Gündogaryň dünýä beren taýsyz pelsepeçisi Omar Haýýamy, onuň-da: «Dünýä tegelegi bir ýüzük bolsa, Ynsandyr bezegi, zynaty, gaşy» diýen rubagy setirlerini bilmeýän adam az-azdyr. Akyldar bu setirlerinde «Dünýä» diýip atlandyrýan ýaşaýyş mekanymyzy gymmaty, göz gamaşdyrýan gözelligi bilen bezeýän närsäniň ynsanlardygyny tekrarlaýar. Bu pikiri biz dürli döwürleriň dürli dünýägaraýyşly akyldarlarynyň pikirlerinden-de tapyp bilýäris. Mysal üçin, Protogor adamy ähli zatlaryň ölçegi hökmünde kesgitlän bolsa, Didro adamy iň ýokary gymmatlyk, Ýer togalagynda medeniýetiň ähli gazananlaryny ýeke-täk dörediji, Älemiň paýhas merkezi, özünden bat alynýan we ýene-de şoňa gaýdylyp gelinýän ugur alyş pellehana hasaplaýar. Uzyn sözüň gysgasy, tebigatyň iň kämil närsesiniň adamzatdygy jedelsiz hakykat. Şeýle bolansoň onuň hukuklarynyň hem eldegrilmesiz bolup, berk goraglylygy talap etjekdigi öz-özünden düşnükli bolsa gerek. Adam hukuklary diýlende, adatça, raýatyň ýaşamaga, azat ömür sürmäge bolan hukugy, howpsuzlygy, eýeçilik, beden hem-de ruhy eldegrilmesizligi, şahsyýetiň mertebesi, şahsy we maşgala syrlary hem-de başga hukuklary degişli bolup durýar. Ynsanyň bu hukuklary biziň döwletimiziň milli kanunçylygynda-da giň beýanyny tapýar. Esasy Kanunymyza görä, döwlet özüniň her bir raýatynyň öňünde jogapkärdir. Ol şahsyýetiň erkin ösmegi üçin şert döredilmegini üpjün edýär; raýatyň janyny, namysyny, mertebesini we azatlygyny, şahsyýetine eldegrilmesizligini, tebigy hem mizemez hukuklaryny goraýar. Milli Konstitusiýamyza laýyklykda, döwletimizde adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramagyň kepili bolup çykyş edýän hormatly Prezidentimiziň: «Adamy hemmetaraplaýyn goramak, goldamak, oňa hyzmat etmek bolsa häkimiýet edaralarynyň baş wezipesi bolmagynda galýar» diýen parasatly sözleri-de Watanymyzda ynsan goragynyň berkligini görkezýär. Netijede, döwletimizde adam mertebesini has hem ýokary göterip, onuň mizemez hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmekde, kanun bozulmalarynyň öňüni almakda hem-de jemgyýeti demokratiýalaşdyrmagyň ýolunda aýgytly ädimler ädilýär. Muňa milli Liderimiziň adam hukuklarynyň garaşsyz institutlar tarapyndan goralmagyny kämilleşdirmek ugrundaky aladalary-da aýdyň şaýatlyk edýär. Ine, anyk delil: döwlet Baştutanymyz şu ýylyň başynda deputatlar bilen geçiren duşuşygynda «Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil hakyndaky» Kanunyň taslamasyny taýýarlamagyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi we onuň ähmiýetini şeýle düşündirdi: «Adam hukuklaryny goramak boýunça wekiliň instituty örän uly ähmiýete eýedir. Şeýle borçlar üstüne ýüklenen institut döwlet dolandyryş edaralarynyň jogapkär işgärleriniň öz wezipe ygtyýarlygyndan hyýanatçylykly peýdalanmagyna, eden-etdilikli hereketlerine garşy göreşýän, gözegçilik edýän edaralaryň arasynda möhüm orny eýeleýär. Şeýle institutyň döredilmegi döwlet bilen raýatlaryň arasyndaky gatnaşyklarda, adalatyň üpjün edilmeginde täze sahypany açar diýip pikir edýärin». Şunça gepiň kellesini agyrdyp, nygtamak islän pikirimiz şu: milletine, diline, dinine we beýleki aýratynlyklaryna garamazdan, ynsany ynsanlygy üçin söýmek, sylamak biziň ynsanlyk borjumyz. Çünki birek-biregiň bähbidine hormat goýmak ynsanara gatnaşyklaryň esasy şerti. Şu şert berjaý edilip saklanylýan her bir hyzmatdaşlygyň ömri uzyn, netijeliligi ýokary bolýar. Alyp barýan içeri syýasatynda «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer ýörelgä, daşary syýasatynda hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna, oňyn bitaraplyk taglymatyna eýerýän Türkmenistan döwletiniň barha rowaçlanýan ösüşleri munuň iň aýdyň subutnamasy.

Köneler, TDUmaksat tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir