VI «Ýagşylyk et-de, derýa at, balyk biler, balyk bilmese, Halyk biler» diýen nakyl halk arasynda juda ýörgünli. Pederlerimiziň pendi siňen eserlerde bolsa, «Ýagşylyk et — Halyk biler, şunuň özi ýeterlik» diýilýär. Ýene bir pendi-nesihatlarynda bolsa «Ýagşylyk et we unut» diýip, eden ýagşylygyňy ýatlap ýörmezlik, diliňe almazlyk, minnet etmezlik ündelýär. Çünki ata-babalarymyzyň aýtmagyna görä, «Yzyndan edilýän gep-gürrüň ýagşylykdyr sadakanyň sogabyny köýdürermiş». Berekediň egsilip, özüňde bar bolan ukyp-başarnyklaryň hem ýok bolmagyna sebäp bolarmyş. Gadym wagtlarda bir adamyň depesinde elmydama bulut gezer ekeni. Çölüň jöwzasynda dagy ol buludyň gymmatyny san we söz bilen ölçäp boljak dälmişin. Ýolda-yzda sataşan, gabat gelen adamlary hem şol buludyň astyna saýalamaga çagyrar eken. Epgekden pena tapmak üçin, mürähede mähetdel, adamlar hem onuň ýanynda, şol buludyň saýasynda menzil aşar ekenler. Ýöne depesi bulutly adamyň minnetini welin her kim çekip bilmändir. Ol özüniň bu täsinligi bilen buýsanmagy, öwünmegi diýseň halaýar ekeni. «Eger men bolmadyk bolsam, siz bu çölde heläk bolardyňyz. Şu buludyň saýasy bolmadyk bolsa, jöwzada çürüşip galardyňyz. Munuň ýaly salkynja kölegäni baglardanam tapyp bilmersiňiz. Görýäňizmi, men size nähili kömek etdim?!» diýen ýaly sözler bilen gulaklaryny kamata getirer eken. Onsoň, adamlaryň käbiri minnetiň ýalnyna bagryny dagladandan çölüň howruna teniňi dagladanyň has ýeňil diýip, bir sellemden soň ho-ol beýleräkden ýörär eken. Ýok, «aýdar-goýar» diýip, aýdýanyna ähmiýet bermeýän biperwaýlar bolsa, barjak ýerlerine çenli onuň bilen ýörär ekenler. Günlerde bir gün oňa şol çöl ýolunda pukara bende sataşypdyr. Ol ony hem buludynyň saýasyna çagyrypdyr. Gele-gelmäne hem öwnüp başlapdyr. Minnet baryny ýagdyrypdyr. Pukara bende sesini-üýnüni çykarman, käwagt bir «hä-hüm» berip, başyny atyp gelýän ekeni. Ahyry bu minnete buludyň özi hem çydam etmändir. Ýolaýrytda pukara bende öz iline sowulmakçy bolanda, ýaňky öwünjeňiň başyndaky bulut bu garybyň üstüne geçip, ony saýalamaga başlapdyr, öňki eýesinden aýrylyşypdyr. Käteler biz öz minnetimiz bilen juda öte geçip, başarnyklarymyzyň ýok bolmagyna sebäp bolýarys. Onsoňam, eden ýagşylygyňy diliňe çolap ýörmeklik hem uslyp görülmeýär. Magtymguly Pyragy bu hakda «Bir ýagşylyk etse adam biweji, Her mejlisde ýüz ýol tile getirmiş» diýip ýazýar. VII Haramyň soňunyň ýokdugy, uzaga gitmeýändigi durmuş wakalarynyň, tymsallaryň üsti bilen gündelik diýen ýaly gulagymyza guýlup durulýar. Göre-göre gelinýän hakykata göz ýumanyň bilen onuň täsiri, hökümi ýitenok, güýji gaçanok. Haram gazanç ahyry bir ýeriňi böwsüp çykýar. Adamy endişä salýan aladalaryň biri — ertiriň — heniz gelmedik günleriň pikirini etmek. Şu gün şoňa ýygnap, basyryp, basyp goýmasa, erteki gün aç öläýjek ýaly. Janly-jandarlaryň içinde diňe dört zat ätiýaçlyk gor ýygnaýar diýilýär. Şolaryň biri hem adam. Emma «Her günüň rysgy şol günüň özi bilen bile gelýär» diýen ata-baba pähime gulak asýan adamlar üçin howsala düşere, harsydünýälik edere hiç hili sebäp, bahana ýok. Magtymguly atamyzyň: «Ýeter saňa ir-u giç ne ýazylsa kysmatda, Janyňa jepa eýläp, munça gezme hasratda, Sogap ýagşy amalda ýa jud ýagşy niýetde» diýen sözlerini tumar edinip dakynybermeli. Biz öz rysgymyzy azrak emgenip ýa-da eglenip, halal ýol bilen gazanyp bilýärkäk, howlugyp ýa-da hars urup, haram ýol bilen aljak bolmak düýbünden nädogry. Rowaýatlara görä, bir gezek salyh ýagşyzadalaryň biri goňşy obadaky tanşyna hal-ahwal soraşmaga barypdyr. Bedewinden düşüpdir-de, şol ýerdäki ýaş oglanlaryň birinden öýe girip-çykýança atyny saklamagy haýyş edipdir. Ýagşyzada uzagrak eglenendir-dä, wagty bilen çykmansoň, aty saklap duran oglan özüni içki pikirlerine — nebsine oýnadyp başlapdyr: «Şunça sakladym, wagty bilen çykmady. Çykansoňam, «Taňryýalkasyndan» başga zat beresi ýok. Gel, şu atyň jylawyny, uýanyny bazara eltip sataýyn-da, özüm garbak-gurbak edineýin» diýipdir. Şeýdibem, bedewiň ähli şaý-esbabyny alyp, bazar jaýyna ötägidipdir. Barybam, elindäki ähli şaý-seplerini üç dinara satypdyr. Şondan az salym soňra ýaňky ýagşyzada hem öý eýesi bilen daş çykypdyr, hoşlaşypdyr. Aty saklap duran oglana bu hyzmaty üçin üç dinar bermegi ýüregine düwüpdir. Atyň ýanyna gelse, ne oglan bar, ne-de atyň şaý-esbaby. «Men oňa aty saklandygy üçin şu üç dinary bermekçidim. Bähbit bolsun, esbabyny alyp gidipdir, oglan oňarmandyr» diýipdir. Soňra şol ýerdäki ýaş ýigdekçeleriň biriniň eline ýaňky puly tutdurypdyr-da, uýan, eýer, jylaw alyp gelmegi sargapdyr. Bulam bazara baryp, söwdalaşyp, şol bedewiň hakyky öz esbabyny ýene-de üç dinara satyn alyp getiripdir. Atalarymyz aýdýar ahyry «Halal mal eýesine gowşar» diýip. Bu rowaýat şeýle söz bilen jemlenilýär: eger-de şol oglan birazajyk sabyr, kanagat eden bolsa, şol üç dinary halal ýol bilenem aljak ekeni, emma nebsine uýup, ogurlyk edip, haram ýol bilen gazandy. Gadymdan gelýän şeýle bir düşünje bar: «Eger-de bir zady haram ýol bilen gazanmak mümkinçiligi peýda bolsa, pähim et, biraz sabyr etseň, sen şonça mukdardaky zady halal ýol bilenem gazanarsyň. Üstesine, halal gazanjyň berekedi zyýada bolar». Çünki alnyňa ýazylan zat, rysgal, baýlyk, şowlulyk, üstünlik, rowaçlyk, hiç wagt eýesinden sowa düşmeýär. Ynsanlar Hakyň saňa rowa görmedik zadyny dil bilen, göz bilen, söz bilen alarlar, emma maňlaýyňa ýazylan bagtyňy, rysgal paýyňy welin hergiz alyp bilmezler. Ynsanyň özüniň hem bu derejesine halal ýol bilen ýetmegi, halallyk bilen gazanmagy eý görülýändir. VIII Dogruçyllygyň we her bir hereketiňde halal gazanmaklygyň niýet-höwesiniň neneňsi gowy zatlary hasyl edýändigini birbada aňşyrmaýan bolmagymyz ahmal. Käteler käbir zatlar ýörite biz üçin döredilen, ykbaldan ýollanan pursat ýaly görünýär. Hatda şol ýagdaýlarda hem has göwnejaý we halala muwapyk hereket etmeklik, göz öňüne getirişimizden hem has gowy zadyň üstünden eltýär. Ýaňy maşgala guran ýaş çatynjalaryň öňünde eklenç, gazanç meselesi örboýuna galypdyr. Är-aýal bile oturyp, nähili zähmet çekenlerinde has girdejili boljakdygynyň gamyny iýipdirler. Mümkin bolan dürli ýollary ara alyp maslahatlaşypdyrlar, ýöne haýsy bir işiň gyrasyndan barmakçy bolsalar, birbada ugrugar ýaly maýa gorunyň gerekdigine göz ýetiripdirler. «Belki, birbada günlükçi duraryn. Her günki gazanjymyzyň ondan birini has uly maksatlarymyz üçin aýryp bilsek, pylança günden düýpli işe girişmäge gurbatymyz boljak» diýip, adamsy pikirini ýaňzydypdyr. «Ertir irden bolsa metjide baryp, işlerimizi ugrukdyrmagy üçin Hakdan ýardam-enaýat diläýin, enşalla, nireden başlamalydygymyzy kalbymyza guýar» diýipdir. Pyragynyň «Säher wagty ýatmaň, dileg çagydyr» diýip aýdyşy ýaly, ýaňky pyýada aladaňdan metjide tarap ýola düşüpdir. Namaz okapdyr, dileg-doga edipdir. Metjitden çykyp, öýlerine tarap ýola düşüpdir. Birdenkä onuň gözi bir daragtyň gyrasynda duran düwünçege düşüpdir. Baryp, alyp, açyp görse, içinde belli bir mukdardaky pul bar ekeni. Ýaňky adam «Pully düwünçegini ýitiren barmy?» diýip, töweregindäki adamlardan sorap başlapdyr. Ýöne, hemmeler «ýok, biziň-ä habarymyz ýok» diýşip, geçip gidipdirler. Ep-esli wagt eýesini idäp, eýläk-beýläk çarp ursa-da, netije bolmansoň, «Diýmek, bu biziň rysgymyz bolmaly. «Hudaý diýene, Hudaý ýetirýär» diýleni eken. Eýesini sorap, ençeme gezek idedim, seslenen bolmady. Muny öýe alyp gideýin» diýipdir. Öýlerine gelibem, bolan wakany aýalyna gürrüň beripdir. Ýöne, aýaly bu hereketi hiç unamandyr. «Bize öz halal zähmetimiz bilen gazanylan baýlyk gerek. Munuň üçin biz hiç der dökmedik. Ertir şol ýerlere baranyňda, ýene-de ideşdir, belki başga biri ummasyz puluny ýitirip, kösenip ýören bolmasyn» diýipdir. Adamsy ertesi irden hem şol ýerde peýda bolupdyr. Ýene-de pully düwünçegiň eýesini idäp başlapdyr. Birdenkä bir ýaşuly onuň gaşynda peýda bolupdyr. «Inim, men düýn şu ýerlerden geçip gidenim ýadymda, ýöne pully düwünçegimi nirede gaçyrandygym huşumda däl» diýipdir. Ýaşuly oňa düwünçegiň daşky sypatlaryny we içindäki puluň mukdaryny hem beýan edipdir. «Ine, bu hut şol düwünçek, ýaşuly, alyň» diýip, ýigit ony eýesine gowşurypdyr. Ýaşuly hem düwünçegi alypdyr we içindäki dinarlaryň ýerbe-ýerdigine göz ýetirensoň, düwünçegi ýene ýigidiň eline tutdurypdyr. «Bu düwünçek siziňki. Üstesine ýene dokuz müň dinar hakyňyz bar» diýipdir. Ýigit ör-gökden gelipdir: «O nähili biziňki bolýar? Ýok, ýaşuly, bu siziňki. Bize öz halal zähmetimize düşen hak ýeterlik» diýip, almakdan ýüz öwrüpdir. «Diňle, ogul, bu pullar aslynda meniňki hem däl. Ýöne sahawatly adamlaryň biri zandyhalal birine ýagşylyk etmegi pugta ýüregine düwen ekeni. Ol meni ýanyna çagyrdy-da: «Senden bir haýyşym bar. Adamlaryň köp gelip-gidýän we ýagşy amal edýän ýerlerine içinde müň dinar bolan şu düwünçegi taşla. Eger-de biri tapyp alsa, soňra hem eýesini idäp başlasa, ilkinji gün sesiňi çykarma. Ertesi gün gaýtadan idemese, şol müň dinar şoňa halal bolsun. Ýöne, her bir hereketini has halallamak isleýän biri bolsa we ertesi gün eýesine gowşurmak üçin ýene-de idäp başlasa, bu hereketleri üçin oňa goşmaça dokuz müň dinary gowşur. Bu şonuň kalbyny päk, niýetini tämiz saklap, her bir amalynda, işinde takwalyga, halallyga per berýändigi üçin bizden ýollanan ujypsyzja bir ýagşylyk bolsun» diýdi. Ine, bolan wakalara özüň şaýat. Şonuň üçin hem şol sahy-jomardyň haýyşyny göz öňünde tutup, bu pullaryň ählisini öz halal ojagyňyza siňdirmegiňizi towakga edýärin» diýipdir. Ynsan hemişe halal hereket etmegi ýüregine düwse we muňa amal etse, ykbal oňa garaşmaýan ýerinden bol-bol bereketleri we üstünlikleri miýesser eder. Her bir müşgil işiň aňsat çykalgasyny görkezer. Işlerini ugrukdyrar we zada zar etmez.

Köneler, Mirab tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir