Beýik Ýüpek ýoly dünýä siwilizasiýasynyň taryhynda iň bir möhüm üstünlikleriň biridir. Kerwen ýollarynyň köp ugurly torlary Ýewropany we Aziýany Ortaýer deňzinden Hytaýa çenli geçip, gadymy döwürlerde we orta asyrlarda Gündogar bilen Günbatar medeniýetleriniň arasyndaky wajyp söwda gatnaşyklaryň we gepleşikleriň guraly hökmünde çykyş edipdirler. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri taryhda Beýik Ýüpek ýolunyň täzeden dikeldilýän döwrüne öwrüldi. Çünki bu ajaýyp döwrüň ajap ýollaryny halkymyza giňden açan hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen Beýik Ýüpek ýoly täzeden dikeldilýär. Ýewropa we Aziýa yklymlarynyň arasynda ýerleşýän Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan asudalygy, hoşniýetli we parahat¬söýüjilikli daşary syýasaty bilen dünýä ýurtlarynyň ünsüni özüne çekýär. Döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzda halkara ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek bilen baglanyşykly oňyn başlangyçlary dünýä jemgyýeti tarapyndan uly goldawa eýe bolýar. Türkmenistan dünýäniň ulaglar ulgamyna işjeň girişmegi bilen Gündogar-Günbatar we Demirgazyk-Günorta ugurlary boýunça gurlan we gurulýan iri möçberli transkontinental ulag-üstaşyr geçelgeleriniň ähmiýetini barha artdyrýar. Bu başlangyçlar 2015-nji ýylyň aprel aýynda Lançžou Ulag uniwersitetinde geçirilen türkmen-hytaý forumynyň hem üns merkezinde boldy. Türkmenistanda 2015-nji ýylyň Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly diýlip yglan edilmeginiň çäklerinde geçirilen wekilçilikli ikitaraplaýyn duşuşyk Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň ulag-üstaşyr gatnawyny diwersifikasiýalaşdyrmaga bagyşlandy. Forumyň wekilleriniň belleýşi ýaly, ulaglar we aragatnaşyk ýaly geljegi uly ulgamda halkara hyzmatdaşlygy köpugurly we howpsuz halkara ulag infrastrukturasyny talap edýän dünýä ykdysadyýetiniň globallaşmak şertlerinde ýakynlaşmak üçin aýrylmaz ýagdaý bolup durýar. Lançžou forumy Merkezi Aziýany, Hazar, Gara deňiz we Baltika sebitlerini, Orta we Ýakyn Gündogar, Günorta we Günorta-Gündogar Aziýany birleşdirýän täze geoykdysady giňişligiň binýadyny döretmegiň tarapdary bolup, bu maksatlaryň ähli hyzmatdaşlaryň - iri halkara guramalaryň, şeýle hem aýry-aýry döwletleriň esasy maksatlaryna gabat gelýändigini nygtaýan döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlaryny üstünlikli durmuşa geçirmekde ilkinji ädimleriň biri boldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan tarapyndan durmuşa geçirilýän ulag-aragatnaşyk ulgamynda, demir ýolda, awtomobil, deňiz ulaglarynda, awiasiýada iri göwrümli milli taslamalary, şeýle hem hereket edýän ulag geçelgelerini giňeltmek we sebit hem-de dünýä söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň ösmegine kuwwatly itergi berjek täze ulag geçelgelerini döretmek boýunça geljegi uly meýilnamalary göz öňünde tutmak bilen, hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. 2015-nji ýylyň 22-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy Türkmenistan tarapyndan hödürlenen, 85 döwletiň awtordaş bolup çykyş eden ulag we üstaşyr geçelgeleri döretmek barada Rezolýusiýasyny kabul etdi. Bu resminama Türkmenistanyň başlangyçlary bilen, halkara ulag meseleleri boýunça, Birleşen Milletler Guramasynyň derejesinde biragyzdan kabul edilen eýýäm ikinji resminama bolup durýar. 2014-nji ýylda kabul edilen şeýle resminamanyň yzysüre, 2015-nji ýylda hem ulag Rezolýusiýasynyň kabul edilmegi Türkmenistan tarapyndan bu döwürde ähli derejelerde we köp ugurlarda önjeýli iş alyp barylmagynyň netijesi bolup durýar. Mälim bolşy ýaly, 2014-nji ýylyň 3-nji dekabrynda Etrekde, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýewiň we Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhaniniň gatnaşmaklarynda Gazagystan-Türkmenistan-—Eýran transmilli demir ýolunyň açylyş dabarasy boldy. Bu taryhy waka sebit we halkara ulag düzüminiň ähmiýetli bölegine öwrülip, polat ýoluň gurluşygynyň tamamlanmagyny alamatlandyrdy hem-de Aziýanyň we Ýewropanyň arasynda has amatly demir ýol gatnawyny üpjün edýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dabarada çykyş edip, bu demir ýol magistralynyň möhüm Demirgazyk—Günorta halkara ulag geçelgesi bolup, ony döretmek başlangyjynyň millionlarça adamlaryň bähbidine, şunuň bilen birlikde, parahatçylyga we ählumumy abadançylyga gulluk etmek ýaly çuň mazmunynyň bolandygyny belledi. Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen gurlan Gazagystan—Türkmenistan—Eýran transmilli demir ýol geçelgesi bu üç doganlyk goňşy döwletleriň we beýleki birnäçe ýurtlaryň halklarynyň öňünde täze gözýetimleri açdy we Pars aýlagynyň portlaryna tarap gidýän ýükleriň dolanyşygyny artdyrmaga uly mümkinçilikler döretdi. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilen bu halkara ulag-üstaşyr taslamasy eýýam öz oňyn miwesini berip başlady. Ine, şu gün, ýagny 9-njy fewralda Hytaý-Gazagystan-Türkmenistan-Eýran ugry boýunça jemi 31 wagon 32 konteýnerden ybarat bolan halkara ýük otlusy Türkmenistanyň çägine getirilip, ýurdumyzy Ýewraziýa sebitinde polat ýollaryň uly çatrygyna, iri ulag-üstaşyr merkezine öwürmek ugrunda ädilen uly ädimdir. Halk hojalyk harytlaryny daşamak üçin niýetlenen bu otly düzümi ýurdumyzdan üstaşyr geçýän ilkinji konteýner otlusydyr. Halkara söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk hem pugtalandyrjak bu üstaşyr-ulag gatnawy Hytaýdan Eýrana çenli umumy uzynlygy 10117 kilometr ýoly 14 günuň dowamynda geçmek meýilleşdirilýär. Beýik Ýüpek ýolunyň taryhy ugry boýunça bu otly düzüminiň ilki bilen Hytaý Halk Respublikasynda Iwu - Alashankou menzillerini, uzynlygy 4491 kilometr (5 günde), Gazagystan Respub¬likasynda Dosluk - Bolaşak menzillerini, uzynlygy 3417 kilometr (4 günde), Türkmenistanda Serhetýaka - Sarahs menzilerini, uzynlygy 1156 kilometr (2 günde), Eýran Yslam Respublikasynda Tährana çenli uzynlygy 1053 kilometr (3 günde) geçmegi göz öňünde tutulýar. Bu halkara ýerüsti konteýner otly gatnawynyň dört dost-doganlyk döwletleriniň çäginden geçýän ugry suw arkaly ýük daşalyşyndan (tebigy we beýleki şertlere görä 30-40 günüň dowamynda) iki esseden gowrak gysga wagtda, kepillikli, howpsuz, bökdençsiz üstaşyr ulag gatnawy bolup hyzmat eder. Ýurtda ulag-üstaşyr ulgamyny döretmek meselesinde demir ýol ulaglary ulgamy öň hatarda durýar. Bu ulgam üçin 2015-nji ýyl uly dabaralar bilen başlandy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan-Türkmenistan-Eýran halkara magistralynyň gurluşygyna işjeň gatnaşan demirýolçulara döwlet sylaglaryny gowşurdy we 3-nji dekabry Demir ýol ulaglary ulgamynyň işgärleriniň güni diýip belledi we Permana gol çekdi. Pudagyň işgärleri özleriniň ilkinji hünär baýramçylyklaryny täze zähmet üstünlikleri bilen garşyladylar. Türkmenistan - Owganystan - Täjigistan halkara demir ýolunyň gurluşygynda nobatdaky sepgide ýetildi. Demir ýol gurluşygynyň iň çylşyrymly bölegi bolan, ýoluň toprakly düşegi Owganystan bilen serhede ýetirildi. Häzir ýoluň Ymamnazar böleginden goňşy ýurtda ýerleşýän Akina ilatly nokada çenli böleginde işler alnyp barylýar. Ýoluň ugrunda demir ýol köprüleriniň we beketleriniň ikisiniň gurluşygy amala aşyrylýar. Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demir ýoly halkara ulag gatnawynda möhüm ugur bolmak bilen sebitiň ýurtlarynyň arasynda söwda gatnaşyklaryny ösdürmäge gönükdirilendir. Owganystanda birnäçe bilelikdäki infrastruktura taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi dostlukly ýurduň ykdysadyýetiniň mundan beýläk hem ösmegine güýçli itergi berip, möhüm durmuş meseleleriniň çözgüdini tapmaga, ýurduň ilatynyň zähmet bilen meşgullanmagy üçin iş orunlaryny üpjün etmäge ýardam berer. Taslama ulag infrastrukturasyna Aziýa-Ýuwaş ummany sebitiniň kuw-watly ykdysady merkezleri bolan Hytaý, Hindistan, Pakistan ýurt¬laryna çykýan günorta we gündogar ugurlaryny birikdirmek meselesini hem göz öňünde tutýar. Bu bolsa milli Liderimiziň ählumumy geoykdysa¬dyýetde täzeçil pikirlenmeginiň, onuň strategiki ösüşini öňdengörüjiliginiň aýdyň mysaly bolup, hyzmatdaşlygyň täze, has uly möçberli mümkin¬çilikleriniň döredilmegini aňladýar. Tutuş ykdysadyýetiň düýpli döwrebaplaşdyrylmagy amala aşyrylýan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň halk hojalygynyň her bir pudagy iri möçberli wezipeleri durmuşa geçirýär. Soňky ýyllarda demir ýol önümçilik düzümleri uly ösüşe eýe boldy - täze kärhanalar açyldy, häzirki zaman tehnologiýa ulgamlary satyn alyndy, häzirki hereket edýän düzümler tehnikanyň iň soňky gazananlary bilen enjamlaşdyryldy we olaryň kuwwatlyklary birnäçe esse artdy. Wagonlaryň we teplowozlaryň uly toplumy satyn alyndy, olar uzak ýyllaryň dowamynda okgunly ösýän milli ykdysadyýetiň pudaklarynda ulanylar. Şeýlelikde, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady ösüşiň giň möçberli maksatnamasyna we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan daşary syýasatyna laýyklykda Beýik Ýüpek ýolunyň täzeden dikeldilmeginde, Türkmenistan Berkarar döwleti¬miziň bagtyýarlyk döwründe Ýewraziýa giňişliginde ulag-kommunikasiýa ýollaryny, bütin dünýäde bolsa parahatçylyk, dostluk we ylalaşyk köprülerini gurup, dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň häzirki zaman ulgamyna işjeň goşulýar.

Köneler, Akademik tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir