Günlerde bir gün Ependi bir ata münmek isleýär. Birnäçe gezek ata münjek bolup synanyşýar. Ýöne ata münüp bilmeýär. "Wah, nirede sen ýaşlyk!" diýip, ahmyr edýär-de, adam bar bolaýmasyn diýip töweregine göz gezdirýär. Hiç kimiň ýokdugyna gözi ýetenden soňra öz-özüne: "Ah, Epen- di! Biz seniň ýaşlygyňy hem bilýäris. Şol mahallaram at münüp bileňokdyň-a" diýýär.

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir