Aşgabat, 16-njy noýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynda aşgabatly 21 ýaşly sport ussady Diýar Hojaewi sylaglamak dabarasy boldy. Ol Tolýatti şäherinde geçirilen Russiýanyň Kubogy ugrundaky açyk ýaryşda “Iň çalt gazanylan ýeňiş” boýunça dünýäniň täze rekordyny goýdy. Ildeşimiz tutluşyklaryň birinde 7-nji sekuntda öz garşydaşyndan üstün çykdy. Bu ýaryşda D.Hojaýew 2 altyn we 1 kümüş, jemi 3 medal gazanmagy başardy. Türkmen türgenini gutlamaga hökümet agzalary, Sport baradaky döwlet komitetiniň, Milli olimpiýa komitetiniň, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň ýerine ýetiriji komitetiniň wekilleri, ezber türgenler we tälimçiler, syýasatçylar, talyp ýaşlar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri geldiler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Diýar Hojaýewi 5 müň amerikan dollary möçberinde pul baýragy bilen sylaglamak hakynda Buýrugy dabaraly ýagdaýda okaldy. Gara guşagyň ikinji derejesiniň eýesi (II dan) Diýar Hojaýew hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde türkmen sportunyň belent sepgitlere ýetendigini belläp, milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdi. Soňky birnäçe ýylyň dowamynda ýurdumyzda ýüzlerçe döwrebap sport desgalary bina edildi. Olarda ýaş we zehinli türgenleriň müňlerçesi sportuň dürli görnüşleri boýunça türgenleşik işlerini geçip, öz ussatlyklaryny ýokarlandyrýarlar. Sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýän türgenlerimize döwlet Baştutanymyz tarapyndan uly üns berilmegi türkmen türgenlerini täze üstünliklere ruhlandyrýar. Olar halkara derejesindäki iri ýaryşlarda ýylsaýyn has ýokary netijeleri gazanýarlar. Russiýanyň Kubogy ugrunda Tolýatti şäherinde geçen fudokan – karate boýunça açyk ýaryş muny aýdyň görkezýär. Ol ýaryşda ildeşlerimiz dürli görnüşler boýunça 9 medal – 5 altyn, 3 kümüş we 1 bürünç medal gazandylar. Bu üstünlik ýurdumyzyň milli ýygyndy toparynyň umumy toparlaýyn hasapda hormatly ikinji orny eýelemegine mümkinçilik berdi. Bu üstünlige Türkmenistanyň milli sport we sýahatçylyk institutynyň talyby Diýar Hojaýew uly goşant goşdy. Türkmenstanyň at gazanan tälimçisi Hangeldi Hojaýewiň elinde tälim alýan bu türgen dürli halkara ýaryşlarynda, şol sanda dünýä we Aziýa çempionatlarynda çykyş etdi. Bu jogapkärli ýaryşlaryň hemmesinde diýen ýaly ol hormat münberine çykmagy başardy. Netijede Diýar Hojaýew Türkmenstanyň sport üstünliklerine jemi 43 medal, şol sanda 12 altyn, 15 kümüş we 16 bürünç medal gazanmak bilen mynasyp goşant goşdy. Häzirki wagtda ol özüniň bu üstünilklerine çalt ýeňiş gazanmak boýunça dünýäniň täze rekordyny goşdy. Bu ýeňşi ol fudokan-karatede “uro-mawaşi-geri” 360 gradus öwrülip ýerine ýetirilýän aýak urgusy diýlip atlandyrylýan tilsim bilen, ýagny aýagynyň ökjesi bilen garşydaşynyň kellesine öwrülip urgy geçirmek arkaly gazandy. Bütindünýä fudokan federasiýasynyň ýolbaşçylygynda (WFF) geçrilýän ýaryşlaryň düzgünnamasyna laýyklyda muňa “arassa ýeňiş” hökmünde baha berilýär. Fudokan Gündogar söweş sungaty bolup, onuň müňýyllyk taryhy bardyr. Rowaýata görä, samuraýlar çaga doglanyna bäş ýyl, bäş aý, bäş gün bolan soň bu söweş sungatyny öwretmäge başlaýar ekenler. Diýar Hojaýew hem özüniň ilkinji türgenleşigine hut şu ýaşda çykdy. Soňra ol bir türgenleşigi hem göýbermän, häzirki döwürde Türkmenstanyň adaty karate boýunça milli ýygyndysynyň iň güýçli türgeni diýlip hasaplanýar. Sylaglamak dabarasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar, fudokan-karate boýunça Russiýanyň Kubogy ugrundaky açyk ýaryşda tapawutlanan milli ýygyndymyzyň beýleki türgenleri Rüstem Annaýew, Eýmur Mädeminow, Nurgeldi Annagurbanow, Goçmyrat Gurbanberdiýew, Aýbahar Nurjykowa we Zöhrejan Jumabaýewa daga hem gowşuryldy. Häzirki wagtda adaty karate bilen meşgullanýan türkmen türgenleri ýene bir halkara derejesindäki jogapkärli ýaryşa - 2-8-nji dekabrda Serbiýada geçjek fudokan-karate boýunça dünýä çempionatyna taýýarlyk görýärler. Türgenlerimiziň ol ýaryşda hem ussatlyklaryny görkezip, üstünlik gazanjakdyklaryna ynanýarys. Şu günki çärä gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul edip, onda milli Liderimize sporty ösdürmek meselelerine berilýän üns üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler hem-de halkara giňişliginde türkmen sportunyň abraýyny has-da artdyrmak üçin ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyrdylar.

Köneler, TDUmaksat tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir