Dünýäniň beýleki halklarynda bolşy ýaly, türkmen halkynyň hem özüne mahsus yrym-ynançlary bar. Ýöne häzirki döwürde biziň käbirimiz olara biperwaý seredýäris. Muňa garamazdan milli yrymynançlarymyzyň many-mazmunyna, döreýiş taryhyna, sebäplerine ýüzleneniňde, ata-babalarymyzyň ummasyz durmuş tejribesine, pähimparasadyna haýran galýarsyň. Olaryň birini alyp göreliň. Atababalarymyz çat açan käsäni ulanmandyrlar. Eýşem, munuň sebäbi nämedekä?! Milli ýol-ýörelgelerimiz gözbaşyny ir döwürlerden alyp gaýdýar. Görlüp oturylsa, käse bilen baglanyşykly yrym ,ata-babalarymyzyň dünýäden öten adamy jaýlamak adatlary bilen bagly ekeni. Bu pikiriň esassyz däldigini arheologik gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde tapylan gap-gaç bölekleri hem subut edýär. Elbetde, gazuwagtaryş işleri döwründe abat gapgaçlar seýrek hem boisa duş gelýär. Ýöne daşdan, palçykdan ýasalan gaplaryň abat görnüşde tapylýany seýrekdir. Bu ýagdaý, adatça, wagtyň, ýykan-ýumrançylygyň boýnuna atylýar. Taryhy maglumatlarda dünýäden öten adam jaýlanylanda onuň ýanyna gap-gaçlary, öý goşlaryny, käte at esbaplaryny goýmak däbiniň bolandygy habar berilýär. Bu adat diňe bir türki halklara däl, eýsem, beýleki milletlere hem mahsus bolupdyr. Taryhy çeşmelerde bu adatyň merhumyň ol dünýädäki ýaşaýşynyň dowam edýändigi bilen bagly il arasyndaky ynançlary esasynda dörändigi düşündirilýär. Ýagny merhumyň hossarlary şu goşlaryň ol dünýäde oňa gerek boljakdygyna ynanypdyrlar. Hatda dünýäden öteniň mazaryndan altyn-kümüş pullaryň we beýleki gymmat bahaly zatlaryň tapylýandygy köplere mälimdir. Gadymy türki halklaryň aglabasynda jaýlanylýan adamyň ýanynda gapgaçlaryň çat açdyryiyp goýulýandygy hakyndaky maglumata duşmak bolýar. Göwrümi uly bolmadyk gaplaryň çat açmasyna, döwülmesine ýaramaz ýagdaýyň duýdurylyşy hökmünde düşünilipdir. Hut şu sebäpden hem gadymy türki halklar moý açan gaby diňe bir zyňman, eýsem, ony ýere gömüpdirler. Moý açan gabyň öýde saklanmagynyň erbetlikden nyşandygy hakyndaky ynam dünýäniň köp halklarynda bardyr. Gabyň çym-pytrak bolup döwülmegine bagtyň buşlukçysy hökmünde düşünýän slawýan halklarynda hem onuň doly döwülmän çatlamagy gowulyga ýorulmandyr. Gadymy hytaýlylarda-da çatlan gaba şowsuzlygyň nyşany hökmünde seredipdirler. Moýly käsäniň ol dünýä bilen baglanyşdyrylmagy, biziň pikirimizçe, onuň «moýly» sözi bilen atlandyrylmagynda ýüze çykýar. Sebäbi «maýryk», «maýyp», «moýtuk», galyberse-de, «meýit» ýaly sözler «moý» diýen sözüň kökünden dörändir. Munuň şeýledigini pars dilinde gabat gelýän «ölüm, ölmek, ýogalmak» manyly «moýt» sözüniň, gönüden-göni «öli, merhum» manysyny aňladýan «mäýýet»(türkmençe-meýit) sözleriniň bardygy hem subut edýändir. Diýmek, ata-babalarymyz çat açan käsäni "moýly" sözi bilen häsiýetlendirmek bilen käsäniň ömrüniň tükenendigini, ýaşaýşyny bes edendigini nygtapdyrlar. Ir döwürlerde käsäniň çat açmagy zerarly ýüze çykyp biljek howpdan goranmak maksady bilen moýly käsäni durmuş hajaty üçin ýaramsyz hasaplapdyrlar. Gadymy halklaryň köpüsinde moýly käseden, gapdan öýüň, ojagyň berekediniň syzylyp gidýändigine bolan ynam güýçli bolupdyr. Lukmanlaryň aýtmaklaryna görä, çat açan gapdaky suwuklyk ynsan saglygy üçin zyýanly bolmaly. Halkymyzyň yrym-ynançlarynyň aňyrsynda öýde tertip-düzgüni, arassaçylyk kadalaryny berk berjaý etmek ýaly asylly ýörelgeleriň ýatanlygy aýratyn bellärliklidir. Kiçijik säwligiň soňabaka bejermesi kyn bolan dertlere getirýänligine göz ýetiren pederlerimiziň paýhas mekdebinden öwrenere zat juda kän. Çat açan käse bilen baglanyşykly söhbetiň üsti bilen halkdessurlarynyň aňyrsynda oýlanyşykly düzülen durmuş hakykatynyň ýatanlygyny nygtamak isledik.

Köneler, Mirab tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir