Gazanýan ösüşleri, ýetýän sepgitleri bilen dünýäniň ünsüni özüne gönükdiren eziz Watanymyz bedew bady bilen öňe barýar. Ýagny, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda gazanylýan üstünlikler munuň aýdyň subutnamasydyr. Emma “süri agsaksyz bolmaz” diýilşi ýaly şeýle ösüşlere badak atjak bolýan käbir nogsanlyklarada gabat gelinýär. Mysal edip, 2015-nji ýylyň ahyrlarynda käbir raýatlaryň özleriçe pikir ýöredip, 2016-njy ýylda dollaryň, benziniň nyrhynyň ýokarlanjakdygy barada ýaýradan ýalan gürrüňlerini bolar. Häzir 2016-njy ýyla aýak basyldy, käbir döwletlerde bahalar galan hem bolsa öz ýurdumyzda şeýle ýagdaýlar barada bilemzok. Ata-babalarymyz “suw akar, daş galar”, “it üýrer kerwen geçer” diýşi ýaly ýalan gürrüňleri ýaýradýan gybatkeşlere gulak gabartman, her birimiz Watanymyz üçin etmeli borçlaryny birkemsiz ýerine ýetirsek ýurdumyz has hem özgerip, ýalan gybatlara elimiz degmez. Netijede gybatkeşler näçe synanyşsalarda ajaýyp durmuşymyza zeper ýetirip bilmezler.

Köneler, Akademik tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir