Bir aýal öýünden daşary çyksa, gapyda çuw ak sakgallar dölerine ýetip duran üç sany garry adama gözi düşdi. Ol adamlary tananokdy. Garypdyrlar, aç bolaýmasyn diýip içini gepletdi; - Sizi tanamogam welin, açsyňyz. Geliň, öýmüze giriň, garnyňyzy doýuruň. - Öýüň erkegi öýdemi? – diýyip garrylar sorady. - Ýok, öýde däl - Onda biz içeri girmeris – diýip öýüň bakjasynda oturmaga dowam etdiler. Agşam äri işden gelende aýal bolup geçenler barada gürrüň berdi. Äri olary öýe çagyrmagy buýurdu. Aýaly garrylara seslenip öýe çagyrdy. Olar bolsa şeýle geň jogap berdiler: - Biz üçimiz birlikde bir öýe girmeýäris. - Näme üçin? Garrylaryň biri söze başlady. Ýoldaşlarynyň birini görkezip « munuň ady Baýlyk » diýdi. Soňra beýlekisini görkezip, « bu bolsa Şatlyk , meniň adym bolsa Kanagat. Indi öýe girip äriň bilen maslahatlaş, haýsymyzy içeri alýaňyz.» Aýaly içeri girip ärine bolanlary gürrüň berdi. Äri begenjinden guş bolup uçdy: - Beýle bolsa olary bize Alla ýollapdyr. Derrew baýlygy çagyr, öýümiz baýlykdan dolsun. Aýaly bolsa oňa garşy çykyp – Näme üçin Şatlygy çagyramzok. – diýdi. Är aýal özaralarynda jedelleşip durkalar ara akylly gyzlary goşuldy. - Meniň pikrime görä Kanagady çagyrmak gerek. Är aýal biraz pikirlenip dogrudanam Kanagady çagyrmaly diýip gyzlarynyň pikirini makulladylar. Aýaly ýene-de daşary çykyp ; - Biz Kanagadyçagyrýarys. Haýsyňyz Kanagat? Kanagat ýerinden turup, öýe tarap ýöräp başlady. Şol wagt beýleki iki garry hem ýerinden turup Kanagadyň yzyna düşüp başlady. Geň galan aýal Baýlyk bilen Şatlyga sorapdyr: - Men diňe Kanagady çagyrypdym siz nirä gelýäňiz. Garrylar bolsa şeýle jogap berdiler: - Şatlygy ýa-da Baýlygy çagyran bolsaňyz, ikimiz daşarda garaşjakdyk. Kanagady çagyranyňyz üçin biz hem gelýäris. Sebäbi kanagat bolsa, şol ýerde baýlygam, şatlygam bolýar. Kanagat gutarmaýan hazynadyr, şatlygyňam gözbaşy kanagatdyr.

Köneler, TDUmaksat tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir