— Eý-ho! — diýip, mugallym başyny tutýar. — Sen zordan ona çenli sanap bilýäň. Ulalaňsoň kim bolup ýetişjegiňi hiç göz öňüme getirip bilemok. — Ulalamsoň, men boks ýaryşynyň emini boljak! * * * Bir oglanjyk syýadana gaçan siňegi çykaryp, kagyzyň üstünde goýupdyr. Az wagtdan oglanjyk ejesine gygyrýan — Eje, seret, siňek edil kakamyň ýazyşy ýaly hat ýazýar! * * * — Myrat, hany maňa pişijegiň suratyny çekip ber-dä! — diýip, ejesi ogluna aýdýar. — Çekmäýin-laý, eje! — Näme üçin? — Gorkarsyň! * * * Myratjyk ejesi bilen haýwanat bagynda aýlanyp ýör. — Eje, maňa maýmyn satyn alyp beräý-dä! — Satyn alyp bererdim welin, oglum, biz ony nädip naharlarys? — Ol-a aňsadyňam aňsady! Seret, hana, ýazylgy dur-a, «Haýwanlary iýmitlendirmek gadagandyr!» diýip. * * * Iki dostuň gürrüňi. — Näme üçin ýumurtgadan jüýje çykýar? — Sebäbi jüýje özüniň heýgenek edilerinden gorkýar.

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir