Parasatly sözleriň ençemesiniň aşagyna möhürini basan dana pederlerimiziň naýbaşy jümleleriniň biri-de «Obasy abadyň — kowumy salamat» diýen nakyl bolsa gerek. Bu sözleriň üýtgeşik täsirliliginiň syry, meger, onda ynsanyýetiň müňýyllyklarboýy arzuw edýän parahat durmuşynyň salgysynyň barlygynda bolsa gerek. Dünýä biziň umumy öýümiz! Biziň bagtyýar durmuşymyz onuň parahat aýlanmagyna bagly. Şonuň üçin-de gojaman Zeminiň asuda dem almagy tutuş ynsanyýetiň arzuwy. Şol arzuwy wysala gowuşdyrjak hem hut adamzadyň özi. Ata-babalarymyzyň asudalyk taglymaty bolan Bitaraplyk hukuk derejämiz türkmeni bu isleglerine ýetirdi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe parasatly Liderimiziň baştutanlygynda Bitaraplyk syýasaty bilen Türkmenistan tutuş ynsanyýetiň ýagty ertirlerini nazarlaýar. Bu tagallalaryň ähmiýetine düşünmek hem düşündirmek habar beriş serişdeleriniň işgärleriniň iň esasy borjy.

Köneler, TDUmaksat tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir