ilkinji gezek 3sany syýasy partiýa gatnaşýar. Ol hem beýleki döwletlerde bolşy ýaly, Türkmenistanda-da köptaraplaýyn syýasy ulgamyň işjeň subutnamasydyr. Jemi saýlawlara 9 dalaşgär gatnaşýar, olaryň 3 sanysy syýasy partiýalaryň we 6 sanysy raýatlaryň insiatiw toparynyň hödürlän dalaşgärleridir. Saýlawlar täze şertlerde we kämilleşdirlen hukuk giňişliginde geçirilýär. Mysal üçin, ilkinji gezek Prezident saýlawlaryna syýasy partiýalaryň üçüsi: Demokratik, Senagatçylar we telekeçiler hem-de Agrar partiýalary gatnaşýarlar. Täze hukuk giňişliginde geçirilýän häzirki saýlawlar Türkmenistanyň Saýlawlar kodeksinde kanun tarapyndan berkidilendir. Ol 2013-nji ýylda kabul edildi we umumy kabul edilen halkara kadalaryna laýyklykda işlenip taýýarlanyldy. Kodekse laýyklykda Türkmenistanda doglan, ýaşy 40-dan az bolmadyk, döwlet dilini bilýän, soňky 15 ýylda ýurtda hemişelik ýaşaýan we işleýän raýat Türkmenistanyň Prezidentligine dalaşgärlige hödürlenip bilner. Saýlaw kodeksine laýyklykda, dalaşgärlige hödürlemek hukugy syýasy partiýalara, şeýle hem raýatlaryň teklipçi toparyna degişlidir. Türkmenistanyň Demokratik partiýasy 1991-nji ýylda, Senagatçylar we telekeçiler partiýasy 2012-nji ýylyň awgust aýynda, Agrar partiýa 2014-nji ýylyň sentýabr aýynda döredildi. Şu partiýalaryň bäsleşiginiň ýurduň syýasy durmuşyna täze öwüşgün berip, giň bäsdeşligi üpjün edýär. Partiýalaryň üçisi-de Türkmenistanyň Prezidentligine dalaşgärleri kesgitlediler: Demokratik partiýa häzirki döwlet baştutany Gurbanguly Berdimuhammedowy, Senagatçylar we telekeçiler partiýasy “Rysgal” Täjirçilik paýdarlar bankynyň müdirýetiniň başlygy Begmyrat Atalyýewi, Agrar partiýa- partiýanyň Mary welaýat komitetiniň başlygy Dyrdygylyç Orazowy hödürleýär. Saýlawlara raýatlayň teklipçiler toparlarynyň altysy döredildi. Olardan Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygynyň orunbasary Maksat Annanepesow, Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary Jumanazar Annaýew, Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän kärhanasynyň direktory Remezan Durdyýew, Daşoguz welaýatynyň häkiminiň orunbasary Meretdurdy Gurbanow, Ahal welaýatynyň ykdysadyýet we ösüş baş müdirliginiň başlygy Serdar Jelilow, “Garabogazsulfat” ÖB-niň baş direktory Suleýmannepes Nurnepesow dagy Prezidentligine dalaşgärlige hödürlenildi. 2012-nji Prezident saýlawlarynda teklipçiler toparlarynyň 9-sy saýlawlara gatnaşmaga isleg bildirdiler, emma, olardan iki topar öz dalaşgärini hödürlemek üçin zerur sesleri toplap bildiler. (03.01.2017 ý. Turkmenistan.gov.tm) Häzirki saýlawlarda toparlaryň altysynyň hemmesine sesleriň zerur sanyny toplamak başartdy, bu bolsa, türkmen jemgyýetiniň raýatlyk kämilligine, halkyň, ýurduň syýasy durmuşyna işjeň gatnaşmagyna şaýatlyk edýär. Saýlawlary geçirmek üçin taýýarlyk işleri giň gerimde geçirilýär. Häzirki wagtda saýlaw möwsümi işjeň ýagdaýda dowam edýär. Dalaşgärler özleriniň maksatnamalaýyn çykyşlaryny amala aşyrdylar we häzir bolsa saýlawçylar bilen duşuşýarlar. Ýurdumyz boýunça saýlaw uçastoklarynyň 2582-si, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynda bolsa, saýlaw uçastoklarynyň 39-sy döredildi. Saýlawlaryň işine gözegçilik etmek üçin ýerli synçylary saýlap alsak işi hem tamamlandy. Ýerli synçylaryň 3223-si hasaba alyndy. Mundan başga-da iri halkara guramalaryň–Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝEHHG), Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy (GDA), Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy (ŞHG) ýaly birnäçe guramalaryň hem halkara synçylar toparyna saýlawlaryna gatnaşmagyna giň mümkinçilik döredilýär.

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir