Gurban sözi arapçadan terjime edilende, ýakynlaşmagy aňladýan “k r b” kök işliginden ýasalan bolup, sözlükde Allatagala ýakynlaşdyrýan zat” diýen manyny berýär. Kuranda Hezreti Adam atanyň iki oglunyň Allatagala beren gurbanlary-da bu işlik bilen getirilýär. Olaryň biriniň mal-garadan, beýlekisiniň bolsa ak ekinden gurban berendigi hakynda aýdylýar. Il içinde aýdylýan “gurbanyň bolaýyn”, “janym gurban bolsun” we “gurbanyň gideýin” ýaly sözler-de “gurban” sözüniň sözlükdäki ulanylyşydyr. Gurhanda Hezreti Adam atanyň iki oglunyň Hudaý ýoluna gurbanlyk berendigi barada agzalyp geçilýär. Bu gurbanlygyň ýer ýüzündäki ilkinji gurbanlyk bolan bolmagy ýa-da olaryň öz kakalaryndan öwrenip, gurbanlygy ýerine ýetiren bolmaklary mümkin. Şeýlelikde, gurbanlyk bermek dessurynyň Adam atamyzdan bäri berjaý edilip gelinýänligi aýan bolýar. Gur­ban baý­ra­my Ys­lam älemi­niň hij­ri-ka­ma­ry ýyl ha­saby­na gö­rä Zil­hij­je (Gur­ban aýy) aýy­nyň 10-13-nji günlerin­de ge­çi­ril­ýän baý­ra­my­dyr. Ku­ran-y Ke­rim­de aý­dy­ly­şy ýa­ly, bu baý­ram hez­re­ti Yb­ra­ýy­myň sün­ne­ti hök­mün­de bel­le­ni­lip ge­lin­ýär. Gurbanlyk Re­su­lal­lah (s.a.w.) tara­pyn­dan il­kin­ji ge­zek hij­re­tiň bi­rin­ji ýy­lyn­da Me­di­ne­de Al­lahyň em­ri dog­ru­syn­da äh­li möminle­re baý­ram hök­mün­de yglan edil­ýär we bu gün­ler­de baýram na­ma­zy­ny oka­mak we gurban­lyk kes­mek wa­jyp ky­lyn­ýar. Ku­ran-y Ke­ri­miň iň köp üs­tün­de dur­ýan we hö­küm­le­ri­ni kes­git­län baý­ra­my bo­lan Gurban baý­ra­my, de­giş­li ha­dys­laryň ha­bar ber­me­gi­ne gö­rä, ýy­lyň iň ga­dyr­ly gü­nü­dir ýa-da ha­ýyr taý­dan are­fe gü­ni bi­len deň­dir. Are­fe gü­ni we Gur­ban baý­ra­my gün­le­ri esa­syn­da Ys­la­myň parzla­ryn­dan bi­ri bo­lan haj ybada­ty­nyň wagt­la­ry­dyr. Gur­ban baý­ra­my, hez­re­ti Yb­ra­ýy­myň og­ly Ys­ma­ýy­ly (a.s.) gur­ban et­mek is­län, Je­nab-y Ha­kyň-da bir uly goç ibe­rip, ony ha­las eden gü­nün­de bel­len­ýär. Bu baý­ram­da Yb­ra­ýym py­gam­be­re goý­lan hor­mat ar­typ, Al­lah ug­run­da ja­ny we ma­ly pi­da et­mek­de, bu ýol­da sa­byr we mert­lik gör­kezmek­de ola­ryň nus­ga al­ma­ly­dy­gy ýe­ne bir ge­zek ýat­lan­ýar. Re­su­lal­lah (s.a.w.) baý­ram ýe­ri­ne ge­len­le­ri gut­lap, baýram na­ma­zyn­dan soň­ra sa­da­ka hem sow­gat­lar be­rer eken, be­rilme­gini ün­där we bu berlenle­riň gü­näle­riň ba­gyş­lan­ma­gy­na se­bäp bol­jakdygyny aý­dar eken. Gur­ban kes­mek maddy hal-ýag­da­ýy ýe­rinde bo­lan­lar üçin wa­jyp bo­lan bir di­ni jo­gapkär­çi­lik­dir. Gur­ban kes­me­giň so­ga­by ba­ra­da so­ran bir sa­ha­ba söý­gü­li Py­gam­be­ri­miz: “Gur­ba­nyň her bir gy­ly üçin bir so­gap bar­dyr” di­ýip jo­gap ber­ýär. * Al­la­nyň ra­zy­ly­gy üçin ke­si­len gur­ban­lyk ahy­ret­de ge­çil­me­si kyn bo­lan sy­rat köp­rü­sin­de eýe­si üçin mü­nel­ge bol­jak­dyr. Gur­ban­lyk mal Gur­ban baý­ra­my­nyň bi­rin­ji, ikin­ji we üçün­ji gün­le­rin­de ke­sil­ýär. Bi­rin­ji gün­de ke­sil­me­gi has so­gap­ly­dyr. Gur­ban kes­me­giň wag­ty baý­ram na­ma­zy­nyň okal­ma­gyn­dan soň­ra­dyr. Öz adyň­dan gur­ban­lyk kes­me­gi baş­ga bi­ri­ne hem tab­şyr­mak müm­kin. Ýag­ny, gur­ban yba­da­ty­ny ber­jaý et­mek is­le­ýän ki­şi öz ady­na gur­ban­lyk jan­ly­ny sa­tyn al­mak we kes­mek üçin ynam­dar bi­ri­ne we­kil­lik be­rip bi­ler. Sy­gyr we dü­ýä­ni ýe­di ki­şä çen­li şä­rik bo­lup kes­mek müm­kin­dir. Em­ma go­ýun we ge­çi­ni di­ňe bir adam gur­ban ke­sip bi­ler, bu­lar üçin şä­rik bol­mak dog­ry ha­sap­lan­ma­ýar. Sy­gyr ýa-da dü­ýe ma­ly­na şä­rik bol­ýan­la­ryň äh­li­si hem gur­ban­lyk ni­ýe­ti bi­len şä­rik bol­ma­ly, ara­la­ryn­dan bir ki­şi hem et al­mak ni­ýe­ti bi­len şä­rik­li­ge go­şul­ma­ly däl­dir. Hormatly Prezidentimiziň aladasy netijesinde däp-dessurlarymyz we urp adatlarymyz has giňden öwrenilýär. Bu Gurban baýramy babatda-da şeýledir. Soňky ýyllarda bu baýrama täze öwüşgin berlip, ol has giňden bellenilýär. Pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimizi we ähli halkymyzy Gurban bayramy bilen gutlaýarys. Mukaddes Gur­ban aýynda berlen gurbanlyklar, edilen dilegler kabul bolsun! http://ertir.com/#blog.php?view=122398&api=0.7302485633769815

Köneler, TDUmaksat tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir