Gedaý we Ependi Günlerde bir gün bir dilegçi daş ýere gitmekçi bolup, Ependiden eşegini soraýar. Ependi bir bahana tapyp, eşegini bermezligi ýüregine düwýär-de: - Häzir eşegim öýde ýok - diýip, jogap berýär. Onýança eşegi aňňyraýýar. Onda ýaňky dilegçi adam: - Eý, Ependi, sen-ä ýalançy ekeniň. Eşe-giň bar ýaly-la! diýýär. Şonda Ependi: - Мen ýalançy bolsam, sen ýürege düşgünç dilegçi. Sen meniň sözüme ynanýarmyň, ýa eşegiň? Eger eşegiň sesine ynanýan bolsaň, bar, şonuň sesine mün-de ötägit - diýip jogap berýär.

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir