Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda alnyp barylýan ýurduň içeri we daşary syýasaty durmuşa geçirilýän täze özgertmeler, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň batly gadamlar bilen ösmegine, halkymyzyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagyna alyp barýar. Häzirki wagtda Döwletimiz we Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan daşary ýurt pul syaýasatyny kämilleşdirmek boýunça, içerki daşry ýurt pul bazarynyň ösmegi we berkemegi boýunça, manady erkin ýörgünli daşary ýurt puluna çalyşmagyň şertlerini üpjün etmek boýunça uly işler alnyp barylýar. Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan 2016-njy ýylyň ýanwar aýynyň 04-den manadyň ýeke-täk hümmeti 1 amerikan dollary - 3,51 manat gatnaşykda bellenildi. Manadyň daşary ýurt puluna bolan ýeke-täk hümmetine girizilmegi, milli pulumyzyň hümmetiniň berkemegini, ykdysadyýetimizde daşary ýurt pul dolanyşygynyň kadalaşdyrmagyny, daşary ykdysady gatnaşyklarda işjeňligiň ýokarlanmagyny, daşary ýurt maýa goýumlarynyň çekilmegini, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynyň ykdysady işjeňliginiň ýokarlanmagyny üpjün eder. Döwlet çözgütleriniň durmuşa geçirilmegi netijesinde, manadyň ýeke-täk hümmetiniň öňki ýagdaýda saklanmagy, içerki daşary ýurt pul bazaryna gatnaşýan hojalyk birlikleriniň ähli görnüşleri üçin deň derejeli şertler döredýär. Walýutanyň hümmetiniň öňküliginde galdyrylmagy boýunça geçirilen bu çäreler ilatyň we hojalyk birlikleriniň hemme görnüşleriniň daşary ýurt puluna bolan isleglerini doly derejede kanagatlandyrmaga mümkinçilik döretdi. Munuň özi döwletiň işjeň pul-karz we salgyt-býüjet syýasatynyň netijesidir. Mähriban Arkadagymyzyň alyp barýan parasatly syýasaty netijesinde amala aşyrylýan maliýe-bank ulgamyndaky özgertmeleriň ählisi halkymyzyň hal-ýagdaýyny, ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmaga gönükdirilendir. Bu bolsa “Döwlet adam üçindir!” diýen ajaýyp ýörelgäniň üstünlikli ýerine ýetirilýandiginiň hem-de adam hakdaky aladanyň belentde tutulýandygynyň aýdyň alamatydyr.

Köneler, Akademik tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir