Güneşe baý keremli türkmen topragy ak bugdaýyň ylmy esasda ykrar edilen ilkinji watany hasaplanýar. Baryp-ha geçen asyryň başlarynda Türkmenistanyň çäginde geçirilen ilkinji arheologik gazuw-agtaryşlary ata Watanymyzyň adamzadyň iň gadymy oturymly ekerançylyk mesgenleriniň biri bolmak bilen bir hatarda, ak bugdaýyň hem ilkinji gezek medenileşdirilen topragydygyny doly subut edýän taryhy tapyndylary ýüze çykardy. Has takygy, awçylaryň we ýygnaýjylaryň mezolit (gadymy daş asyry) medeniýetinden neolit (täze daş asyry) ekerançylyk medeniýetiniň kemala gelşini görkezýän ajaýyp taryhy ýadygärlik-Jeýtun umumyadamzat taryhynyň iň irki ekerançylyk medeniýetleriniň biri hökmünde, ýagny eneolit ekerançylyk medeniýeti hökmünde dünýä ylmynda doly ykrar edildi. Biziň eýýamymyzdan öňki VI müňýyllyga degişli diýlip hasap edilýän Jeýtun dünýäniň iň gadymy ekerançylyk medeniýetleriniň sanawyna girýär. Jeýtunyň iki metre ýetýän medeni gatlagyndan tapylan köpläp toýun gap-gaçlarda arpa we bugdaý däneleriniň anyk yzlarynyň saklanyp galmagy we däne döwmek üçin niýetlenen daş döwekleriň tapylmagy Jeýtunda eýýäm ekerançylygyň doly kemala gelendigine, arpanyň we ak bugdaýyň medinileşdirilendigine hem-de ösdürilip ýetişdirilendigine aýdyň güwä geçýär. Biziň eýýamymyzdan öňki V-IV müňýyllyklara degişli bolan eneolit ekerançylyk medeniýeti hökmünde ykrar edilen Änew ýadygärliginde 1904-nji ýylda R.Pampelliniň ýolbaşçylygyndaky amerikan arheologik ekspedisiýasy tarapyndan geçirilen gazuw-agtaryşlary netijesinde bolsa, gadymy änewlileriň ekerançylyk bilen meşgullanandyklaryny ylmy esasda subut edýän tapyndylar-ak bugdaýyň we arpanyň tohumlary ýüze çykaryldy. Ýeri gelende aýtsak, Türkmenistan adamzat taryhynda ekerançylygyň ýüze çykan ilkinji ojaklarynyň biri bolmak bilen, biziň topragymyzda köpläp ösümlikleriň we miweli baglaryň ilkinji gezek medenileşdirilendigini dünýäniň alymlary ykrar edýärler. Ekerançylygyň ýokary medeniýetini kemala getiren gadymy halkymyz bugdaý ösdürip ýetişdirmeklige-de aýratyn möhüm ähmiýet berýär. Çünki türkmen tagamlarynyň arasynda esasy orny eýeleýän, saçaklarymyzyň bezegi, rysgal-berekediň beýik alamaty bolan mukaddes çörege bolan belent sarpa milli aýratynlyklarymyzyň esasylarynyň biridir. Halkymyz duz-çöregi mukaddes saýyp, tamdyry keramat hasaplamak däpleri öz gözbaşyny müňýyllyklaryň jümmüşinden alyp gaýdýar. Türkmeniň baý milli medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolan milli tagamlarymyz köpdürlilige, gaýtalanmajak özboluşlylyga eýe bolup, Güneşe çalymdaş mele-myssyk türkmen çöregi tagamlaryň içinde iň esasysy, baş nygmat saýylýar. Ýeri gelende aýtsak, türkmen milli tagamlarynyň onlarça görnüşlerini taýýarlamakda hem ak bugdaýyň uny, bugdaý, jöwen ýarmasy giňden peýdalanylýar. Halkymyzyň guşgursak ak bugdaýa „uly iliň soltany“ diýip taryplamagy ýöne ýere däl. „Harman aldym-gala aldym“ diýýän türkmen galla oragy möwsümine hem aýratyn jogapkärli çemeleşip gelipdir. Sebäbi bu wajyp oba hojalyk möwsüminiň netijesi bilen biziň saçaklarymyzyň rysgal-berekedi, durmuşymyzyň höziri, azyk önümleriniň bolçulygy gös-göni bagly bolup durýar. Gynansak-da, geçen asyryň dowamynda ýurdumyzyň öňki Soýuzyň çig mal