Taýwanda dünýä inen we soňra maşgalasy bilen Angliýa göçüp baran 10 ýaşly başlangyç synp okuwçysy Sonia Ýang jemi 10 dil bilýär. Taýwan dilini, hytaý, ýapon we iňlis dillerini bilýän Ýang Angliýa göçüp baranyndan soňra nemesçe, fransuzça, ispança we portugalça geplemegi öwrenipdir. Gazak we Luganda dilleri bolsa ýaşajyk Ýangyň şu wagtky özleşdirýän dilleriniň hataryna girýär. Emma Ýang iňlis dilinde gepläninde, hemmeleriň özüne oňat düşünýänligini, hut şonuň üçinem iňlis ditini halaýandygyny aýdýar.

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir