Siziň ähliňizi ýetip gelýän Täze ýyl baýramy - täze 2017-nji ýylyň gelmegi bilen tüýs ýüregimden gutlaýaryn! Her ýylyň öz aýratyn gözelliginiň bolşy ýaly, täze 2017-nji ýyl – Ýedi hazynanyň biri hasaplanýan Towuk ýyly hem Siziň durmuşyňyzda iň ajaýyp, şatlykly we ýatdagalyjy ýyllaryň biri bolsun! Täze ýyl kitabyňyz şatlykly hekaýalardan dolsun! Maksatsyz hiç bir iş amala aşmaýar. Goý, 2017-nji ýylda öňde goýan maksatlaryňyzyň ählisi durmuşa geçsin! Täze ýylda ähli üstünlikler, ýagşy umytlar Siziň bilen bolsun! Täze ýylyňyz ýylgyryşlara baý ýyl bolsun we ýürekden gaýdýan ýylgyryşlar Sizi bagta atarsyn! Ýene bir ýola Sizi Täze 2017-nji ýyl bilen mähirli gutlaýaryn hem-de pursatdan peýdalanyp, Size berk jan saglyk, uzak ömür, egsilmez bagt, ýürekdeşlik we rysgal-döwletlilik, maşgala abadançylygyny, ýurt parahatçylygyny we çekýän tutanýerli zähmetleriňizde mundan beýläk-de rowaçlyklary arzuw edýärin! Goý, Allajan Sizi hemişe öz penasynda aman saklasyn! Aýazbaba

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir