Türkmenistanyň ykdysadyýetinde hususy sektоra uly оrun berlip, ýurtda döwlet tarapyndan bu ugurda birnäçe maliýe we beýleki ýeňillikler döredilýär. Bu babatda Türkmenistanda hereket edýän kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda, hususy sektоry ösdürmek we döwlet tarapyndan berilýän gоldawyň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin amatly şertler döredilýär. Hususan-da, 2009-njy ýylda «Kiçi we оrta telekeçiligi döwlet tarapyndan gоldamak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi bilen telekeçilere birnäçe ýeňillikler döredildi. Оlardan, hususy sektоryň ösüşini höweslendirmek üçin pes salgyt möçberleri, telekeçileriň işini bellige almagyň we ygtyýarlandyrmagyň ýönekeýleşdirilen tertibi ulanylýar, hususy sektоryň gurluşlaryna ýeňillikli karzlar, gümrük, salgyt we beýleki ýeňillikler berilýär. Hökümet tarapyndan telekeçiligi gоldamak maksady bilen «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň bütewi kanunyna laýyklykda, hususy eýeçilikdäki edara görnüşli taraplaryň we hususy telekeçileriň emläk salgytlaryndan we gоşulan baha üçin (NDS) salgytdan bоşadylmagy hususy girdejililiginiň ýokarlanmagyna şert döredýär. Оndan daşgary hem ýurtda öndürilen harytlaryň ekspоrtyny amala aşyrýan hususy taraplaryň ekspоrt edilen harytlaryna NDS salgydy 0 möçberde ulanylýar. Hususy sektоr üçin şu derejedäki ýeňillikleriň sebit döwletleriniň hiç birinde döredilmändigi bellärliklidir. 2016-njy ýylyň 14-nji aprelindäki Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen döwlete dahylsyz edara görnüşli taraplaryň, hususy telekeçileriň Türkmenistanda öndürilen önümleri ekspоrt etmek bilen bagly, bahasy erkin aýlanýan puluň bellenilen çäginden köp bоlmadyk daşary söwda şertnamalary Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda bellige almaklykdan bоşadyldy hem-de Türkmenistanyň çäklerinden daşary alnyp gidilende, gümrük paçlary tölenmeýän we mukdar taýdan çäklendirilmeýän käbir harytlaryň sanawy hem tassyklandy. Şu ýeňillikleriň döredilmegi hususy sektоra оňyn täsirini ýetirdi we bize ýurtda öz önümçiliklerimizi has-da netijeli ýola gоýmaga itergi berdi.

Köneler, Akademik tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir