Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak we halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak ýurdumyzy ösdürmegiň strategiýasynyň esasy ugurlaryny düzýär. Bazar gatnaşytklaryna geçmegiň şertlerinde dünýä ykdysadyýetiniň meýillerini nazara almak bilen ähli pudaklaryň durnukly ösüşini saklamak üçin toplumlaýyn çäreleri işläp düzmek we durmuşa geçirmek zerurçylygy ýüze çykýar. Belli boluşy ýaly, häzirki wagtda dünýä ykdysadyýeti örän haýal ösýär, sebäbi oňa çökgünlik bilen bagly ýaramaz ýagdaýlar öz täsirini ýetirýär. Türkmen ykdysadyýeti, edil beýleki döwletleriňki ýaly, dünýä ykdysadyýeti bilen baglanşyklydyr. Şonuň üçin hem dünýä ykdysadyýetinde bolup geçýän hadysalar ýurdumyzy ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalary amala aşyrmaga belli bir derejede täsir edýär, täze çözgütleri tapmagy talap edýär. Garaşsyzlygymyzy alan ilkinji günlermizde ilatymyz üçin döwrüň kynçylyklaryny ýeňilleşdirmek maksady bilen köp ýeňillikler göz öňünde tutuldy. Aýratyn bellemeli zat, ol hem şeýle ýeňillikleriň dünýäniň hiç bir, hatda has ösen ýurtlarynda-da ýokdugydyr. Häzirki döwürde ilatymyzyň ýaşaýyş derejesi ýokary derejä ýetdi. Şol sebäpli hem, bazar ykdysady bilen baglanşyklykda, öň kabul edilen kanunlara ýuwaş-ýuwaşdan üýtgetmeler girizmek zerurçylygy döreýär. Haýsy hem bolsa bir iş ýerine ýetiriljek bolsa, onda hökman onuň maksatnamasy we meýilnamasy işlenip düzülýär. Ýöne has oňyn netijeleri gazanmak üçin bu maksatnama “jansyz, öli, ýagny, üýtgewsiz” görnüşde däl-de, eýsem hereketli we işjeň ýagdaýda bolmaly. Döwrüň we şertleriň üýtgemegine laýyklykda bu maksatnama goşmaçalar girizilip durmak zerurçylygy ýüze çykýar. Bilim ulgamy barada aýdanmyzda hem dowam etdirilýän özgertmeleri amala aşyrmagyň täze maksatnamalaryny işläp düzmek meselesi öňe çykýar. Meselem, bazar ykdysadyýetiniň talaplaryna laýyklykda orta mekdepleri tamalan ýaşlar yň goşmaça okaman, telekeçilik düzümlerinde işläp bilmeklerini üpjün etmek mümkinçiliklerini göz öňünde tutmak, şol nukdaý nazardan bolsa mekdep maksatnamasynda telekeçilik işiniň esaslaryny, bu ugurdan işleri düzgünleşdirýän kanunlaryň düzgünlerini öwretmegi göz öňünde tutmak zerur bolup durýar. Bu talaplar ýokary okuw mekdeplerine hem degişlidir- degişli ýokary okuw jaýlarynda ýokary derejeli menejer hünärmenlerini taýýarlamak zerur bolup durýar. Bilim hakyndaky Kanunymyzda hem okuwlary tölegli esaslarda guramak mümkinçilikleri göz öňünde tutulan. Şoňa laýyklykda, beýlek döwletleriň iş tejribesini göz öňünde tutup, ýokary okuw mekdeplerimiziň dünýä ýurtlarynyň tanymal ýokary okuw jaýlary bilen ýzygiderli hyzmatdaşlygy ýola goýmaklary, daşary ýurt hünärmenlerini milli okuw jaýlarymyza hemişelik esasda çekmeklik bilen, yzygiderli okuwlaryň ýola goýulmagynyň, talyplaryň hem tölegli esasda okatmaga geçmegiň ýollaryny işläp taýýarlamak maksada laýyk bolup durýar. Belli boluşy ýaly, döwletimizde häzirki wagtda durmuşda zerur bolan hünärmenleri taýýarlaýan ýörite orta bilim berýän okuw jaýlarynyň ençemesi tölegli esasda bilim berýärler. Bu ugurda häzirki wagta hiç hili mesele ýüze çykanok. Eger-de bilimli-sowatly ýaşlar, ýokary derejeli hünärmenler bolmasa, döwletiň hiç hili geljeginiň bolup bilmejekdigine hemmeler anyk göz ýeturýändir diýip umyt edýärin. Aýaratyn bellemeli zat, birinjiden, bu özgertmeler ýuwaş-ýuwaşdan amala aşyrarlar, ikinjiden, özllerine zerur bolan hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen kärhanalar yň özi okuw üçin tölegleri amala aşyrarlar. Bu özgertmeler ilatyň durmuş ýagdaýyna birjikde ters täsirini ýetirmez. Şu maksatlara laýyklykda dünýä ykdysadyýetiniň häzirki ýagdaýyndan ugur alynyp, hemme pudaklrlar boýunça 2030-njy ýyla çenli döwürde ösüşleriň ugurlary kesgitlener.

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir