Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň täze Işewür toplumy Türkmenbaşy şaýolunyň ugrunda ýerleşýär. Bazar gatnaşyklaryny ösdürmek, öz agzalarynyň kanuny bähbitlerini we hukuklaryny goramak, olaryň milli ykdysadyýetiň dürli pudaklaryny ösdürmäge, onuň häzirki zaman görnüşini döretmäge, ýagny içerki we daşarky bazarlarda ýokary bäsdeşlik ukybyna eýe bolan harytlaryň öndürilişini ýola goýmak üçin öňdebaryjy tehnologik täzelikleriň önümçilige ornaşdyrylmagyna we giňden peýdalanylmagyna esaslanan innowasion görnüşini döretmäge gatnaşmaga ýardam etmek Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň esasy maksatlary we wezipeleri bolup durýar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň işini hukuk esasda üpjün edýän täze kanun hut şu wezipeleri çözmäge gönükdirilendir. Häzirki wagtda birleşmäniň düzüminde kiçi we orta telekeçiligiň işiniň ähli ugurlaryny gurşap alýan bölümleriň altysy bar. Birleşmäniň ýanynda Telekeçilik mekdebi hereket edýär, Mary, Ahal we Daşoguz welaýatlarynda onuň şahamçalary bolup, olarda öz telekeçilik işine täze başlaýan işewürler taýýarlanylýar. Bu ýerde şeýle hem tejribeli telekeçiler üçin ykdysady dolandyryş we hasapçylykda halkara ülňüleri meseleleri boýunça okuw seminarlary guralýar. Ýurdumyzyň telekeçileri döwlet Baştutanynyň “Rysgal” gazetini döretmek baradaky başlangyjyna ilkinji bolup seslendiler. Ol sentýabr aýynda bir ýaşyny belledi. Binagärçilik ýerine ýetirilişi taýdan özboluşly täze desga esasy 15 gatly edara binasyny hem-de oňa degişli 4 gatly binany özünde jemleýär. Olarda söwda merkezi, hyzmatlar ulgamyndaky kärhana, “Toý mekany” restoranlary ýerleşdirilipdir. Işewür toplumda içerki otaglaryň ýaramly meýdançasy 30 müň inedördül metre golaý bolup, onda häzirki zamanyň hem-de milli binagärçiligiň gazananlary we esasy ugurlary şowly utgaşýar. Bina özboluşly yşklar bilen ýagtylandyrylýar, golaýdaky çäklerde bolsa gök zolaga bürenen meýdança ýaýylyp ýatyr. Işewür toplumynyň 15 gatly merkezi binasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň dolandyryş otaglary, “Rysgal” paýdarlar täjirçilik bankynyň otagy, “Rysgal” gazetiniň redaksiýasy, TSTB-niň işewürlik mekdebi ýerleşýär. Binanyň beýleki gatlary birleşigiň agza kompaniýalarynyň edara binalaryna berlipdir. Ulanmaga berilýän bu ajaýyp Işewürlik toplumyny hem ýerli hünärmenleriň taslamasy boýunça «Altyn nesil» hojalyk birleşigi gurdy. Bu Toplumyň gurluşygyna ýurdumyzyň telekeçileri tarapyndan 85 million manat möçberde maýa goýumy goýuldy. Bu ýerde dükanlaryň 30-sy hem-de hyzmatlar ulgamynda hususy kärhanalaryň bäşisi, şeýle hem dört edara binasyny birleşdirýän Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň täze söwda merkezi bar. Aşaky gatda ýöriteleşdirilen “Guş toplumy” we “Başmarket” dükanlary ýerleşýär. Birinji gat harytlaryň dürli görnüşlerine ýöriteleşen dükanlara berlipdir. Ikinji – dördünji gatlarda edara otaglary hem-de hyzmatlar ulgamyndaky kärhanalar ýerleşýär. Gelýänlere amatly bolmagy üçin binada eskalatorlar gurnalypdyr. Bu ýerde diňe bir köp görnüşli önümleri saýlap alman, eýsem, spa salonlara baryp bilersiňiz. Islendik lybasy buýurmaga mümkinçilik alarsyňyz. Azyk senagatynyň hususy kärhanalary özleriniň tagamly kökeleri, miwe içgileri, konditer we şohlat önümleri ýerleşdirilen işdäaçar diwarlyklary bilen ünsüňi özüne çekýärler. Her bir dükan olaryň eýeleri tarapyndan uly yhlas hem-de çeperçilik bilen bezelipdir we ýurdumyzyň telekeçiliginiň ýokary ösüşine şaýatlyk edýär. Şeýle hem bu ýerde “Toý mekany” restoranlary binasy ýerleşýär. 700, 350 we 80 orunlyk restoranlar bardyr. Gündogar zaly tutuşlygyna: köp sanly gündogar arkalary, milli nagyşlar bilen bezelişi, zalyň misli türkmen halylary düşelen ýaly özboluşly düşegi, görnüşi taýdan gyzlaryň gupbasyny ýada salýan kiçi we uly lýustralar, özboluşly aýnalar we diwardaky yşyklandyryjylar bu ýere gelýänleri gündogar ertekilerine atarýar. Kiçi zal ýewropa kluby görnüşinde bezelipdir. Onuň ala reňkde bolmagy, özboluşly yşyklandyryjylar hem-de ojak restorana özboluşly bezeg berýär. 700 orunlyk uly banket zaly köşklere mahsus bolan göwrümliligi bilen tapawutlanýar. Onuň binagärçilik çözgüdinde, bezelişinde hem-de diwar bezeglerinde milli öwüşginler hem-de gurluşygyň häzirki zaman meýilleri sazlaşykly utgaşýar. Bu zalyň gurluşygynda ony ýekeje-de sütünsiz bina etmäge mümkinçilik berýän kämil tilsimatlaryň ulanylandygy bellenilmelidir. Gurluşykçylar topary ýurdumyzyň suratkeş – dizaýnerleri hem-de bezeg işlerinde täze tilsimatlary peýdalanmak bilen banket zalyna özboluşly we gaýtalanmajak öwüşgin beripdirler. Bu zal aýratyn hem uly toý dabaralaryny geçirmek üçin amatlydyr. Şu ýagdaý nazara alnyp, gelnalyjynyň köçeden göni köpçülikleýin bolup milli äheňlerde ýerine ýetirilen esasy girelge gelmegi üçin şertler döredilipdir. Şonuň ýaly hem beýleki zatlar toý şertlerine laýyklykda ýerine ýetirilipdir. Zallaryň ählisi iň döwrebap ses we yşyklandyryş enjamlary bilen enjamlaşdyrylypdyr.

Köneler, TDUmaksat tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir