Halk arasynda Abu Aly ibn Sina barada dürli rowaýatlar aýdylýar. Dünýä ýurtlarynyň kitaphanalarynda akyldaryň galdyran golýazmalary oňat ýagdaýda saklanyp, olar diňe sanalgy adamlar üçin elýeterlidir. Emma onuň köpsanly ylmy işleri biziň günlerimize taryhy çeşmelerden gelip ýetýär. Akyldaryň aradan çykanyna 100 ýyla ýakyn wagt geçenden soňra, Bagdat şäheňniň esasy meýdançasynda gozgalaňçylar (fanatlar) alymyň köp kitabyny oda ýakýarlar. Ýüzlerçe ýyldan soňra onuň Ýewropada uly meşhurlyga eýe bolan "Lukmançylyk ylmynyň kanunlary" ("Al-Kanun fi-t-tibb") atly kitaby çap edilýär. NÄME ÜÇIN? Kiçijik Hüseýin ýaşlykdan beýleki çagalardan tapawutlanypdyr. Ol hemme zady biljek bolup gyzyklanýan, galjaň çaga bolupdyr. Bir gezek toýundan ýasalan oýunjagyny tötänlikde elinden gaçyrýar, oýunjak döwülýär. Şonda kiçijik Hüseýin ilkinji gezek özüne «Näme üçin?» diýen soragy berýär. Şol günden başlap beýik alym bu sözleri ençeme gezek öz durmuşynda gaýtalaýar. ÝÜZÜK Çagajygyň köp zatlary ýadynda saklap we pikirlenip bilýändigi hemmeleri geň galdyrypdyr. Hüseýin barada bir wakany ýatlaýarlar. Hyzmatkär aýal kiçijik Hüseýine ýüzügi görkezýär we bilmezlikde içi däneli halta gaçyrýar. Şol wagt hem hyzmatkär aýaly Hüseýiniň ejesi bir iş bilen çagyrýar. Hyzmatkär aýal bolsa ýüzügi ýadyndan çykarýar. Şol wagtda hem öýüň hyzmatkärleri haltany däneden dolduryp, ammara eltipgoýýarlar. Ertesi gün gymmatly ýüzük ejesiniň ýadyna düşýär. Öýüň ähli ýerini dörüp çykýarlar, emma ýüzük tapylmaýar. Bu wakada Hüseýiniň ejesi hyzmatkär aýaly günäkärleýär. Hyzmatkär aýaly ogurlykda aýyplap, öýünden kowýar. Muny görüp duran kiçijik Hüseýin eljagazlaryny bulaý-laşdyryp, gaty sesi bilen bir zatlar diýip aglaýar. Onuň näme üçin keýpiniň bozulandygyny hiç kim bilip bilmändir. Ol düşnüksiz bir zatlary gaýtalap, iki günläp aglaýar, emma oňa hiç kim düşünmeýär. Birnäçe gün geçenden soňra çagajyk, uluiar düşüner ýaly, şol bir sözleri gaýtalap, gürläp başlaýar. Onuň ilkinji sözi hyzmatkär aýal, ýüzük we adalatsyzlyk barada bolýar. Ulular, haýran galmak bilen, içi däneli haltany ammardan getirýärler, ýere dökýärler, oglanjygyň aýdýanynyň ýöne ýere däldigini görýärler. Ertesi gün irden hyzmatkär aýaly tapýarlar, ötünç soraýarlar, sylag hem berýärler, emma ol yzyna gaýdyp gelmändir. RUDAKY ŞEÝLE DIÝIPDIR Kakasy Abdyllanyň ýanyna kiçijik Hüseýiniň daýysy myhmançylyga gelýär. Garaňky düşýär, öýde çyra ölügsije ýanyp, jaýyň içine ýagty saçyp dur. Jaýda halynyň üstünde Abdylla we myhmanlar otyrdylar. Abdyllanyň ýanynda bolsa kiçijik Hüseýin otyrdy. Ol geleri myhmanyň we kakasynyň gürrüňini diňleýärdi. Kakasy' kiçijik oglunyň eýýäm birnäçe sözi aýdyp bilýändigini myhmana guwanmak bilen gürrüň berýärdi. Ululary entek ýaňy ýörjen-ýörjen bolan oglanjygyň näme diýip biljekdigi gyzyklandyrýardy. Daýysy özüniň haýsydyr bir tanşy barada gürrüň berjek bolup, Rudakynyň goşgusyndan setir-leh getirýar. Emma şahyryň goş-gusynyň «Kimde-kim ömür ýaşap, durmuşdan akyl öwrenmese» diýen setirini aýdyp, indikisini ýadyndan çykaeýar we huşuna getirjek bolup synariyşýar, ýadyna düşmeýär. Birdenkä kiçijik Hüseýinjik: «Dünýäde hiç bir mugaliym hiç zat öwredip bilmez» diýip, goşgyny dowam etdirýär. «Beýik şahyr Rudaky edil şeýle-de ýazýar» diýip, daýysy tassyklaýar. Daýysy oglanjygyň beýle ukybynyň bardygyna guwanyp, uýasy Sitarany gutlaýar.

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir