Oňde biri ýoldaşyna de-Sirmeni görkezip: — Bu degirmen nähili işleýär? — diýip sorapdyr. Şonda onuň ýoldaşy: — Bu ýel bilen işleýär — diýeninde, ol: — Men onuň ýel bilen işleýänini görýärin. Ýöne onuň suwy nireden alýandygyna düşünemok—diýipdir. * * * Öýlenjek bolýan ýigitleriň birinegiň jalbar tikipdirler. Haçanda onygyzyň garyndaşlary synlamaga gelenlerinde ol öztäzejalbaryny görkezjek bolup eýläk-beýläk ýöräpdir. Gyzyň garyndaşlary: — Seniň jalbaryň giň eken — diýenlerinde, ol: — Bu entek bärkisi, öýde ýene şundan hem giň jalbarym bar—diýip öwnüpdir. * * * Garry awçy öz gyzynyň durmuşa çykjak bolýan ýigidini synlap görmekçi bolupdyr. Ol: — Düýn men durna awladym. Häzir şondan palaw bişireris — diýeninde, giýew boljak ýigit: — Durnanyň eti süýji bolýar—diýipdir. Awçy: — Sen durnanyň etini haçan dadyp gördüň? — diýip soranynda, ol: — Geçen hepde — diýipdir. Şonda awçy: — Seniň aýdýanyň dogry bolmagam ahmal. Ýöne gyşyň ortaky aýy durnalar biziň ülkämizde ýaşanoklar ahyryn — diýip, başyny ýaýkapdyr. * * * Öňde bir ýeke gözli adam iki gözlüden: — Haýsymyz oňat görýäris? — diýip sorapdyr. Şonda iki gözli: — Elbetde, men oňat görýärin. Meniň iki gözüm bar—diýeninde,ýeke gözli: —Men senden oňatgörýärin. Sebäbi men seniň iki gözüň bilen görýän zadyňy ýeke gözüm bilen görýärin — diýipdir. * * * Öňde bir bisowat adam demir ýol menziliniň golaýyndan gazet satyn alypdyr. Ol gazeti okaýandan bolupdyr. Şonda ýolagçylaryň biri: — Gazetde näme täzelik bar? — diýip soranynda, ol: —Gazetde «Bu gün otly az-kem gijä galýar» diýip, ýazypdyrlar—diýipdir. * * * Myhmançylyga gelen giýewisini çaltrak ugratmak islän gaýyny: — Şu gün howa oňat. Ýüzüňe Gün düşýär, arkaňy bolsa mylaýym şemal sypalaýar — diýipdir. * * * — Sen haçan öýlendiň? — Meniň öýlenenime iki ýyl boldy. — Sen: «Öýlenjek däl» diýipdiň-ä. — Men «Durmuşa çykjak däl» diýen gyza duşdum. Onsoň biziň umumy pikirlerimiz gabat gelensoň, toý tutduk. * * * Aýnanyň öňünde durup özüne timar berýän gyzyna ejesi: — Sen hili pes aýnany satyn alypsyň — diýeninde, gyzy: — Eje, bu ýokary hilli aýna — diýipdir. Şonda ejesi: — Mundan kyrk ýyl ozal meniňem aýnam bardy. Oňa seretseň göwnüň galkynýardy. Bu bolsa... —diýip, başyny ýaýkapdyr.

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir