Halkymyz üç mukaddeslige aýratyn sarpa goýýar. Olar: Ynanç-iman, ata-ene we Watan. Bu üçüsini ähli gowy we beýik zatlara deňeýärler, emma hiç bir zady bular bilen deňeşdirjek bolmaýarlar. Türkmeniň ýürek örki diňe öz Watanynda. Ol hatda behişdi hem başga ýerden gözlänok, onuň hut öz ülkesindedigine ýüregi bilen ynanýar. Bagtyň yzynda ýat ülkelerde sergezdan gezmegiň, gaýta, hakyky bagtdan uzaklaşmakdygyna düşünýär. Ykbalyny, ygraryny, alýan demini Watan bilen ölçeýär. Çünki türkmen watansöýüji millet. Bizi erkin ýaşadýan we bagtly edýän, ýaşaýyş umydyny alawlandyrýan, barha belentliklere ymtylmagymyza badalga berýän zat Watana bolan söýgimizdir. Watan söýgüsi her bir gözelligiň asyl manysyny duýmaklygymyza alyp gelýär. Çünki biziň süňňümizde bu topragyň ülüşleri bar. Biz şu toprak bilen bir göwre – Watandan aýry zadymyz ýok. Watan hakda söz açylanda Nuh pygamberden bäri ösüp-örňän pederlerimiz, dünýäniň dürli sebitlerinde döwlet guran ata-babalarymyz, ylymda, sungatda, medeniýetde uly yz galdyran alymlarymyz, tanymal taryhy şahslarymyz we türkmen diýen buýsançly hem-de şöhratly ada dahylly her bir zat hakydaňda aýlanýar. Ata-babalarymyz dünýä ýüzünde ýetmişden gowrak döwlet guranam bolsalar, ýedi yklyma ýaýylyp-ýaýranam bolsalar, olaryň ählisi üçin şol wagt hem ýekeje Watan bardy. Türkmeniň Watana bolan söýgüsi belentdir. Ata-babalarymyz öz perzentlerini belent watançylyk ruhunda terbiýeläpdirler. Şonuň üçindir, halkymyzyň ady taryhyň islendik döwründe-de dilden düşenok. Mertlik, merdanalyk, garadan gaýtmazlyk, gözsüz batyrlyk ýaly duýgular parasatlylyk, paýhaslylyk, ugurtapyjylyk ýaly häsiýetler bilen utgaşyp, hakyky türkmen häsiýetini hasyl edýär. Watan we namys duýgulary orta goýlanda welin, türkmeniň öňünde döwem durup bilmez. Magtymguly atamyzyň: “...Duşmanyň namardy, merdi bilinmez” diýen setirleri tüýs türkmen aýratynlygydyr. Türkmeniň ýaradylyşam, tebigatdan alýan terbiýesi hem, durmuşdan toplaýan tejribesi hem şunuň ýaly. Watansöýüjilik dem alýan howamyz ýaly ähmiýetli zat hasaplanypdyr. Perzentleriniň dogumly, ugurtapyjy, agzybir, arkalaşykly bolup ýetişmekleri üçin olarda hökmany bolmaly häsiýetleri göz öňünde tutupdyrlar. Beden we ruhy taýdan taplapdyrlar. Bu gün türkmeniň şol beden taplaýyş usullary dünýäniň dürli halklarynda dürli röwüşde dowam etdirilýär. “Gorkut ata” eposynda öküz bilen söweşip, ony boýun edýän Bugajy her birimiz bilýäris. Öküz bilen güýç synamak ähli oguzyň dessurydyr. Häzirki wagtda ýewropa döwletleriniň käbirinde öküzi öjükdirip, kowalaşyp oýnalýan oýun bar. Şol oýun öz taryhyny beýik hun hökümdary Atillanyň ýewropa ýörişlerinden gözbaş alyp gaýdýar. Oguz-türkmen esgerleri aldym-berdimli söweşe girmeziniň öňüsyrasynda ýa-da wagtal-wagtal öküz ýaly güýçli haýwanlar bilen dikleşip, öz güýçlerini mazamlar ekenler. Şeýdibem özlerini taplapdyrlar, söweşe taýýarlapdyrlar. Seljuk we Horezm-Köneürgenç hökümdarlarynyň käbiriniň wagtal-wagtal sümme tokaýa özüni atyp, dürli ýyrtyjy haýwanlar bilen başa-baş söweşendigi, hem öz güýjüni barlandyklary, hem-de haýwanlaryň çalasynlygyny, tilsimlerini öwrenendikleri hakynda taryhy ýazgylar bar. Hatda Omar Haýýamyň ýazgylarynda kenizekleri bilen jeňňellikde aw edip ýören seljuk melikesiniň öňünde äpet göwreli alabeder gaplaňyň bir gaýra saklanyp, soň umma gaçyp gidenligi beýan edilýär. Arkaç ýakalarynda gaplaň bilen dikleşen, gyrda-çölde gurt bilen garpyşan ata-babalarymyz hakda gürrüňler hem kän. Geçen asyryň birinji ýarymynda aýy bilen başa-baş urşup, ony ýeňen türkmen pälwanynyň bolandygyny gürrüň berýärler. Bu zatlaryň ählisi türkmeniň güýç-gaýrat babatda elmydama öz başarnygyny saklap galandygynyň subutnamasydyr. Taryhyň dürli döwürlerinde haja barýan zyýaratçylary garakçylardan goramak üçin türkmen serkerdeleri türkmenlerden ybarat bolan ýörite goşun birikmelerini düzüpdirler. Bular haj möwsüminde we beýleki wagtlarda zyýaratçylary gorap, goraglap, olara hemaýat edip gelipdirler. Bu gün Garaşsyz türkmen döwleti Watana wepaly, ynama ygrarly perzentler tarapyndan mäkäm goralýar. Milletiň ruhy we beden sagdynlygyna, nesillerimiziň belent watançylyk ruhunda ýetişmeklerine aýratyn üns berýän Milli Liderimiz döwletimiziň asudalygyny üpjün etmek üçin döwrebap serhet galalaryny bina etdirýär. Harby esgerler iň kämil enjamlar, abzallar bilen üpjün edilýär. Ol ýerlerde türkmen esgerleriniň elmydama Watanyň gullugynda, beden we ruhy taýdan sagdyn bolup gezmekleri üçin ähli mümkinçilikleri döredýär. Hormatly Prezidentimiziň bu tagallasy ata-baba watançylyk mekdebiniň – atabegler mekdebiniň täze döwre laýyk, zamanabap röwüşde gaýtadan dikeldilmegini aňladýar. Taryhyň bize mälim döwürlerinden şu güne çenli şöhrata ýugrulyp gelen türkmen merdanalygynyň indiki müňýyllyklarda hem dowam etjekdiginiň nyşanydyr. Zamanalar özgerýär. Adamlaryň aň-düşünjesi barha ösýär. Ýöne ähli döwürlerde hem Watanyň, halkyň goragynda bolmak üçin beden we ruhy sagdynlyk howa ýaly zerurdyr. Watany goramaklyk mukaddes borçdur. Bu topragyň perzentleri Watan we il namysyndan ýokarda gaýry bir mukaddesligiň ýokdugyna anyk düşünýär. Bu gün gije-gündiz gözlerini gyrpman Watany goraýan esger özüni mertebe münberinde ýaly duýmalydyr. Çünki oňa iň mukaddes borç ynanyldy. Watan –ýüregiňdäki söýgi bilen beýgelýär. Abat sadapda elmydama sagdyn dür bolýar. Sagdyn bedende sagdyn ruh saklanýar. Hormatly Prezidentimiziň bu aladalarynyň ählisi tutuş halkyň, milletiň asudalygynyň, sagdynlygynyň kepili bolup hyzmat etjek beýik tutumlardyr. Rahmet GYLYJOW, "Nesil"gazeti

Köneler, Mirab tarapyndan 7 years ago
    Muslim85 7 years ago
  • Watan söygisi - imandandyr.
    Muhammet (s.a.w)
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© talyplar.com 2007-den bäri diri