binýadyna öwrülmegi, hususan-da, ekerançylygyň diňe bir ugry-pagtaçylygyň monopolizirlenmegi netijesinde gadymy halkymyzyň gallaçylyk däpleri tasdan unudylmak derejesine çenli baryp ýetdi. Bu nädogry agrar syýasatyň agyr netijeleri bilen soňra, Garaşsyzlyga eýe bolan uçurlarynda ýaş döwletimiz ýüzbe-ýüz bolup, uly kynçylyklary ýeňip geçmäge mejbur boldy. Çörek we çörek önümleriniň ýiti ýetmezçiliginiň birden ýüze çykmagyna öňki ykdysady gatnaşyklaryň duýdansyz çagşamagy sebäp boldy. Birden parçalanan Söýuzyň öňki agzalary öz başlaryny özleri çaramaly boldular. Ykdysady gatnaşyklary täze derejede dikeltmeklik üçin bolsa ýyllar gerek boldy. Şu agyr halda ýaş döwletimiziň öňünde “elini serip” dünýä çykmak ýa-da öz gallasyny, ýagny iýjek çöregini özi öndürmek ýaly iki sany ýol keserilip durdy. Merdana halkymyz we ýaş döwletimiz ikinji ýoly saýlap aldy-“Galla” Maksatnamasy kabul edildi. Ekerançylyk ýerleriniň ýeterlik mukdary galla üçin bölünip berildi, gallaçylygyň maddy-tehniki binýady, agrotehnikasy täzeden dikeldildi, onlap täze häzirki zaman galla kombinatlary, elewatorlar we beýleki senagat desgalary ýurduň çar künjünde gurlup, ulanmaga berildi. Netijede, sanlyja ýyllaryň içinde Türkmenistan öz öndürýän gallasy bilen öz halkyny doly üpjün etmek mümkinçiligine eýe boldy, galyberse-de, indi ata Watanymyz özünden artan gallasynyň ep-esli bölegini dünýä bazarlaryna eksport edýän döwletleriňem sanawyna ynamly goşuldy. Ýeri gelende aýtsak, öňki Soýuz hem hiç wagt öz gallasyny eksport etmek mümkinçiligine eýe däldi, tersine, ol Kanada ýaly iri galla öndürýän ýurtlardan gallany import edýärdi, ýagny satyn alýardy. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary, türkmen daýhanlaryna berýän kömek-goldawlary netijesinde bereketli Diýarymyzda oba hojalyk ekinleriniň giň görnüşleri bilen birlikde ak bugdaýyň bol hasylyny ýetişdirmekde-de uly gerimli tutumly işler üstünlikli alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyzyň döwlet derejesindäki üns-aladasy bilen gallaçy-kärendeçilerimiz üçin ýokary zähmet şertleri, tehnika, dökün we suw üpjünçiligi döredilip, merdana babadaýhanlarymyz bilen döwlet harmanyna tabşyrylýan ýokary hilli hasyl üçin öz wagtynda hasaplaşyklar geçirilýär. Bu bolsa daýhanlarymyzyň durmuş hal-ýagdaýynyň yzygiderli ýokarlanmagyna we olaryň ene topraga bolan halal yhlasynyň barha artmagyna getirýär. Netijede, Türkmenistan indi dünýä bazaryna öz öndüren gallasyny eksport edýän döwletleriň hataryna ynamly goşuldy. Halal zähmete hormat-sarpa goýmak, ylaýta-da, edermen babadaýhanlarymyzyň merdana-janypkeş zähmetini sarpalamak Hakdan halatly türkmen halkymyzyň asylly ruhy-ahlak ýörelgesidir. Muňa dana pederlerimiziň döreden “Zähmet soňy-rehnet”, “Zähmetim bar-hormatym bar”, “Çekseň zähmet, ýagar rehnet”, “Daýhan mert- ýer jomart”, “Tomus depesi gaýnamadygyň gyş gazany gaýnamaz” ýaly onlap dana pähimleri-de doly güwä geçýär. Ýylyň dowamynda edermen babadaýhanlarymyzyň gaýratly zähmetiniň netijesinde kemala getirilen guşgursak ak bugdaýyň bitginli hasylyny gysga möhletlerde we ýitgisiz ýygnap almak galla oragy möwsüminiň baş maksady bolup, bu möhüm çäräni guramaçylykly amala aşyrmak birleşdirilen tagallalary, ýokary guramaçylygy we janypkeş zähmeti talap edýär. Häzir Garaşsyz Diýarymyzda gyzgalaňly dowam edýän galla oragynyň günbe-günden ýokarlanýan depgini orak möwsüminiň ýokary guramaçylygyny, ýerden zer öndürýän daýhanlarymyzyň zähmet joşgunyny aýdyňlygy bilen görkezýär. Ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik guramalary, medeniýet, söwda ulgamynyň edara-kärhanalary hem zähmetkeşleriň iş öndürijiligini ýokarlandyrmaklyga, öňdebaryjy iş tejribäni hemmetaraplaýyn goldamaklyga, ýaşlaryň arasynda arassa we döredijilikli zähmeti wagyz etmeklige, zähmet köpçüliklerinde agzybirligi ündemeklige gönükdirilen çäreleriň çäginde galla oragy möwsüminde zähmet bäsleşiklerini, gallaçylaryň medeniýetli argyn çykarmaklaryny, medeni we söwda hyzmatlaryndan meýdan şertlerinde peýdalanmaklaryny guramak ýaly asylly çäreleri giňden ýaýbaňlandyrýarlar. Döwletimiz tarapyndan hem-de iri jemgyýetçilik guramalary tarapyndan ýylyň-ýylyna gallaçy-kärendeçileriň, galla oragyna gatnaşýan kombaýnçylaryň, bugdaý daşaýan awtoulaglaryň sürüjileriniň we galla kabul ediş bölümleriniň işgärleriniň arasynda zähmet bäsleşikleri yglan edilýär. Yglan edilýän zähmet bäsleşikleri hut şu jogapkärli möwsümi ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmekde, halal zähmetiň hakyky pälwanlaryny-edermen babadaýhanlary, kombaýnçylary, awtoulag sürüjilerini we beýleki oba hojalyk işgärlerini öndürijilikli zähmete höweslendirmeklige, zähmet öňdebaryjylaryny ýüze çykarmaklyga we höweslendirmeklige gönükdirilendir. “Ýaryşly iş- ýeňişli iş” diýlişi ýaly, galla oragy möwsüminde yglan edilen zähmet bäsleşigi ýokary netijelere beslener. Iň ýokary netijeleri gazanmagy başaran gallaçy-kärendeçiler, kombaýnçylar, sürüjiler zähmet ýaryşynyň ýeňijileri hökmünde hormat-sarpa mynasyp bolýarlar. Netijede, olar ýaş nesil üçin arassa we halal zähmetiň görelde alarlyk nusgalary hökmünde uly abraýa eýe bolýarlar. Merdana halkymyzyň halal zähmete hormat-sarpa goýmak ýörelgelerinden ugur alyp, ýurdumyzyň hökümeti tarapyndan ussat gallaçylarymyz we oba hojalykçylarymyz uly döwlet sylaglary bilen yzygiderli sylaglanýarlar. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan iňňän oýlanyşykly döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde barha rowaçlanýan ýurdumyzyň obasenagat toplumyny döwrebaplaşdyrmak, oba hojalyk önümleriniň öndürilişini we gaýtadan işlenilişini yzygiderli artdyrmak arkaly azyk bolçulygyny üpjün etmek ugrundaky tagallalar üstünliklere beslenýär. Ähli ugurlar bilen birlikde oba hojalygynda gazanylýan ýokary netijeler, üstünlikli amala aşyrylýan maksatnamalar bolsa, ilkinji nobatda, mähriban halkymyzyň bagtyýar we bolelin durmuşyny üpjün etmeklige, ýurdumyzy kuwwatly, senagat taýdan ösen, halkara giňişliginde hormatlanýan ösen häzirki zaman döwletine öwürmeklige gönükdirilendir. Şeýle mukaddes il-ýurt bähbitli işe öz mynasyp goşandyňy goşmak bolsa, biziň her birimiz üçin belent mertebedir hem parzdyr. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe, goý, halkymyzyň rysgal-berekedi has-da artsyn! Çäjiňize bereket, edermen gallaçy babadaýhanlarymyz!

Köneler, TDUmaksat tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir