Essalamaleýkum gadyrly we hormatly agzalar biler bolsaňyz gürbanlygyň başlamazyndan öň ýany ministrlikleriň pudak edaralarynyň başlyklaryna işgär sanlaryny azaltmak barada görkezme geldi. Türkmenistanyň ministrlerine degişli pudak edaralaryny gysgaltmak barada, geçen aýlarda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýygnagynda birinji sapar gysgalmak barada aýdylanda, pudak edaralardaky pensiýa ýaşyna ýeten we boş duran wakansiýa wezipeleri gysgaldyldy. Emma bu birinji ýagdaýdaky ýaly işgärleri gysgaldylsada pudak edaralara bölünýän pul möçberi gaty bir üýtgemänsoň, döwletiň baştutanyny kanagatlandyran däl bolsa gerek. Ikinji gezek işgärleri gysgaltmak barada görkezme berilende ortaça pudak edaralaryň sanowyny 55% göterim azaltmak barada pudak edaralaryň ýolbaşçylaryna görkezme berilipdir. Emma effektiw derejede işgär sanyny azaltmak derejesi düzülmänligi sebäpli, edaralaryň hünärmenleriniň nädogry gysgaltmak netijesinde pudak edaralar ýapylmak howpy bar we geljekde ony dikeltmek geljekki nesilimize başardyp bilmez diýen pikirler öňe sürilýär. Munyň sebäbi bilim sistemasynda ullakan reformlar geçirmeli, esasan bilim pudagynda korrupsiýa we okuw kitaplarynyň türkmen diline terjime edilip bilinmeýändigi we ýetişmeýändigi, oňa bolan geleňsizligi sebäpli, şeýle hem çäre grafikasyny dogry ulanyp bilmeýänligi sebäpli, hünärmenler gutaryp gelselerde pudak edaralarynda işe özbaşdak işlap bilmeýärler, şonuň üçinde 100% göterim täze hünärmen ozal işlap ýören ökde hünärmene bagly bolup durýar. Eger-de ýokary okuw sistemasy ýerlikli we ýeterlikli taýynlap bilsedi, ýokary we orta okuw sistemasyny gutaryp gaýdan hünärmen baran edarasyna taýyn işläp bilýän işgär höküminde garalardy. Häzirlikçe 100 göterim hünärmen edaradaky hünärmenlere bagly bolup durýar. Ikinjiden Edarada, dogrydanda işini ýüzleý, hatda asla bilmeýän işgär gelip aýlyk alyp bilýän halatlary bar. Ýagny öz işini bilmeýän işgär, başga bir işgäriň işläp pudak edara getirýän umumy girdejisinden aýlyk alyp arkaýyn işläp gezip ýör, ýeke çärelere gatnaýan diýmese. Aslynda onsuzam klasifikasýaly ökde hünärmenleriň ýetmeýänligi sebäpli edaralar zoordan pensionerleriň we pensiýa ýaşyna ýetip barýan hünärmenlerine bagly bolup dur, şol sebäpli kä halatlarda pudakdaky bölümler ýapylýaram. Köp edalarda ors hünärmenleri işleýär, ähli pudaklar türkmen diline geçilsede, ors hünärmenleri işletmek zerur bolup durýar, munuň sebäbem “kadyrlar syýasatynyň” meselesini entegem çözülmän galanlygydyr.Pudak edaralarda tanyş we biliş bilen geçenleriň sany az däl, sebäbi jaý nobaty 50% -me berilýänligi sebäpli, hünärine gabat gelmesede işlemek mejburlygynda bolýar. Işgärleri gysgaltmakda dogry ugur alyp gysgaldylmasa we iş başarmaýan hünärliň sany işläp bilýän hünärmenden az bolman köp bolsa, pudak edaralar ýapylyp geljekde açyljagam betgüman bolynar, şeýle hem pudak edaralar effektiw däl gysgaldylsa, döwlete peýdaly edaralaryň ýapylmagy bilen, daşary ýurtdan hünärmenlerden mätäçlik çekerler we geljekde ýeke daşary ýurt hünärmenlerine bagly bolar, şol bir edýän işlerimiz, daşary ýurt hünärmenleri “gyzyl pula”, walýutamyza köp aýlykly işde işletmegimiz mejbury bolarys. Umuman çylşyrymly sorag, gerekmejek hünärlerem bar bolsada, olaryň arasynda gerekli hünärmenleri aýyrmak bilen bize nämeler garaşar ? Daşary ýurtda okap gelen hünärmenler döwleti dikeldip biler, emma olardan bihak ummasyz para pul talap edilende, alynmaz ýaly we netijeli egzamen geçirilsedi, Şu zatlar barada piki edip görüpdiňizmi ?

Köneler, YaSwami tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir