Ýene-de sen hakdaky oýlar bilen ikiçäk otyryn. Hemişekiler ýaly, ýene-de seň bilen derdinişesim geldi... Sen gideňsoň, men ýalňyzdygyma has beter göz ýetirdim. Bu gelen güýzde baglardan tänýän sary ýapraklar, göýä, sensiz geljegimiň ýowuz buşlukçysy ýaly... Ýapraklaryndan jyda düşen çüw-ýalaňaç baglar meň çolaran durmuşyma kybapdaş... Birden-birden demligim gysylyp, ýüregimi bir gara güýç mynçgalaýan ýaly... Göýä, depämden asman inip gelýän ýaly, ýygy-ýygydan hopukýan... Bir-birege pikirler, bir-birege gatnaşyk, bir-birege garaýyşlar üýtgese-de, saňa bolan duýgym hiç üýtgemedi. Gan ýuwudyplar öldüresim geldi bu duýgyny, bolmady... Herhal, meni bir zat köşeşdirýär: Sen tanyşan günümizden aýralyk gününe çenli meni öz aladalaň bilen gurşap aldyň. Seň aladalaň astynda ýaşamak şeýle bir lezzetlidi. Şo lezzet indi gursagymda dowamly sanja öwrülip, müdimilik ýer etdi. Henizem guşlar sen hakda saýraýar. Suwlar sen hakda pyşyrdaýar. Ýagyşlar seň sesiň bolup şabyrdaýar. Güller seň ysyňy ýatladyp bark urýar henizem. Güýz gijesinde çyg düşen ýapraklar seň iň soňky duşuşykdaky ýaş damjalary ýol ýasan ýüzüňi ýatladýar... Hawa, bu gün ýene-de, hemişekiler ýaly, seň bilen derdinişesim geldi...

Köneler, TDUmaksat tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir