Berkarar döwletimizиň хер бир güni uly taryhy wakalara, toý-baýramlara beslenýär. Diýarymyz gün-günden gözelleşýär, Jennet mekanyna öwrülýär. “Türkmenistanyň Prezidentiniň оbalaryň, şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş durmuş şertlerini ösdürmek boýunça 2020-nji ýyla çenli Milli maksatnamasy“ 2010-njy ýylyň 26-njy iýulynda kabul edildi. Bu maksatnama ýurduмызыň raýatlarynyň durmuş derejesini mundan beýläkde gowulandyrmakda Mähriban Prezidentimiziň yglan eden “Döwlet adam üçindir!” diýen gysga, emma çuň manyly şygaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmekde kabul edilen мöхüм ähmiýetli Milli maksatnamadyr. Лебап велаятыныň Саят эtrabyнda ilatyň ýaşaýyş durmuş şertlerini gowulandyrmak maksady bilen gurlup ulanylmaga berlen we gurluşygy alnyp barylýan binalaryň sany gaty kän. 2012-nji ýylda gurulyp ulanylmaga berilen Saýat şäherçesindäки sport mekdebiniň, 2013-nji ýylda açylan 600 orunlyk 20-nji orta mekdebiň we etrap saglyk öýüniň, 2014-nji ýylда açylan 600 orunlyk 21-nji orta mekdebiň, Mülk geňeşliginiň Gyzan obasynda gurulan 150 orunlyk çagalar bagynyň açylmagy uly şatlyk-şowhunly dabaralara beslendi. Olarda körpejelere we okuwçylara ösen ýokary tehnologiýalardan peýdalanyp, dürli usullarda döwrebap bilimdir terbiýe berilýär. Ýurdumyzyň bedew bady bilen okgunly öňe barýan döwründe ýaşlaryň ruhy we beden taýdan sagdyn bolmagy ugrundaky aladalar hem birjik-de ünsden düşenok. Bu ösüşler Milli Liderimiziň ýurdumyzy sagdynlygyň we ruhybelentligiň ýurduna öwürmek, sagdyn ýaşaýyş ýörelgelerini giňden durmuşa ornaşdyrmak ugrunda alyp barýan asylly işleri netijesinde gazanylýar. Watanymyzyň bedenterbiýe we sport ulgamynda ýeten belent sepgitlerine biziň etrabymyzyň türgenleriniň hem mynasyp paýynyň bardygyny belläp geçesim gelýär. Yenede Saýat etrabynyň Saýat şäherçesinde we Görelde daýhan birleşiginde täze ulanylmaga beriljek mekdepleriň gurluşygy dowam edýär. Etrabymyzda gurlup ulanylmaga berilýän il bähbitli döwlet ähmiýetli binalara halkymyzyň buýsanjynyň çägi ýok. Çünki ýaşlara dünýä ülňilerine laýyklykda döwrebap bilim-terbiýe bermek, ylymyň ähli ugurlary boýunça hünärli giň gözýetimli ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek meselesi bu gün döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrildi. Milli Maksatnamanyň çäklerinde Saят şäherçesinde 200 orunlyk medenýet öýüniň gurluşygy алнып барыляр. Bu medeniýet öýünde medeniýet işgärleri etrabymyzyň ilatyna ruhy lezzet paýlarlar, medeni- köpçülikleýin, baýramçylyk çärelerini geçirerler. Mähriban Prezidentimiz halkymyzyň saglygyny ähli zatdan ýokary goýýar. Ýerlerde halkymyzyň arassa agyz suwy bilen üpjün edilmegi, raýatlarymyzyň sporт bilen meşgullanmagy üçin sport mekdeplerinden peýdalanmak ýaşlary sagdyn-durmuş ýörelgesi esasynda terbiýelemek şol alada ýugrulandyr. Arkadagaymyzyň gurup berýän binalaryny synlamak bilen kalbyňa buýsanç setirleri gelýär: Bu gün Türkmenime dolandy döwran, Garaşylan ajap eýýam gelendir, Berkarar döwletim, Bagtyýar döwrim, Arzuwlanan zaman wysal bolandyr Hem artýar gurulýan binalaň sany, Ýurdum gözelleşýär jennet mysaly, Diýar öňe barýar bedew at ýaly, Garaşylan ajap eýýam gelendir “Döwlet adam üçindir” baş şygary, Muňa haýran bütin ýurtlaryň bary, Jan watanym diňe sen öňe sary, Garaşylan ajap eýýam gelendir. Jemgyýetimiziň iň gymmatly hazynasy bolan raýatlarymyzyň saglygy, olaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak üçin gije-gündiz alada edýän Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, başynyň dik, il bähbitli, ýurt ähmiýetli alyp barýan tutumly işleriniň elmydama rowaç almagyny dileýäris. Saýat etrabynyň 4-nji orta mekdebiniň kitaphana müdiri Gunça Hudaýberdiýewa.

Köneler, Akademik tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir