Her ýurtda bu baýramçylyk özboluşly bellenilip geçilýär. Täze Ýyly belleme däpleriniň dürliligine garamazdan, olaryň esasynda geljege bolan ynamlylyk, täzeliklere we arzuwlara bolan ymtylyş, biri-biriňe hormat goýma duýgulary ýatandyr. Argentina Köne däbe görä, geçýän köne ýylyň soňky güni edaralaryň gullukçylary penjireden köne kalendarlary, gerek bolmajak iş kagyzlaryny zyňýarlar. Buenos-Aýresde eýýäm ikindinara pyýada geçelgeleri we maşyn ýollary kagyzlaryň galyň gatyna örtülen bolýar. Hiç kim bu däbiň haçan we nähili dörändigini bilenok. Ýöne täsin ýagdaýlaryň hem ýüze çykýan halatlary az bolanok. Bir gezek kelleleri gyzan bir gazetiň redaksiýasynyň işgärleri bütin arhiwi daşyna zyňaýypdyrlar. Bolgariýa Däp boýunça bu ýurtda Täze Ýyly öýde belleýärler. Baýramçylygyň öň ýanynda bar "agyr ýük" maşgalanyň iň kiçi agzasyna düşýär: ol bütin agşam arçanyň ýanynda durup myhmanlara aýdym aýdýar. Ýöne agşam 12 bolandan soň başlanýan täsinliklere körpejik gatnaşmaýar. Ol wagt öýlerde çyra öçürilýär we hemme myhmanlar biri-biri bilen öpüşip gujaklaşýarlar. Öpüşip keýpden çykanlaryndan soň bolsa, öý bikesi içine kiçijik oýnawaç sowgatlary salnyp bişirilen süýji pirogy kesip paýlaýar. Italiýa Täze Ýyl agşamsy Italiýada köçelerde ýöreme howply bolup durýar. Bu ýurdyň ýaşaýjylary köne ýyl bilen hoşlaşyp penjireden hemme köne, gerek bolmajak goşlaryny zyňýarlar. Köne zatlaryň ýerini täze zatlaryň tutjakdygyna ynanýan italýanlar agşam 12 bolandan, uly lezzet bilen köne zatlaryny daşyna zyňýp başlaýarlar. Kelläňize köne tikin maşynynyň ýa-da oturgyjyň zyňylyp biljekdigini ýadyňyzda saklap, ünsli bolmalydyr. Germaniýa Täze Ýyl gijesi ýaş çatynjalar we halaşýan jübütler penjireleriniň öňünde ýaragdan atýarlar. Jübütler näçe köp atsalar, şonça hem olaryň duýgulary berk bolýar. Täze Ýylyň öň ýany nemeşler oturgyja münýärler we sagadyň birinji urgulary bilen köplenç täze ýyla "bökýärler". Täze ýyl düşewüntli bolar ýaly, eliňde teňňe bolmaly. Bagtlylyga we täze güýje bolsa, güýzden bäri balda saklanýan käşiri iýme bilen ýetilýär. Şwesiýa Täze ýylyň öň ýany goňşylaryň gapysynda gap-gaç döwýärler. Finlýandiýa Täze ýyl sowgatlary saçaga goýlup, üstleri jam bilen ýapylýar. Gyzlar eginaşar kiçijik köwüşjagazy zyňýarlar. Eger ol burny bilen gapa tarap düşse – toýa garaşibermeli. Beýik Britaniýa Iňlisleriň gadymy däpleriniň biri – Täze Ýyl pürsüni ýakmakdyr. Täze ýylda çapylan agaç bir ýylyň dowamynda guradylýar. Bir ýyldan soň, täze ýylyň öňsyrasynda guran agaç öýe getirilýär we öý pejinde ýakylýar. Gury pürsiň küle öwrülýänçä uzak ýanmagy bagtlylygyň nyşany höküminde kabul edilýär. Ondan başga-da, iňlisler Täze ýyl baýramçylygynda öz milli tagamyny – iňlis pudingini iýýärler. Pudingiň içine dürli manyny aňladýan, kiçijik zatlar salnan. Iňlisler öz "bagtyny" ýuwutmajak bolup pudingi haýallyk bilen iýýärler. Kuba Kuba, hemme baýramçylyklary belleýşi ýaly, Täze ýyly hem şagalaň bilen belleýär. Täze ýylyň öň ýany kubalylar hemme bedreleri, küýzeleri we jamlary suwdan dolduryp, sagadyň dilleri 12-ä baranda, suwy penjireden guýýarlar. Goý, köne ýyl edil suw ýaly aňsatlyk bilen gitsin. Ýenede: sagadyň her sesli urmasy bilen bir üzümden iýmeli, 12 urgy – bagtly bolmak üçin 12 üzüm! Ýanýan çyralaryň, salýutlaryň aşagynda bütin gije, güýçden gaçýança Kuba tans edýär, aýdym aýdýar, şatlanýar. Ýaponiýa Ýaponlar öýe bagtlylygyň, abadançylygyň gelmegi üçin öýe girilýän gapydan arçanyň we bambugyň şahajyklaryny asyp goýýarlar. Irden, Täze ýyl öz hökümini başlan çagy, olar öýden daşyna çykyp günüň dogmagyny garşylaýarlar. Günüň birinji şöhleleri bilen olar biri-birini gutlap, sowgatlaryny berýärler. Bu ýerde iň gowy baýramçylyk sowgady höküminde... çarşak berilýär. Onuň bilen öýe rysgaly "alma" oňaýly. Ýaponlaryň gadymy düşünjesine görä, eger çaga täze ýylyň öň ýany arzuw edýän zadynyň suratyny çekip, ýassygynyň aşagyna goýsa, arzuwlar hökman hasyl bolýar. Şonuň üçin hem, Täze ýylyň öňsyrasynda körpeler surat çekme bilen başagaý bolýarlar. ABŞ Amerikanlylar Täze ýyl sowgatlarynyň dolanşyna, gaplanşyna uly gyzyklanma bildirýärler. Täze ýyl sowgatlaryny açyp görme uly şowhuna öwrülýär. Mongoliýa Bu ýurtda Täze ýyl maldarçylyk baýramçylygy bilen bile düşýär. Şonuň üçin hem çalasynlygy, batyrlygy talap edýän bäsleşikleriň geçirilmegi bilen utgaşýar. Mongollar hem baýramçylygy Täze ýyl arçasynyň daşynda garşylaýarlar. Olara hem maldaryň eşigine geýnen Uwlin Uwgun (Aýaz baba) gelýär. Onuň egninde possun, kellesinde bolsa tilkiniň possunyndan tikilen telpek bar. Hindistan Hindistanda gadymylykdan saklanýan däbe görä, Täze ýylyň öňýanynda hiç him gaharly, kineli bolmaly däl. Yryma görä, ýylyň birinji güni nähili geçse, bütin ýyl hem şeýle bolar. Birma Bu ýerde Täze ýyl baýramy ýylyň yssy möwsümine gabat gelýär. Däbe görä, birmalylar biri-biriniň üstüne suw guýup Täze ýyl bilen gutlaýarlar. Şeýle gutlaglardan hiç kim öýke-kine etmeýär. Hytaýlylaryň saçagynda bolsa kesilen harsiss gülleriň goýulmagy hökmany bolup durýandyr. Sudanlylarda bagtlylygyň nyşany – gök, entek bişmedik hoz. Olar üçin arzuwlaryň iň gowsy – gök hozy tapmagy arzuw etmekdir...

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir