Ogly: — Kaka, sen teleskop arkaly asmandaky hemme zatlary görüp bilýärsiňmi? Kakasy: — Hawa. — Onuň ýaly bolsa, meniň elimden sypdyran şarlarymyň nirededigini aýtsana. * * * Iki okuwçy bir meseläni çözjek bolýar. — Berdi, ine, seniň penjegiňde dört sany ilik bar, olaryň birini ýolsaň, näçe ilik galar? — Näme, maňa ejemiň käýemegini isleýärmiň? Men iligimi ýolmaryn. — Men meseläni çözjek bolýaryn. Şonuň üçin men seniň penjegiňi mysal edip aldym. — Meseläni özüň düzdüňmi, iligiňi hem öz penjegiňden ýol! * * * — Awçy näme üçin tüpeň atanda, bir gözüni ýumýarka? — Iki gözüni ýumsa, ol hiç zat görüp bilmez ahyry.

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir