Orta asyrlarda ösen medeniýeti we baý edebi mirasy bilen dünýä halklarynyň arasynda meşhurlyk gazanan şäherleriň biri-de Merwdir. Onuň goýnunda dünýäniň ylmy-medeni ösüşine saldamly goşant goşan beýik alymlar ýetişdirilipdir. Medeniýetiň, ylmyň merkezi hökmünde adygan Merw şäherinde ýetişen alymlar «Merwezi» diýlip atlandyrylypdyr. Bu diýarda ýetişen şeýle alymlaryň biri hem meşhur lukman we taryhçy et-Taberidir. Dünýä medeniýetiniň taryhynda öçmejek yz galdyran tanymal lukman, filosof we taryhçy alym et-Taberiniň asyl ady Ebul-Hasen Aly ibn Sehl Rabben et-Taberidir. Alym merwli maşgalada dünýä gelýär. Onuň kakasy Sehl öz döwrüniň meşhur alymy bolupdyr. Filosofiýanyň taryhyna degişli gymmatly eser ýazan ibnul-Kyfty «Ihbarul-ulema» («Alymlar hakynda habarlar») atly işinde ibn Rabben et-Taberiniň kakasynyň astronom, matematik bolmak bilen bir hatarda, filosofiýa degişli kitaplary hem terjime edendigini aýratyn belläp geçýär. Et-Taberiniň özi-de «ed-Din wed-dewle» we «er-Redd alan-nasara» («Nasaralara garşy ýazgy») atly eserlerinde önüp-ösen maşgalasynyň medeniýeti, bilim derejesi hakynda giňişleýin maglumatlary berýär. Ol «Firdewsül-hikme» («Paýhas bossany») atly eserinde kakasyna berlen «Rabben» adynyň sebäbini şeýle düşündirýär: «Kakam Merw şäheriniň kätiplerinden, asylzada, medeniýetli, ynsanperwer, lukmançylyk we filosofiýa kitaplaryna örän gowy düşünýän adamlaryň biridi. Ýöne atalarynyň sungaty bolan lukmançylyk ylmyna has köp üns berýärdi. Şeýle etmek bilen maksady öwünmek ýa mal gazanmak däl-de, eýsem dini we ruhy taýdan kanagatlylyga ýetmekdi. Şol sebäpden hem oňa «Rabben» diýen at berlipdi. Munuň manysy «Beýigimiz we mugallymymyz (halypamyz)» diýmekdir». Beýik alymyň ömür ýoly hakynda anyk bir maglumat saklanyp galmandyr. Şonuň üçin hem bu akyldar barada ylmy derňewler alyp baran alymlar onuň durmuşy barada dürli çaklamalary öňe sürüpdirler. Meselem, belli gündogarşynas Brokelmann et-Taberiniň doglan wagtyny 808-nji ýyl, Meýerhow bolsa 809-njy ýyl diýip belläpdirler. Emma ylym äleminde akyldaryň eserlerine salgylanyp, onuň doglan wagtyny VIII asyryň soňky çärýegi diýip hasaplaýarlar. Et-Taberi ýaşlyk ýyllaryndan başlap öz kakasyndan lukmançylyk, matematika, filosofiýa, edebiýat we tebigat ylymlaryndan tälim alýar. Ylma bolan höwesi we çäksiz zehini ony dürli ylym merkezlerine alyp barýar. Munuň netijesinde alym öz döwründe ylymda giňden ulanylan arap, pars, assiriýa dillerini çuňňur öwrenipdir, az hem bolsa iwrit we ýunan dillerini-de bilipdir. Mysal üçin, lukmançylyk ylmyna degişli arap dilinde ýazan «Firdewsül-hikme» atly eserini assiriýa diline terjime edipdir. Lukman Aly ibn Rabben az wagtlyk hem bolsa, Tabarystanyň häkimi Mazýar ibn Kariniň hususy kätibi bolup işleýär. 859-njy ýyldaky wakadan soňra, Merw şäherinden aýrylyp, Yrak diýaryna gidýär we halyf Mutasymyň Samerra şäherinde diwan kätipliginde işe başlaýar. Aly ibn Rabben et-Taberi halyf Mutewekkil döwründe has hem meşhurlyk gazanýar. Ol halyfyň lukmany hem-de geňeşdary bolup işleýär. Alymyň başarjaňlygy netijesinde, halyf Mütewekkil oňa «Mewla emirül-müminin» («Möminleriň emiriniň ýarany») diýen ady berýär. Çeşmelerde akyldaryň ömür ýoluna degişli anyk maglumat saklanyp galmandyr. Muňa garamazdan, ylym dünýäsinde alymyň 860-njy ýylda aradan çykanlygy çaklanylýar. Taryhy çeşmelerde alymyň on üç sany ylmy eser ýazandygy barada nygtalyp geçilýär. Emma onuň diňe üç sany eseri biziň günlerimize gelip ýetipdir. Alymyň «Firdewsül-hikme» atly eseri lukmançylyk ylmynyň ähmiýetli eserleriniň biri hasaplanylýar. Alym bu eserini Merw şäherinde ýazmaga başlap, Samerra şäherinde tamamlapdyr. Eseriň jemi ýedi bölümi bolup, otuz makaladan ybaratdyr. Kitabyň içindäki makalalar hem 360 baba bölünýär. Bu eser hindi, eýran, ýunan we arap lukmançylyk ylmyna degişli örän köp maglumatlary özünde jemleýär. «Firdewsül-hikme» häzirki zaman ylmy nukdaýnazaryna gabat gelýär, bu bolsa alymyň öňdengörüjiligine şaýatlyk edýär. Lukmançylyk ylmy bilen meşgullanýan her bir alyma çeşme bolup hyzmat edýän eser Muhammet Zübeýr es-Syddyky tarapyndan «Firdewsül-hikme fit-tybb» («Lukmançylyk ylmynyň paýhas bossany») ady bilen rejelenen görnüşde 1928-nji ýylda Berlinde neşir edilýär. Beýik alymyň lukmançylyk ylmynyň kämilleşmegi ugrunda bitiren hyzmatynyň belli bahasy ýokdur. Şonuň üçin-de ol häzirki günlerimizde «Alymlar äleme öwredýär» diýen şygar astynda «Ibn Rabben et-Taberi lukmançylyk ylymlarynyň başyny başlaýjy» atly makala bilen dünýä tanadylýar. Alymyň biziň günlerimize gelip ýeten «er-Redd alen-nasara» atly eseri Türkiýe döwletiniň Süleýmaniýe kitaphanasynyň Şehit Aly Paşa bölüminiň 1628-nji bukjasynda saklanylýar. Alymyň bu işi barada ilkinji bolup M.Bouyges ylym dünýäsini habardar edýär. Şondan soňra bu eser A.Halife we W.Kuts tarapyndan 1959-njy ýylda Beýrutda neşir edilýär. Alymyň «ed-Din wed-dewle» atly eseri A.Mingana tarapyndan üsti açylyp, ol hakynda 1920-nji ýylda ylym dünýäsine jar edilýär. Şondan iki ýyl geçen soň, A.Mingana tarapyndan bu eser Mançesterde iňlis dilinde we 1923-nji ýylda Müsürde arap dilinde (asyl nusgasy) neşir edilýär. Soňra 1973-nji ýylda Adyl Nüweýhiz tarapyndan Beýrutda rejelenen we çykgytly görnüşde çapdan çykarylýar. Bu iki eserinde taryhyň usulyýeti ýa-da filosofiýasy hakynda gürrüň gozgamak bilen, Aly ibn Rabben taryhyň içki meselelerini öwrenmäge we akyl ýetirmäge ünsi çekýär. Şunda ol jemgyýetçilik ýaşaýşynyň içki taraplary bolan durmuş toparlary, jemgyýetçilik gatnaşyklary, ol ýa-da beýleki wakanyň, hadysanyň bolup geçmeginiň sebäpleri ýaly ençeme meseleleri gozgaýar. Ol taryh hakynda gürrüň edende taryhy hadysanyň, wakanyň içki sebäbini, bar bolan zatlaryň aslyny derňemek, hakykata akyl ýetirmek, sebäbini düşündirmek, beýan etmek, wakalaryň nähili we näme üçin bolup geçendigini ylmy taýdan esaslandyrmak hem-de jemgyýetçilik düşünjelerini deňeşdirmek hakyndaky garaýyşlary öňe sürýär. At-Taberi jemgyýetçilik ylymlaryna, şol sanda taryh ylmyna hem örän ajaýyp nazaryýetleri girizen meşhur alymdyr. Bu eserler taryh ylmynyň usuly we nazary esaslaryny goýýan ajaýyp eserleriň hataryndadyr. Alym taryh ylmynda biziň döwrümize çenli gymmatyny ýitirmedik baky miras galdyrypdyr. Halkymyzyň beýik alymlarynyň, akyldarlaryň ündän haýyrly ýörelgeleri, garaýyşlary biziň şu günki zamanamyzyň ylmy binýadydyr. Ylma saldamly goşant goşan meşhur alymlaryň köptaraply ylmy miraslarynyň öwrenilmegi taryhyň syrly sahypalaryny açar. Bu babatda umumadamzat gymmatlygyna eýe bolan et-Taberiniň döredijiligi hem üsti açylman ýatan hazynadyr. Baýram Muhammedow

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir