Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň parasatly, öňdengörüjilikli ýolbaşçylygynda halkyň we döwletiň bähbidinden ugur alyp durmuşda geçirilýän işler geriminiň giňligi, manysynyň çuňlygy bilen Türkmenistanyň her bir bagtyýar raýatynda halkymyza, Watanmyza, Gahryman Arkadagymyza bolan buýsanjy, guwanjy ösdürýär. Gül watanymyzda ähli ugurlarda hemmetaraplaýyn uly ösüşler gazanylýar. Türkmenistanyň konstitutsiýasynyň rejelenen görnüşinde jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlyklarynyň adamdygy konstitusiýamyzyň maddalarynda öz beýanyny tapýar. Munuň özi Hormatly Prezidentimiziň “Döwlet adam üçindir” diýen ynsanperwer şygary bilen eriş - argaç bolup geçýär. Türkmenistanyň raýatlary özleri hakda Hormatly Prezidentimiziň, hökümetimiziň, döwletimiziň alada edýändigini görüp we duýup ýaşaýarlar, zähmet çekýärler. Munуň aýdyň mysalyny Hormatly Prezidentimiziň permanyna laýyklykda 2017-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan zähmet haklarynyň, pensiýalaрyň, döwlet kömek pullarynyň, talyp haklarynyň 10% köpeldilendiginde görýäris. 2017-nji ýylyň 12-nji fewralynda möhüm jemgyýetçilik syýasy çäre Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary geçiriler. Bu jemgyýetçilik syýasy çäräni ýokary işjeňlik ýagdaýda geçirmekde häzirki wagtda uly taýýarlyk görülýär. Bu hem Türkmenistanyň konstitutsiýasyna laýyklykda demokratik, hukuk, dünýewi döwletimizde demokratiýanyň, açyklygyň, aýdyňlygyň ýene bir ýola aýdyň ýüze çykmasy bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen gül Watanmyzda binalardyr desgalaryň, önümçilik kärhanalаrynyň, täze-täze obadyr şäherleriň, mekdepleriň, çagalar baglaryň, ulag ýollarynyň gurluşygy güýçli depginde alnyp barylýar. Geçirilýan beýik işleriň netijesinde gül Вatanymyz berkararlygyň, bagtyýarlygyň, adamlaryň abadan asuda, bol-elin ýaşaýan mekanyna öwrülýär. Biz şunuň gymmatyny bilmelidiris. Ösüp gelýän ýaş nesil sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý edmelidir. Ýaramaz endiklerden daşda durmalydyr. Iň gowy gylyk-häsiýeti bolmalydyr. Gowy okap, halal zähmet çekip, eziz Watanymyzy ösdürmäge mynasyp goşant goşmalydyrlar. 2017-nji ýylda Aşgabat şäherinde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary geçirilýar. Munuň özi Hormatly Prezidentimiziň ýurdymyzy sagdynlygyň we ruhybeletligiň Watanyna öwürmekde durmuşa geçirýän uly işleriniň aýdyň görkezijisidir. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly: Watan biziň gözümiziň görejidir! Watan başymyzyň täjidir! Watana söýgi iň beýik söýgüdir! Watan biziň buýsanjymyzdyr! Ata watanymyzy dünýäde iň bagtly adamlaryň ýaşaýan mekanyna öwürmek ugrunda alyp barýan beýik işlerinde Gahryman Arkadagymyza diňe üstünlikler ýar bolsun! Hormatly Prezidentimiziň jany sag, belent başy aman, ömri uzak bolsun.

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir