…Ilki bilen hinden syçanyň tumşugy göründi. Murtlary taýzaryp duran, ujunda kinniwanja, gyzylja nokatjyk bolan çal tumşuk, “tys-tys” edip, öwran-öwran ysyrgandy. Soňra tüýlüje tumşuk öňe süýşdi-de, hiniň deşiginden iki sany ýeser garaýan, gara nokat bilen, ikiýana hereket edýän çal gulak çykdy. Ýeser jandarjyk, zyndan hökmünde ulanylýan, çuňlugyndan ýaňa, agzyndan asmanyň bölejigi mis teňňe kimin, kiçijik bolup görünýän, gurruk guýynyň iň garaňky künjünde, gara suduryň küçen deýin, eplik-ýaplyk bolup, gymyldy-hereketsiz ýatandygyny görüp, ekezlendi. Ol çalasyn aýaklary bilen “gybyrdyklap” hinden çykdy-da, birdenem zyndanyň ortasynda sakga durdy. Dessine-de öz batyrlygyndan özi elheder alan ýaly, hiç bir sebäpsiz ýerden, uzyn guýrugyny jaýtartdy-da, hinine garşy zymdyrylyp, ökjäni göterdi. Emma sähel salym geçip-geçmänkä hiniň deşiginden ýene-de çal tumşuk görünip, tyssyklap başlady. Soňra syçan ýene-de ýaňky hereketlerini gaýtalady. Şeýdip syçan ençeme gezek özüniň “gorkakbatyr” oýnuny oýnanyndan soňra, ahbetin gara suduryň içinde jan bara çalym etmeýändigine halys ekabyrlanyp, oňa golaý bardy. Şol pille-de hälden bäri syçanyň her bir hereketini ýarym ýumuk gözüniň gyýtagy bilen synlap ýatan sudura birden jan girdi. Ol syçany penjesine gysmak üçin, duýdansyz elini uzatdy. Emma ýeser jandar ol çala herekete giren badyna, çalasynlyk bilen, ýyldyrym çaltlygynda hinine garşy okduryldy. Sudur hatda elini uzatmaga-da ýetişmän, diňe hinine girip barýan syçanyň guýrugyny görüp galdy. Şondan soň syçan görünmedi.
Sudur bolsa özüniň çakgan jandarjygy tutmak üçin eden synanyşygynyň şowsuz tamamlanandygyna ahmyr edýän ýaly, ganjaryşyp duran ýaralardan ýaňa ýaryk-ýaryk dodagyny dili bilen ýalady-da, “Heý Nejep, Nejep!” diýip sussypes pyşyrdady. Sag böwrüniň üstüne köp ýatandygy sebäpli doňup gidendigini syzan Nejep, beýleki böwrüne dönmek üçin, çala gymyldanda öz işine ezber rum jelladynyň öten agşamky çekdiren jebir-jepalaryndan ýaňa kül-owram bolup gelýän bedeni, tutuş agyry-ynjydan dolup, saňňyldap gitdi. Dişini gysyp, näçe çydajak bolsa-da ol: “ymm-m-m” edip, iňlänini duýman galdy. Ol niresiniň has öte agyrýandygyna düşünip bilmedi. Köz ýaly gyzardylyp, endamyna basylan demir myhyň yzlarymy ýa-da agaç çekiç bilen urlup, mynjyradylan aýagynyň barmaklary…Öz hökmürowanlarynyň üzeňňisinden üç geçäýjek bolup, ýallaklap, ilgeziklik bilen özüniň goragsyz tenini tüýtmeleýän jelladyň, porsan maslyga sülekeýini akdyryp garaýan şagalyň bakyşyna çalymdaş nazary hakydasyna gelende, Nejebiň ini tikenekläp gitdi. Ol tutuş süňňi bilen sandyrady. Şol pille onuň göwnüne bolmasa, türkmen dilinde çalgyrtlap, her bir sözüni hetjikläp-hetjikläp gaýtalaýan gypjak dilmajynyň ýigrenji owazy gulagyna gelen ýaly boldy.
--Sen, türkiman balasy, çoh ezýetler görmüş olup, hunabalar ýuwduplar, jan berersen, iň ýahşysy, seljuk soltanynyň jansyzynyň ismini bizlere mälim kyl sen, ýah iýip, ýüpeh geýer sen, rum kaýsarynyň baş geňeşdary Tibon saňa şäherleriň şasy Konstantinopolda köp ýahşy dühan açyp beredi, maldan-puldan, emlähden hor bolmaz sen! Söýle türkiman beçesi! Kim ol içaly? Kim ol, älem-jahany gazaby bilen sandyrama kylýan Beýik hem Hökmürowan Kaýsar, Roman Diogeniň ümmülmez asman deýin, ymgyr leşgeriniň arasyna mar kibi suwlup giredi we ähli pynhanlyklary seljuk soltanyna çawuş çakyp, aýan kylyp, toprak astyndan işläp durupdy?!
Nejep süňňi bilen galpyldap gitdi-de, göýä, jellat, dilmaç we ýüzünden gar ýagdyryp, bolup geçýän zatlara dahylsyz ýaly, käte bir gapdalyndaky, orta ýaşan, hyzmata gaýym hatdatynyň özüne uzadýan kagyzyna göz gezdiren bolup oturan rum kaýsarynyň baş geňeşdary Tibon Grahus ýanynda duran dek, tisginip, kellesini galdyrdy. Çar ýanyna ýaltaklady. Dessine hem bir gije-gündizläp, ezýet sekisiniň üstünde özüne edilen sütemlerden bez bolan aňynyň albaýyna aldanandygyna düşünip köşeşdi-de, ýene-de mejalsyz başyny gaty, çyg topraga goýdy.
“Taňrym, herniçe mertsireseň-de, çydamlysyrasaň-da, yzygiderli güzap berlip dursa, adam pahyr her bir howsalaly pikirine tebil tapyp, gaçmaga taýyn bolýan, gorkak haýwanjyga öwrüläýýän ekeni-ow!”
Nejep öz pikirine ajy ýylgyrdy. Emma şol bada onuň gözüniň aşagyna basylan gyzgyn myhyň ýanan yzy dartylyp, sanjyp gitdi. Ol ýüzüni ejirli çytdy. “Neneň edip züwwetdinje towşanjyga öwrülmejek? Uzak gije-gündiziň dowamynda eliň-aýagyň gaýym daňylgy, üstünde ýatyrylyp gynalan bendileriň ganyndan ýaňa gatap, darka-darka ýarylan ezýet sekisiniň üstünde alaçsyz ýatyp, saňa edýän süteminden lezzet alýan jellat ejiz bedeniňi parçalap, çekeläp, ýakyp durar-da, haýwana öwrülmersiňmi, onsoň? Öwrülmän gitjek ýeriň nire? Jellatdan hem elhenç dilmaç bolsa her gezek aýdanda beýniňe gyzgyn iňňe kimin sanjylýan, nejis sowalyny şol gaýtalap dur, şol gaýtalap dur… “Kim jansyz? Kim ol?” Ilki bir dişiňi gysyp çydaýarsyň, “Rehim ediň, men Taňrynyň bendesiniň ejiz tenine! Çekelemäň meni, tüýtmäň meni! Heniz diri ahyry men, diri ahyry! Ine ol jansyz, ýanyňda dur, ine, dilmajyň her bir sözüni yhlas bilen kagyza geçirip, özüni duşmana ýal etmejek bolup, ejir çekýän men pahyryň her bir iňňildisini göwnübir ýaly ak kagyza nagyşlap duran, hyzmata gaýym hatdat! Şol seljuk soltanynyň tapylgysyz jansyzy! Serediň ahyry oňa, görüň ahyry ony! Görüň-de, men pahyry bir öz günüme goýuň ahyry! Iýmäň meni, gemirmäň meni! Çydamok! Taňrym! Çydamok! Gözleriňi göter ahyry, hatdat! Men seniň syryňy gorap, gör nämelere sezewar bolup ýatyryn, delalatyň ýetsin ahbetin maňa!” diýip, bogazyna sygdygyndan gygyrmaga çalyşýan nalajedeýin göwräniň bokurdaga dykylyp gelýän dönük nalyşyny kalbyň dogumly penjesi bilen bogup taşlamaga çalyşýarsyň. Oňa çenli köz dek gyzaran myh endamyňa galtaşanda ýanýan etiň ysy tütäp gidýär. Seniň etiň ysy! Bada-badam aňyňy deşip gelýän agyry, gatap demre dönen erkiňi kül-uşak edýär-de, diliňi dişläp jebis gysylan dişleriňi gaňryp, açýar. Kalbyňdan dyňzap çykan agyryly gykylyk, tutuş durkuňy elendirýär. Emma tekepbir rum begzadasynyň isleýän sözleri diliňden çykmaýar. Onsoň başlaýar. Jellat öz arwahy ussatlygynyň serlip ýatan bedende düwlen ýumruga dönen polat ruhy dyza çökerip, aman diletmekden ejiz gelýändigine içi ýanýan dek, ähli ukybyny-yhlasyny jemläp, ynsan bedenini parçalap ugraýar. Dilmaç bolsa şol bir sowalyny hetjikläp gaýtalap dur. Tibonyň hem şol bir bolşy, göwnübir ýaly, hatdatyň uzadýan kagyzlaryna käte bir gözüniň gyýtagyny aýlan bolup, agaç kürsüsinde mizemän otyr. Hyzmata gaýym hatdat hem, ezýet sekisiniň üstünde tike-tike edilse-de, soňsuz süteme döz gelmän gygyryp-bagyryp ýatsa-da, syr barada söz sypdyrman, janyny gurban edip ýatan bendä parhsyz halda, haty bilen güýmenmesini kesmeýär. Iň bärkisi gözlerini bir göterip: “Ýan berme, dogan! Ata Watan üçin, Ene Topragyň azatlygyny, Mukaddes Türkmen halkymyzyň mertebesini tug edinip ýüreginde göterýän Beýik soltan üçin, Watan üçin sanýetmez jeňlerde baş goýan ata-babalarymyzyň hatyrasyna, çyda inim! Çyda inim, Alla seniň iki dünýäňi ýagşylykdan we ýagtylykdan doldursyn, mert pederleriň mynasyp zürýady, çyda! Sadagaň bolaýyn, çyda!” diýip gözleri bilen pyşyrdap, ezýetden ýaňa gapylyp barýan gözleriňi ýeke gezek mährem garaýşy bilen sypaýsady! Ýok, ol ýeke saparam seretmeýär!
Jellat bolsa ýadamaýar, armaýar, irmeýär. Sütemini hötjetlik bilen dowam edýär. Soňabaka bolsa wagt hem doňýar, daş-töwerekdäki ähli zat hem ýitýär. Diňe jelladyň elindäki tenine tarap ýakynlap gelýän gyzgyn myh hem, tüm-garaňky, gos-goýy boşlugyň içinde dilmajyň şepbeşik, nejislik bilen ýaňlanýan: “Kim ol, söýle, türkiman beçesi!” diýýän sesi galýar. Gyzgyn demir her gezek galtaşanda ýa-da agaç çekiç her gezek bir barmagy owradanda titräp gidýän nalajedeýin beden bolsa, hunabadan ýaňa bimar bolan ruhuň pursatsaýyn gowşaýandygyndan peýdalanyp, dönüklik etmäge, bady-baran bagyryp, rum begzadasynyň hatdatyny paş etmäge dyrjaşýar. Emma her gezek hem üstünden basylan ýagyş gurçugyna dönen ruh, galanja gaýratyny jemleýär-de, namart bedeniň bogazyndan çaňňalyny urup: “Öl sen, sütemden öl, ýöne geplemersiň, dil ýarmarsyň! Pederlerimiň Watan üçin pida eden janlaryndan kasam edýän, dil ýarman, tümlüge gapgarylarsyň!” diýip, soňky deminde pyşyrdaýar…
Çep böwri hem gurşup ugran Nejep arkan ýatmaga çalyşdy. Emma bili çat açyp gelýändigi sebäpli, ýatyp bilmän, ýene-de sag böwrüne gyşardy. Gözlerini ýumdy. Onuň içi eljuk diýýärdi. Dodaklary hem kepäp durdy. Ony öňňin daňdanlar rum saklawy gapyl basypdy. Şondan bäri iň bärkisi bir döwüm tötek onuň dişine degmändi, bir owurt suw bilen bogazyny öllemändi. Onuň “Hatdat” lakamly jansyz bilen görüşmezinden öň ýanyndaky gije şamlyk edinişidi. “Hatdat” bilen duşuşyp, zerur maglumatlary alanyndan soň bolsa ol iýip-içmäge ýetişmändi. Düşleg ýerine ýetip barýarka, tötänden, duzakda ýatan rum saklawynyň girisine düşüpdi. Rum esgerleri ony Kaýsaryň baş geňeşdarynyň huzuryna getirenlerinden soň bolsa ony “örän oňat tagamlar bilen hezzetläpdiler”, ol tagamlaryň “aşpezi” hem Tibon Grahusyň nirä gitse ýanyndan goýmaýan kärine ussat jelladydy.
Gyşaryp ýatyşyna Nejep özüniň nädip rumlularyň eline düşendigi hakynda oýlanyp başlady. Beýik Soltanyň baş weziri parasatly Nyzam-al-mülküň hut özüniň buýrugy bilen Nejep, Anadoly ülkesine tarap ýola düşüp, rum kaýsary, Roman Diogeniň baş geňeşdary Tibon Grahusyň guly we şahsy hatdaty, gypjakly Ahmetýar, hakykatda bolsa, sahip-bariý Ymameddin Al Merwezi bilen duşuşyp, onuň rum leşgeri barada toplan gymmatly maglumatlaryny ýat bekläp alyp gaýtmalydy. Beýle ýumuş Nejebiň ýerine ýetirýän ýumuşlarynyň ilkinjisi däldi. Ol eýýäm üç ýyl bäri Nyzam-al-mülküň döreden gizlin işler diwanynda gulluk edýärdi. Özüne buýrulan iň kyn tabşyryklary kemsiz-kössüz ýerine ýetirýändigi üçin hem Nejep soltan fiskallarynyň içinde iň ynamdary we ussady hasaplanýardy. Gizlin işler diwanynyň begi, Beýik soltanyň Sahyphabary we Baş weziriň sag eli, Şaraf-al-mülk hem hut şonuň üçin Nejebi sylap, sarpa goýýardy. Bu gezek hem Nejep hiç-hili başdan geçirmesiz “Hatdat” bilen duşuşmaly ýerine bardy. Olar duşuşdylar. “Hatdat” habar bermeli maglumatlaryny Nejebe ýetirdi. Nejep hem ol maglumatlary ýat bekläp, yzyna döndi. Emma düşleg ýerine ýetip barýarka dumly-duşdan “Ur-ha-ur!” diýen gykylyk ýaňlanyp, onuň üstüne rumlularyň hakyna tutmalary bolan uzlaryň atlylary döküldiler. Ol hatda atynyň jylawyny başga ugra burmaga-da ýetişmedi. Yzly-yzyna oklanan iki sany kement onuň boýnundan ilip, ony gürpbasdy etdiler. Nejep birbada özüni ýörite yzarlap duzaga düşürendirler öýdüp, juda gorkdy. Sebäbi eger-de ony yzarlan bolsalar, onda “Hatdatyň” hem peýmanasynyň doldugydy. Bu bolsa türkmenler üçin örän agyr, hatda öwezini dolup bolmajak ýitgidi, sebäbi rum leşgeri barada “Hatdatyň” habar berýän maglumatlarynyň belli bahasy ýokdy. Üstesine-de “Hatdat” “garyndaşlarynyň” ynamyndan peýdalanyp, rum kaýsarynyň mähnet leşgeriniň esasy atly güýjüni emele getirýän, hakyna tutma gypjak, uz, hazar, peçeneg atlylarynyň serdarlary bilen, olary Beýik Soltanyň tarapyna çekmek üçin şowly gepleşikleri alyp barýardy. “Hatdatyň” kimdigi aýan bolan badyna Beýik soltanyň rum leşgeriniň arasyndaky görgür gözi gapylyp, parasatly dili lal açana dönjekdi. Elbetde Nyzam-al-mülküň hemişeki öňdengörüjiligine mahsuslykda “Hatdat” onuň rum leşgerindäki ýeke-täk içalysy däldi. Dürli taýpalardan bolan hakyna tutma atlylaryň arasynda enteşip ýören galandarlar, telbe-diwanalar, aýdyjy ozanlar, rum leşgeriniň yzyna düşüp gelýän ownuk söwdagärler kändi. Olaryň arasynda bolsa parasatly weziriň “gözleri we gulaklary” goşun içiniň her bir hereketini sypdyrman synlap ýördüler. Ýöne olaryň ählisiniň jemläp berýän ownuk maglumatlaryndan “Hatdatyň” ýeke jümlesi müň esse gymmatlydy.
Emma haçan-da Tibon Grahus ony özüniň gypjak dilmajynyň üsti bilen sorag edip ugranda, Nejep özüniň säwligiň pidasy bolandygyna düşündi. Şondan soň hem gara başyny gurban etmeli bolsa-da “Hatdatyň” syryny paş etmezligi ýüregine düwdi. Häzire çenli hem ol özüniň ýüregine düwen niýetine amal edýärdi. Emma jelladyň berýän tükeniksiz sütemlerine döz gelip, dil ýarman jan bermek oňa başardarmyka?! Ine şuňa welin, Nejebiň ynamy ýokdy. Dogry, ol bir gije-gündiziň azabyna çydady, ýöne baş geňeşdaryň diňe şonuň bilen çäklenip, ony gününe goýmajakdygy köre hasady. Eger-de ol bir günde döwülmese, ertesi gün ýene-de daşyna geçerler, ertesi gün döwülmese, birigün bar, soňkysy gün bar, umuman Taňrynyň beren güni köp! “Iki-üç günki güzaplara çydasa, teni öler, onsoň neneňsi ejir berseler-de, öli teni ynjyny duýmaz” diýip pikir eder ýaly hem däl, eger-de ol şu günki berilýän jebirleri erte duýman başlasa, oňa her gün üçin täze sütemi oýlap taparlar, tenini kesim-kesim ederler, etiniň her tikesini gulagy ýaly edip dograrlar, ýöne oňa iň soňunda “Hatdatyň” syryny aýtdyrarlar…Onda näme etmeli? Soňsuz süteme ynsan däl, al-arwaham çydap bilmez. Bu çykgynsyzlyk ahyry! Gaçmalymy? Nädip?!
Nejep gözlerini göterip, öz zyndany bolan gurruk guýynyň hol ýokarda görünýän agzyna tarap garady. “Beýik. Bu ysgynsyzlygym bilen çykyp bilmerin, üstesine diwarlary hem ýaldyrap dur, dyrmaşar ýaly däl. Ýüpi bolsa kim saňa oklajak. Guýynyň agzynda hem sak garawul oturandyr.” Nejep ahmyr bilen hyrçyny dişläp gözlerini ýumdy. “Onda näme etmeli? Her günki berilýän güzaplara boýunalyk çydap, döwülip, owranyp, “Hatdaty” bu şagallara şam edýänçäň ýatybermelimi?! Hudaýyň beren güni-hä ymgyr kändir, ezýet sekisinde takga janyň çykaýmasa, ahyr bir gün dil açmaga mejbur ederler. Takga janyň çykmagyna hem ýol beräýmezler, gyssanman-howlukman, ugruňa seredip, tä dönüklik edýänçäň diri saklamak üçin sünnäläp, gynarlar. Eý Taňrym, onda näme etmeli? Näme etmeli ahyry, Haktagalam?! Ugur-ýol görkez, medet ber, goldaw ber, Päk Perwerdigär! Men pahyr bendäňe, ine şeýdip, göbek ganym daman ýeri, gadymy hem müdimi Merwiň ajap ülkesinden alysda, allajy ýagyň zeýli zyndanynda, ölüp-ýitip gitmäge ýol berme, Hudaýym!”
Nejep içinden Hak Perwerdigäre mynajat edip ugranda, birhili öz gözgyny halyna özüniň haýpy gelip, hamsygyp goýberdi. Ol tasdanam: “Meniň ölesim gelmeýär, Taňrym, ýaşasym gelýär, ýaşasym gelýär!” diýip bady-baran aglap başlaýardy. Ýöne şol pille tutuş durkuny dolduran ejizlige gany gaýnan dek, kalby: “Naçarlama, naçarlama!” diýip, assalyk bilen ýylan ýaly haşşyldady. “Näme naçarlaýarsyň? Eger ejizlejek bolsaň kim saňa: “bu pişä başyňy goş” diýdi, ýatmaly ekeniň, Hudaý diýip, kakaň pahyryň Dargandaky üzüm bagynda! Synaga çydamajak bolsaň, ölümiňi boýun almak islemeýän bolsaň, Merwiň rustanynda ömrüni daýhançylyk-bagbançylyk bilen ötüren kakaň, kakaň kesbinden kemal tapýan agalaryň ýoluny dowam etmeli ekeniň! Kim saňa biliňe hanjar gysdyryp, bedew ata atlan diýdi, kim seniň goluňdan çekip, zor bilen gizlin işler diwanyna getirdi. Özüň aýagyň bilen bardyň. Saňa ýeňil şöhrat, tiz baýlaşmak höwesi itergi berdi. Seniň ömrüne depelerinden gum sowrup ýören kakaňdan, agalaryňdan tapawutlanasyň geldi. Ulus-iliň gözüne öz görkezen edermenlikleriň göz gamaşdyryjy lowurdysyna beslenip, şan-şarafat bilen ýalpyldap görnesiň geldi…Has dogrusy…”
Şu ýerde aňynda dörän täze pikir Nejebiň gabaklaryny terpenmäge mejbur etdi. “Has dogrusy, ulus-iliň gözüni däl-de, şöhrat donuna beslenip, baýlyk lybasyna çolanyp, Beýik Soltanyň synmaz häkimligine daýanyp, Merwde senetçileriň kürenlerinde, neçjarlaryň hatarynda ýaşaýan, Ysmaýyl neçjaryň gyzy Halymanyň balkyldap duran owadan gözlerini gapasyň geldi…”
Halymanyň tün gijede dogan Zöhre ýyldyzy deýin, lowurdap duran gözleri, gül jemaly hakydasyna gelende Nejep tolgunyp gitdi. Jelladyň şepagatsyz goly bilen para-para edilen bedeniniň yzasy, özüniň zeýli zyndanda ýatandygy, ýene-de sähel pursatdan gaýtadan başyna injek ezýet sekisiniň külpeti, gutulgysyz, jebirli ölüm… bu zatlaryň bary onuň huşundan gaýyp boldy. Hyýalynda diňe goşa ýyldyz deýin lowurdap duran garamyk gözler galdy. Ol jadyly bakyşdan doýup bilmän şol goşa garamygy synlady. Öpdi. Öpdi, ol gözlerden, öpdi, öpdi, doýup bilmedi. Gyrmyzy keteniň içinde tyrsyldap duran näzik bedeni, mymyk bedeni, pamyk bedeni, bigäne el degmedik, keseki göz görmedik bedeni bagryna basyp, gujaklap, sypalap-sermeläp, mährinden ganyp bilmedi. Şol mahal aşa tolgunyp, aýagyny gymyldadanda bolsa ýenjilip, mynjyran barmagy gaty topraga degip, agyrydan ýaňa beýnisi gyzyp gitdi. Nejep ukudan açylan ýaly, tisginip, başyny göterdi.
--Wa-a-ah! Gara gözleriňe iki jahanym sadaga, näzli dilber! Seniň üçin sergezdan bolup, şu hala düşmedimmi eýse! Seniň maňa mähirli bakmagyň üçin gara başymy etegime salyp, zalym çarhy pelegiň gerdişine düşdüm ahyry!
Nejep şeýle diýip pyşyrdady-da, ýene-de gola guýlan ýaly agyr gabaklaryny mejalsyzlyk bilen aşak sallady. Onuň argyn köňli gözleriniň öňüni örten tümlügiň içi bilen ýatlamalar ummanyna gaçdy… Her güýzde miweleriň şerbeti bala döneninden soň Nejep körpe ogla berilýän artykmaçlykdan peýdalanyp, kakasy bilen Merwiň “Jubuka bazaryna” öz baglarynda ýetişdiren miwelerini, miwelerden gaýnadylan toşaply golçalaryny satmaga äkiderdi. Sada oba oglany Nejep haýrana galyp “Gök bazaryň” jahan ýüzüniň ähli milletleriniň dürüşdesinden emele gelen tükeniksiz mähellesine aňkarylardy, murtlaryny pişge ýaly edip, aýlanyp ýören hyrsyz muhtasiblerden bolsa çekinip, kakasynyň arkasynda gizlenerdi. Emma muhtasiblerden çekinse-de ol her gezek kakasyndan galman, Merwe gidýärdi. Kakasy bolsa tutuş mizanyň dowamynda Merwe miwedir-toşap satmaga gatnaýardy.
Günlerde bir günem Nejep uly agasynyň sargydy boýunça kakasynyň beren üç sany mis dirhemini gysymyna gysyp, ykjam kätmen satyn almak üçin neçjarlaryň hatarynda aýlanyp ýörkä, kakasynyň yzyndan günorta naharyny getiren, şol horaşaja geýimli gyzjagaza gözi kaklyşdy. Göräýmäge ol gyzjagazda üýtgeşik bir özüne çekiji görmegeýlik hem ýokdy. Sary giden, köne köýnekli, aýagy öýde ýasalan çepekli, köýneginiň üstünden tüýjerip ugran, köne, ýama-ýama oýlugy geýen, başyndaky hasa dönen taýlasany assa şemala galgap duran, hor, eginleri gysby, ýüz-keşbi garaýagyz, hortap gyzjagaz Nejebiň beýleki görýän ähli gyzjagazlary ýalydy. Tapawutly zady ýokdy. Ýöne Nejep ataly-gyza üns bermän, deňelerinden geçip ötägitjek bolanda atanlykda onuň egni gyzjagazyň egnine kaklyşdy welin, ol Nejebe tarap, şakäse deýin äpet bolup, kiçijik ýüzünde lowurdaýan gözleri bilen şeýlebir seretdi. Şeýlebir seretdi welin, ömründe beýle ajaýyplygy görmedik oglanjyk, ýaňyja-da üns bereniňe degmeýän, görmeksiz gyzjagazyň aý jemalynyň demiňi tutýan gözelligine aňk bolup galdy. Gyzjagaz bolsa-da kakasyna düwünçegini goýdy-da agzyny öweldip, özüne garaýan oba oglanjygynda nazaryny hem ägindirmän, eli bilen, baýdak deýin pasyrdamaga dalaş edýän taýlasanynyň çetini saklap, gözden gaýyp boldy.
Gyzjagaz gideninden soň hem esli wagt haýrany-serasyma bolup duran, Nejep bolsa birhaýukdan özüne gelip, özüni jadylap taşlan goşa garamykly gyzjagazy agtaryp başlady. Kisesi kesilen ownuk söwdagäre dönüp, “Jubukanyň” hatarlarynyň arasynda terslin-oňlyn ylgady, soňra bazardan çykyp, Merwiň kürenleriniň arasyna tutdurdy. Emma ahramy garamykly gyzjagazy tapyp bilmedi. Azaşmagyň bäri ýanynda, entäp-entäp, halys surnugyp, bazar sowlar uçurlary kakasynyň ýanyna dolananynda bolsa, aýtman-diýmän nirelerdir bir ýerlerde ygyp ýörendigi üçin mazalyja şäkert datdy. Soňra olar iki bolup, eşek arabalaryna münüp, Dargana gaýtdylar. Ýolboýy hem Nejep göýä, şol goşa garamykly gyzjagaz, taýlasanyny tug edip, yzlaryndan gelýän ýaly, şol ýeňsesine garandy bardy. Gije-de şol goşa ýyldyzyň lowurdysy onuň düýşleriniň özeni boldy.
Ertesi gün hem ol kakasy bilen bazara gelen batlaryna özüni dogalanana dönderen gyzjagazy gözlemäge ugrady. Ilkinji nobatda-da şol düýnki gyzjagazyň kakasy bolan neçjaryň söwda-satyk edýän ýeriniň golaýynda jaýlaşdy. Sabyrsyzlyk bilen, her pursatyny ýyllara dönderip hem, günorta bolaryna, neçjaryň yzyndan şol gyzjagazyň nahar getirerine garaşdy. Yhlasa-myrat diýleni, gün günorta ýakynlanda hem gyzjagaz düýnküsi deýin, düwünçegini göterip, assa ýöräp geldi. Kakasy bilen bir zatlar gepleşip, düwünçegini goýanyndan soň bolsa yzyna gitdi. Nejep hem garaba-garaba yzyna düşüp, gyzjagazyň öýüniň nirede ýerleşýändigini, şol öýüň goňşulygyndaky çagalardan soraşdyryp bolsa gyzjagazyň adynyň Halymadygyny, onuň kakasyna hem Ysmaýyl neçjar diýilýändigini bildi. Şol günden başlap hem Ysmaýyl neçjaryň garyp külbesiniň ýerleşýän köçäniň çatrygy, hepde-de iň bolmanda bir gezek Nejebiň meýletin garawulçylyk edýän ornuna öwrüldi.
Şeýde-şeýde aýlar aýlanyp, ýyllar ötdi. Nejep ýaş ýigit bolup ýetişdi, ol goşa ýyldyz-gözli gyzjagaz bolsa näzenin gözele öwrüldi. Emma ol gözel ýeke sapar hem özüniň şunça ýyllaryň dowamynda Nejep tarapyndan her ädiminiň yzarlanýandygyny duýmady, sebäbi Nejep gözel gyzy şeýlebir inçelik bilen, bildirmän yzarlaýardy welin, gadymy aýdymda aýdylyşy ýaly, gyzyň her ädiminiň dyngysyz gözegçilikdedigini “ne bag duýýardy, ne bagban”. Ençeme ýylyň içinde Nejep ýeke gezek hem Halyma lak atmaga, onuň bilen söz açmaga synanyşmady. Sebäbi Halyma onuň üçin giden bir Keramatdy. Oňa habar gatmak hem onuň üçin Gudrata tokunmak bilen des-deňdi. Şol sebäpli hem Nejep Halymanyň özi bilen ýeke gezek gepleşip görmän hem, haçan-da öz gezegi gelip ýetende, ejesi assyrynlyk bilen özünden gelin gözleginde kimiň işigini açmalydygyny soranda ol Ysmaýyl neçjaryň adyny tutdy. Ejesi, gelnejesi bilen ýaňy tamdyrdan çykan mele-myssyk nanlary saçagyna dolap, Merwe ugranynda hem onuň gözleri ýolda galdy. Edil janköýer seýsiň çapyşykda bedewiniň ýolunda sadylla bolup galyşy deýin, irikgä bolup sawçylaryň getirjek habaryna garaşdy. Emma her pursatyny asyrlara dönderip garaşylan sawçylar guşlukda dolanyp gelenlerinden soň Nejebiň başyndan kyýamat-magşar indi. Ejesi ikije agyz söz aýtdy: “Ysmaýyl neçjarlar Halyma üçin eýýäm guda bolan ekenler”. Ol sözleriň Nejebe edýän täsirini hiç kim duýmady. Sebäbi zandy syr bermezek Nejebiň hiç bir duýgusy ýüzüne çykmaýardy. Neneňsi harasatlar gopsa-da, onuň göwnünde gopýardy, hiç kim hem özleri bilen äwmän-alňasaman gepleşip oturan ýigdiň kalbynda däli ummanyň gaýlaryna bäsleşýän tupanyň turýandygyny syzmaýardy. Şol gezek hem şeýle boldy. Ejesiniň sözlerini ýüzüniň terzini üýtgetmän diňlän, Nejep: “Hä şeýlemi, eje?! Bolýar-la, bähbit bolsun, başga gapyda gelin nesibäň bardyr-da!” diýdi. Özi bolsa birden çensiz-çaksyz rehimsizlik bilen depesinden basyp başlan mähnet asmanyň agramynyň astynda darka-darka ýarylyp, pytrap barýardy. Ejesiniň guýup beren çaýyny käseden käte bir owurtlan bolup, baglarynyň bu ýylky hasylynyň öten ýylkydan pesdigi hakynda söhbet eden bolup otyrdy. Biline depilen ýylan ýaly, agyra çydaman towlanýan göwni bolsa göwresiniň dar galybyna sygman, bulanyp-towlanyp iňleýärdi.
Nejep şonda çaýyny içip boldy-da, baglarynda işlemek bahanasy bilen öýlerinden çykyp gitdi. Ol gideninde hemişekisi ýaly adaty gadam urup, howlukman gitdi. Kalby bolsa yzyndan tazylar kowalaýan boz jeren dek, tasap, ümdüzine tutduryp barýardy. Çydap-çydap, köňlüni gemrip barýan hasrata per bermän, zordan baglarynyň iň pynhan künjüne ýetdi. Şol ýere geçip hem Allatagaladan özge hemme zatdan gizlenip, tenha özi, hamsygyp aglap başlady. Aglady. Gözleriniň gözýaşyny kepedip bilmän, diňe erkekleriň aglap bilşi ýaly, sojaman, horkuldaman, diňe gözlerinden boýur-boýur döküp, tutuş dünýäsi bilen iňläp, hasratdan ýaňa melul bolup, yranyplar aglady. Şol gözýaşlary bilen bilelikde-de onuň ýigit göwnünden ähli zatlar gözlerinden akyp, ýere siňip ýitip gitdi. Geljege bolan ynam, höwes, durmuş şatlygy, bagta ýetmek arzuwy…Nejep boşap galdy. Öz baglarynyň pynhan künjüne guşlukda ýaş ýigit Nejep geldi, ol ýerden peýşinde bolsa düýbünden başga Nejep turup gaýtdy. Şol pilleden başlap oňa hiç zat gerek bolmady. Halyma hem, ýaşlygy hem, geljegi hem, hatda ýaşaýyş hem… Onuň üçin bar zat gutardy. Jahanda ýaşara, umyt edere, begenere hiç zat galmady. Mežnun tüweleýden soň tozap ýatan düzlükdäki ýaly, onuň guran yhlasynyň peşmegi hem göwnüni assaja yraýan hesret şemalyna şol iki-ýana togalandy ýördi. Şol haňlap ýatan boşluk hem Nejepde ençeme günläp dowam etdi. Günlerde bir gün bolsa Nejep irden oýananda ol öz kalbyndaky tep-tekiz boşlugyň deregine Halyma üçin hiç bir zatdan we hiç kimden gaýtmajak, hiç haçan yzyna dönmejek göreşe taýýar bolan aýgydyň dörändigini duýdy. Şondan soň Nejep galan ähli zady kör edip, irdenden agşama çenli, yns-jynsyň gözüne ilmän, Halymanyň yzyna düşüp ugrady.
Ahbetinem günlerde bir gün, ol öz maksadyna ýetdi. Golaýlarynda bolan toýlaryň birinde märeke bolnup, atly bagşylaryň biri diňlenende, Nejep guba gazlaryň içinde ak guw kimin sülmüräp duran Halymanyň ýaş ýigitlere tarap ogrynça oklaýan nazaryny yzarlap, özi üçin jahanyň genji-hazynalaryndan gymmatly bolan bakyşyň kime niýetlenýändigini bildi. Halyma assyryn hazary bilen Hasan külalyň ogly Şadynyň keşbini mähirli sypaýardy. Şady hem näzli dilbere edil şeýle bakyş bilen jogap berýärdi. Olaryň gözleri bilen gepleşip duruşlary Nejebiň bagryna ok bolup sanjyldy. Nejep eýýäm şol günüň ertesi sorap-idäp, Şadynyň soltan goşunyna gulluga ýazylandygyny bildi.
Şondan soň hem Nejep Şadyny özüne bäsdeş edinip, soltanyň gizlin işler diwanynyň işiginden bardy. Halypasyndan pähim sapagyny alan Şaraf-al-mülk, öňünde duran türkmen ýigdiniň gönüläp, fiskal hökmünde gulluk etmekçidigini aýdyp gelmegini juda geň görse-de, syr bermedi. Gizlin işler diwanyna beýdip hyzmatyny hödürläp ýa-da totänden gelýän adam ýokdy, bu diwana soltana nijeme ýyllap wepaly hyzmat edip, başarnygyny, ukybyny görkezen, taplanan adamlar alynýardylar. Çünki gizlin işler diwanynyň her bir tabşyrygynyň astynda şol ýumşy ýerine ýetirýän adamyň gara başy üçin ägirt uly howp-hatar ýatýardy. Iň bir ýönekeýje ýumuşlary bitirmek üçin hem köp ýylyň tejribesi bilen juda uly başarnyk zerurdy. Onsoňam

Köneler, OrazM tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir