2015-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň Bitaraplygynyň 20 ýyllyk şanly baýramçylygyna gatnaşmak üçin iş sapary bilen Türkmenistana gelen Horwatiýa Respublikasynyň Prezidenti hanym Kolinda Grabar-Kitarowiç bilen duşuşygy geçirildi. Iki dostlukly ýurduň döwlet Baştutanlarynyň duşuşygynyň dowamynda teleköpri gurnaldy we Türkmenbaşydaky Halkara portdan Türkmenistanyň buyurmasy boýunça Horwatiýanyň gämi gurluşyk zawodynda gurlan “RO-PAХ” derejeli täze döwrebap gäminiň dabaraly ýagdaýda garşylanşy barada göni gepleşik alnyp görkezildi. Deňiz flotyny ösdürmek ýurdumyzyň ulag syýasatynyň strategiki ugurlarynyň biri bolup durýar we “Bagtyýar” awtomobil-ýolagçy gämisi Horwatiýanyň gämi gurluşykçylary tarapyndan gurlan ikinji gämidir. Şu ýerde bir ýyl mundan öň Horwatiýanyň gämi gurluşykçylary tarapyndan gurlan, ýokary derejeli “Berkarar” gämisini garşylamak dabarasynyň bolandygyny hem ýatlamak bolar. “RO-PAХ” derejeli bu gämileriň ikisi hem Horwatiýanyň Pula şäheriniň “ULJANIK” gämigurluşyk zawodynda guruldy. Enjamlaşdyrylyşy ýokary hil derejede bolan “Bagtyýar” gämisiniň uzynlygy 155,8 metre, ini 17,5 metre, beýikligi 12,2 metre we tizligi 17,6 uzele barabardyr. Düzümine 17 agzasyny, 12 sany hyzmat edýän adamlary alýan bu gämi uly göwrümli agyr ýük göteriji awtoulaglaryň 53 sanysyny we 200 ýolagçyny gatnatmaga niýetlenendir hem-de gäminiň doly ýük göterijiligi 2400 tonna barabardyr. “Bagtyýar” gämisini Türkmenbaşy halkara deňiz menzilinden Azerbaýjan Respublikasynyň paýtagty Baku şäheriniň deňiz menziline, Russiýa Federasiýasynyň Olýa deňiz menziline, Eýran Yslam Respublikasynyň Enzeli we Amirabat deňiz menzillerine deňiz gatnawyna goýmak meýilleşdirilýär. Bu deňiz gatnawlarynyň ýola goýulmagy bolsa Hazarýaka ýurtlardan gelýän syýahatçylaryň hasabyna “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň has-da ösdürilmegine uly mümkinçilikleri döreder. Şeýle hem Türkmenistanyň ulag we aragatnaşyk ulgamlaryny ösdürmegiň 2012-2016-njy ýyllar üçin maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde nebit we nebit önümlerini daşaýan tankerleri, ýolagçy gämilerini we ulag-tirkeg baržalaryny satyn almak göz öňünde tutulýar. Nesip bolsa, häzirki wagtda Türkmenbaşy şäherinde gurulýan täze halkara deňiz porty bolsa geljekde Aziýany we Ýewropany birleşdirýän sebitde iň iri logistika we bölüji merkez bolar.

Köneler, TDUmaksat tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir