Şu ýylyň 9-njy oktýabrynda Hazaryň kenarynda Hormatly prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda uly ruhubelentlik bilen bellenilýän Türkmenistanyň Harby-deňiz güýçleriniň güni mynasybetli dabaralar geçirildi. Geçirilen dabaralaryň çäginde ýurdumyzyň goranmak ministrliginiň Harby-deňiz institutynyň täze binalar toplumynyň açylyp, ulanylmaga berilmegi aýratyn şatlykly waka boldy. Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkedebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýadawsyz aladalary netijesinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe goranyş häsiýetli harby doktrinamyza laýyklykda, döwletimiziň milli goşuny, şol sanda harby-deňiz güýçleri iň döwrebap söweşjeň tehnikalar we enjamlar bilen yzygiderli üpjün edilýär hem-de maddy-enjamlaýyn binýady has-da pugtalandyrylýar. Hormatly prezidentimiz tarapyndan kabul edilen “ Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Harby-deňiz güýçlerini ösdürmegiň 2015-nji ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyna” laýyklykda, häzirki wagtda Harby-deňiz güýçleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, deňiz çäklerimizi yygtybarly goramak, deňizçileriň netijeli gulluk etmekleri, olaryň döwrebap bilimli bolmaklary, häzirki zamanyň harby tehnikalaryna, enjamlaryna we söweşjeň harby gämilerine başarjaň erk etmekleri üçin döwletimiz tarapyndan ähli şertler döredilýär. Geçirilen dabaralaryň soňunda Türkmenistanyň prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkedebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow harby-deňiz institutynyň maslahatlar zalynda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňeldilen göçme mejlisini geçirdi we harby hem-de hukuk goraýjy düzümleriniň ýolbaşçylarynyň hasabatlary diňledi. Berkarar Watanmyzyň Baş baýramy bolan Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 24 ýyllyk toýuna taýarlygyň giňden ýabaňlanýan günlerinde Türkmenistanyň harby-deňiz güýçleriniň gününiň hormatly prezidentimiziň özüniň gatnaşmagynda uludan baýram edilmegi, ýurdumyzyň ähli raýatlaryny, şol sanda harby-deňiz güýçleriniň ähli şahsy düzümini çäksiz buýsandyrdy we olaryň eziz Watanmyza bolan mukaddes söýgüsüni hasda beýgeltdi.

Köneler, TDUmaksat tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir