Beýazid Bestami 45 gezek haj parzyny ýerine ýetiren we her gün hatim okaýan kethudalardandy. Birgün oturka nebsi ony öwüp, eden ýagşylyklaryny yatladyp bimaza etdi. Beýazid newsiniň şunça ybadatlardan soňam boýun egmedigini görüp ol mekany terk etmegi ýüregne düwýär we ýola rowana bolýar.   Syýahatyň bir gününde bir akylly ruhana duşar bolyar. Ruhany onyň elinden tutup öýüne eltýär. Beýazid bir wagtlyk myhman bolýar we özüne aýrylan otagynda namaza durup ybadata başlaýar. Bir gun öýiň eýesi nahar getirýärka, Beýazidiň: -“Eý newsim ! Seni şunça döwmek isleýän yöne ketjallygyň sebapli döwüleňok” - diýenini eşdip onuň bilen ýakyndan tanyşýar we Beýazide ýüzlenip: -“Käşkä senem İsanyň(A.S) guly bol sadyň” diýýär. Bu sözü agyr görüp Beýazid öýi terk etmek isleýär. Muňa öý eýesi, 40 gün soňky bayramçylyklaryna çenli galmagyny we şol günki geljek myhmanyň etjek wagyz nesihatyna gatnaşmagyny isleyär. Beýazid, her işiň bir hikmedi bardygyny bilip razy bolyar.   40 gün geçenden soň, diýlen gün hem gelýär. Beýazidi myhman alan öý eýesi, Beýazidi öz eşikleri ýaly geýindirip,  müňe ýakyn ruhanylary bolan bir märäkä eltýär. Ruhanylar üýşüp oturýalar we garaşylýan, hormatly myhman hem gelip, salamlaşyp ýerine otyrýar. Esli wagt geçýär ýöne başruhanydan ses çykanok, dymýar. Oturanlar munuň sebäbini soraýar:    -“Eý başruhany! Näme üçin geplaňzok ?”                -“Araňyzda bir Muhammet ymmaty bar.” Oturanlar gazaply aýaga galyp:                -“Görkeziň ony, wagt ýitirman parçalaly.” Muňa başruhany olara, eger zat degmejeklerini söz berseler görkezjegini aytýar. Oturanlar ylalaşýalar. Başruhany, Beýazidi ýanyna çagyrýar we ona, razy bolsa ylmyny barlamak üçin birnäçe sorag sorajakdygyny aytýar. Başruhany soraglara başlaýar:   -“Aýt, ikinjisi bolmaýan täk, -üçünjüsi bolmaýan iki, -dördünjüsi bolmaýan üç, -bäşinjisi bolmaýan dört,... on üçünjüsi bolmaýan on ikiler,bular nämedir?'' Baýazid muňa:   -''Diňle,ikinjisi bolmaýan deňi taýy bolmaýan Allahdyr, -üçünjüsi bolmaýan iki - gije gündizdir, -dördünjüsi bolmaýan üç - talakdyr, -bäşinjisi bolmaýan dört - Zebur,İnjil,Töwrak,Gurhany Kerimdir, -yedinjisi bolmaýan alty - yeriň,gögüň ýaradylan alty günidir, -sekizinjisi bolmaýan ýedi - yedi gat göklerdir, -dokuzynjysy bolmaýan sekiz - kyýamat güni arşy saklaýan sekiz perişdedir, -onunjysy bolmaýan dokuz- dokuz aýlyk aýalyň göwrelik wagtydyr, -onbirinjisi bolmaýan on - on ýyllap Hz.Musa(A.S)-yň Hz.Şuayb(A.S)-a çopanlyk etmesidir, -on ikinjisi bolmaýan onbir - Hz.Yusub(A.S)-yň onbir doganydyr, -on üçünjisi bolmaýan on iki bolsa - on iki aýdyr '' -diyip jogap beripdir. Başruhany ýene sorapdyr:   -“Daşdan kim ýaradyldy, kim daşyň içinde saklandy we daş bilen kim heläk edildi?” Beýazid jogaplap:   -''Hz.Salyh(A.S-)yň düýesi daşdan ýaradyldy, -Ashafy Kehf daşda saklandy, -daşlar bilen Käbäni ýykmaga gelen Ebrehäniň pilleri heläk edildi.''  Başruhany ýene sorapdyr:    -''Jennetde iýilýar, içilýar ýöne täret bozulmaýar,muňa meňzeş ýagdaý dünyäde barmy?'' Beýazid jogaplap:   -“Bardyr, ene garnynda iýiler, içiler ýöne täret ýokdur.” Şuňa meňzeş ençeme soraglar soran başruhany ahyry soraglaryny tamamlaýar. Beýazid hem öz gezeginde, şonça beren bir näçe soraglaryndan soň bir sorag sorajakdygyny aýtýar. Baýazid-Başruhana ýüzlenip:   -“Jennediň açary näme? Sekiz jennediň üstinde ýazylgy?” Başruhany ýüzü üýtgap bir sellem dymýar.Oturanlar muňa gahary gelip  -''Eý Başruhany! Siz nije soraglar berdiňiz, emma Muhammet ummatyndaky soraglara jojap tapdy, ýöne size  ýekeje sorag soralanda dymýaňyzmy,ýeňilýäňizmi?'' diýenlerinde başruhany bulara :   -“Eger jogabyny aýtsam yzymdan gaýtalarsyňyzmy ?  Oturan beýleki ruhanylar:   -“İnjiliň haky üçin size uýarys.” diýýaler,başruhany hem:   -“Jennediň açary -Lä İlähe İllallah,Muhammeden Rasulullah-dyr” -diýýär” diýen jogaby eşden ruhanylaryň ählisi kelemäni çöwürip musulman bolupdyrlar. Baýazid hem olara Yslamy öwretýär we syr, hikmet şeýlelik bilen çözülýär.                 

Köneler, YaSwami tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir