Gün günden gülläp ösýän Türkmenistan döwletimiz Milli Lidermiziň ýolbaşçylygynda 2015-nji ýyly ykdysady taýdan uly ösüşler bilen jemledi we 2015-nji ýyla bedew bady bilen gadam basdy. Täze 2016-njy ýyly Türkmen halkymyz uly ütünlikler, şowhun dabara bilen mynasyp garşy aldy. Bu gün Milli Lidermiziň ýolbaşçylygynda Türkmenistan döwletimizde uly üstünlikler gazanylýar we nesip bolsa 2016-njy ýylda ýurdymyzda gazanylýan üstünlikler dowam etdirilip beýik ösüşler gazanylar. Emma bütin dünýäde ykdysady çökgünligiň dowam edýändigine garamazdan, uly ykdysady ösüşleri gazanýan şeýle ajaýyp asuda ýurtda bagtyýar döwürde ýaşaýandygyna garamazdan käbir raýatlarymyzyň «ABŞ-nyň dollarynyň täze ýyldan kursy üýtgeýärmiş» diýen ýalan gep-gürrüňleri bizi örän gynandyrýar. Ine bu gün 1-nji ýanwar güni täze ýylyň 1-nji güni biz ABŞ-nyň dollarynyň kursunyň ýokarlanmandygyny öz ynamymyz bilen göz ýetirdik. Şonuň bilen birlikde hem gün-günden gülläp ösýän hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň ykdysady taýdan kuwwatlylygyny we milli manadymyzyň hümmetiniň durnuklylygyny ýene bir gezek nygtamak bilen, milli manadymyzyň hümmetiniň ABŞ-nyň dollaryna bolan gatnaşygynyň üýtgemejekdigini dykgatyňyza ýetirýäris.

Köneler, Akademik tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir